GARAŞSYZLYK — BAKY BAGTY TÜRKMENIŇ
12-09-25
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygyndan rowaç alyp, bedew bady bilen şöhratly geljege tarap öňe barýan Garaşsyz Türkmenistan bu gün ata-baba arzuw-yhlaslary siňen garaşsyz döwletde asuda asmanyň astynda, parahat durmuşda ýaşaýar. Bu gün halkymyzyň erkanalyk, garaşsyzlyk duýgulary Watan ykbaly bilen sazlaşyp, bagtyýar geljege röwşen nuruny saçýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmeniň belent ykbally geljegi bolup, ýaşaýyş mukamynyň şirin owazyna öwrülip, jümle-jahana ýaň salýar. Bagtyýar milletiň ykbaly hem-de kalby bolup gülleýän Garaşsyz Türkmenistanyň at-owazasy bu gün dünýä dolýar. Garaşsyz türkmen döwletiniň abraýyny, milli medeniýetiniň we sungatynyň şan-şöhratyny jümle-jahanda dabaralandyrýan Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň mertebesi halkara jemgyýetçiliginiň öňünde täze belentliklere göterilýär.
Beýik Garaşsyzlyk taryhy ýollary gahrymançylyga beslenen gaýduwsyz hem merdana türkmen halkynyň asyrlarboýy ýüreklerde beslän arzuw-umytlarynyň, islegleriniň amala aşmagydyr, milli ruhunyň täzeden dabaralanmasydyr. Şol sebäpli-de, türkmen halkyny berkarar döwletlilige, sowulmaz döwranlylyga, ykbal çözüji özbaşdaklyga ýetiren Garaşsyzlygyň şanly senesi halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şol senäniň özbaşdak Türkmenistan döwletiniň bagtyýar geljegine aýdyň şugla saçmagy tebigy kanunalaýykdyr. Garaşsyzlyk — türkmen ruhunyň we mertebesiniň dabaralanmasydyr. Garaşsyzlyk — halkyň bakylygydyr we bagtyýar ertirine, müňýyllyklara uzaýan ak ýoludyr. Garaşsyzlyk — halkyň millet hökmünde dünýä döwletleriniň arasynda ykrar edilmesi. Taryhyň synaglarynda başy belent bolan, geçmişi şan-şöhrata beslenen edermen türkmen halky bu gün Garaşsyzlygyň gymmatyna düşünip, oňa mukaddeslik hökmünde baş egýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halky ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygyny Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda uly dabara bilen belläp geçer. Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen döwletiniň binýadynyň berkden tutulmagynda, Watan ykbalynyň täze belentliklere göterilmeginde, özbaşdaklygyň erkin şemalyndan rowaç alyp, gülläp ösmeginde çuňňur watansöýüjiligiň nusgasyny görkezýär hem-de ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryny, berkarar döwletlilik baradaky ynamlaryny dabaralandyrýar.
Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň at-abraýyny dünýä ykrar eden, halklar arasynda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerinden ugur alýan hyzmatdaşlygyň ösmegine giň ýol açyp, dünýäde we sebitde hoşniýetli gatnaşyklary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdýarys.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Annabaýram ŞAMUHAMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyñ öwreniji mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.