Milli medeniýetiň ösüş ugurlary

18-06-25

Türkmenistanyň Prezidentiniň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli medeni mirasymyzyň gymmatlyklarynyň, däp-dessurlarymyzyň, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimiziň düýpli öwrenilmegi we kämilleşdirilip, halkymyza ýetirilmegi ugrunda yzygiderli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda şahyryň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirilýär. Ýurdumyzda Medeniýet hepdeligi her ýyl geçirilýän we garaşylýan wakadyr. Türkmenistanyň dürli künjeklerinden sungat we medeniýet işgärleri ýeten döredijilik sepgitlerini hem-de üstünliklerini görkezýärler. Geçen ýyl Medeniýet hepdeligi Arkadag şäherinde geçirilipdi.

Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň medeni ojaklarynda, medeni-dynç alyş edaralarynda halkymyza medeni taýdan hyzmat etmegiň häzirki zaman mümkinçilikleri, kämil iş usullary yzygiderli ornaşdyrylýar. Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda obalarda we şäherlerde yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýän medeniýet öýleriniň häzirki zaman ajaýyp binalarynda hünärmenleriň döredijilikli işlemekleri, ilata medeni taýdan hyzmat etmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz medeniýet hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerini kämilleşdirmek boýunça geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň ähli ugurlarda, şol sanda ykdysady pudaklarda gazanýan uly üstünliklerini wagyz etmekde hem-de beýan etmekde, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, durmuş syýasatyny amala aşyrmakda hem-de türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny,  däp-dessurlaryny çuňňur öwrenmekde we giňden wagyz etmekde medeniýet ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň aýratyn ornunyň bardygyny belläp geçdi.

Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda halkymyzyň medeni baýlyklaryna sarpa goýulmagyny üpjün etmek, şahsyýetiň ruhy hem-de ahlak taýdan kemala gelmeginiň esasy ugurlaryny kesgitlemek, durmuş we ykdysady ösüşlerde medeniýetiň täsirini has-da güýçlendirmek esasy wezipeler hasaplanylýar. Şunuň bilen baglylykda, medeni gymmatlyklaryň ilat üçin elýeterliligini mundan beýläk hem giňeltmek, türkmen jemgyýetinde bolup geçýän oňyn özgermeleri beýan etmek, gazanylan üstünlikleri wagyz etmek, halkyň medeni däplerini, adatlaryny we dessurlaryny saklamak we ösdürmek, kitaphanalara, muzeýlere, teatrlara we beýleki edaralara goldaw bermek we olary maliýeleşdirmek medeniýeti ösdürmegiň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň bu maksatlaýyn işinde häzirki zaman innowasion tehnologiýalary giňden peýdalanmak, hususan-da medeniýet ulgamlarynda, ýagny ýurdumyzyň teatrlarynda, kitaphana we muzeý ulgamlarynda we beýleki medeni ojaklarynda sanly intellektual tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna we ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ulgamlaryň sanlylaşdyrylmagynyň esasy maksady, kitaphanalaryň, muzeýleriň, teatrlaryň, maksatlaýyn işini döwrebap gurnalmagyny, ýerli ilata, şol sanda daşary ýurtly syýahatçylara ýokary intellektual we medeni derejelerine laýyk gelýän maglumatlaryň ýaýradylmagyny, ýurdumyzda jemgyýetiň elektron maglumat tehnologiýalaryndan habarly medeniýetini kemala getirilmegini üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň wagyz edilmeginde milli emeli hemramyzyň we sanly telewideniýäniň, şeýle hem ýylyň ýylyna gurlup ulanylmaga berilýän innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen kitaphanalaryň, teatrlaryň we muzeýleriň giň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar.

Ýurdumyzda bolup geçýän gündelik täzelikleri, ykdysady üstünliklerimizi tizara halk köpçüligine ýetirmekde hem-de türkmen medeniýeti, däp-dessurlary barada gyzykly maglumatlara baý, çeper beýan edilen taslamalaryň many-mazmunyny kämil derejede açyp görkezmekde tejribeli hünärmenleri taýýarlamak işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda bilim ulgamyny hil taýdan döwrebaplaşdyrmak maksady bilen mekdepleriň okuw derslerine Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti ýaly hünärleriň öwrenilmeginiň girizilmegi bellärliklidir. Ýurdumyzda ýaşlaryň öwrenýän daşary ýurt dilleriniň sanawynyň artmagy bolsa ýaşlarymyzy dünýä medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.  

Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmegiň esasy wezipeleriniň hatarynda türkmen halkynyň maddy däl medeni mirasyna degişli gymmatlyklary öwrenmek, ýüze çykarmak işlerini dowam etdirmek we olaryň esasynda maglumat saklaýjy çeşmeleri taýýarlamak işleri hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işler 2015-2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli maddy däl medeni mirasyny ýygnamak, hasaba almak, öwrenmek we goramak baradaky döwlet maksatnamasy esasynda, ýörite döredilen topar tarapyndan alnyp baryldy. Şeýle hem, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda döredilen ÝUNESKO boýunça Milli toparynyň ilkinji ýygnagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda 2021-2023-nji ýyllar üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň taslamasynyň tassyklanandygy we ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmegi boýunça türkmen däp-dessurlarynyň täze teklipleriniň  2021-nji ýylyň ahyryna  kesgitlenendigi bellärliklidir. Hususan-da, dutar ýasamak üçin senetçiligiň dünýä ähmiýetini, ony çalmagyň aýdym-saz ýerine ýetirişini we bagşy sungatyny, halkymyzyň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewlerini seýislemek hem-de türkmen alabaýlaryny köpeltmek sungatyny  şeýle hem bu guramanyň özara gatnaşyklarynyň çäklerinde işler meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, ÝUNESKO-a  Dehistan, Nissa. Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly türkmen şäherleriň arasynda Beýik ýüpek ýolunyň esasy ugurlarynda ýerleşýän ýadygärlikleriň toparyny hödürlemek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda ýakyn geljekde goşulmak üçin ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň Ählumumy ulgamyna girmek üçin dürli döredijilik ugurlaryndaky birnäçe türkmeniň  şäherlerini taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Mysal üçin, Aşgabady “Dizaýn” döredijilik babatda, Türkmenabat şäherini “Senetkärçilik we halk döredijiligi” ulgamynda, Mary şäherini “Edebiýat” ulgamynda  hödürlemek teklip edilýär. Munuň özi, halklaryň arasynda parahatçylyk we özara düşünişmek üçin Türkmenistanyň bitaraplygynyň we medeniýetiniň aýdyň beýany bolar.

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda Konwensiýany ykrar etmek bilen,  türkmen halkynyň döreden medeni gymmatlyklarynyň diňe miras derejesinde galman, jemgyýetçilik durmuşynda işjeň orunda saklanyp, nesilden-nesle geçmegi baradaky çäreleri ýaýbaňlandyrýar. Alymlaryň, medeniýet ulgamynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda ýerlerde ekspedisiýalaryň barşynda türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli maddy däl medeni mirasyny toplamak, hasaba almak, öwrenmek, gorap saklamak, baý maddy däl medeni mirasyň gymmatlyklarynyň geljekki nesillere elýeterli bolmagyny üpjün etmek maksady bilen halkyň arasynda saklanyp galan gadymy däp-dessurlarymyz barada baý maglumatlar ýygnalyp öwrenilýär hem-de olar barada dünýäniň ylmy jemgyýetçiligini tanyşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. 2015-nji ýyldan bäri “Görogly” epiki sungatynyň, “Nowruz milli baýramçylygy” atly multinominasiýa faýlynyň, “Küştdepdi” aýdym we tans dessurynyň, şeýle hem  2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisinde türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa, türkmen sungatynyň tutuş dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar edilmegine, halkymyzyň ruhy-medeni mirasynyň düýpli öwrenilmegine, gadymy däplerimiziň we gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanylmagyna ýardam berdi.

Her ýyl ýurdumyzda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!”, “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly meşhur sazandalary, estrada ýerine ýetirijileri we sungat ussatlaryny, zehinli çagalary birleşdirýän  bäsleşikleri maddy däl medeni mirasymyzyň ösdürilmeginde uly ähmiýete eýe bolup durýar.

Ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda alnyp barylýan işleri has-da netijeli ýola goýmak hem medeniýet ulgamynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, “Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş esasynda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde netijeli işler alnyp barylýar. Mysal üçin, Ahal welaýatynyň çäginde, orta asyrlara degişli Abiwerd, Paryzdepe, Şähryslam ýaly meşhur ýadygärliklerde gazuw agtaryş işleriniň geçirilmegi netijesinde ençeme täsin gymmatlyklar tapyldy. Ýurdumyzyň çäklerinde geçirilen arheologiýa gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan taryhy-medeni gymmatlyklar welaýatlaryň muzeýlerine berilip, dabaraly tanyşdyryş çäreleriniň geçirilmegi esasynda halkyň dykgatyna ýetirildi.    

Hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynyň hukuk binýadyny mundan beýläk-de berkitmekde “Biz halkyň kalby hasaplanýan medeniýeti ösdürmäge, ata-babalarymyzdan gelýän milli mirasymyzy gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga we giňden wagyz etmäge, ýaş nesillerimizi watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklyk ruhunda terbiýelemäge mundan beýläk-de uly üns bereris. Bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça işleri yzygiderli dowam etdireris” diýip  nygtady.

Umuman, şahsyýetiň we döwletiň ösüşiniň, jemgyýetiň bitewüliginiň ruhy-ahlak esasy, şeýle hem raýatlary ýurdumyzyň we dünýäniň medeni we tebigy mirasy bilen tanyşdyrmagyň esasy hökmünde medeniýetiň ileri tutulýan ugurlarynyň durmuşa geçirilmegi halkymyzyň aň-bilim gözýetimini has-da baýlaşmagyna, ýurduň raýatlarynyň ruhy sagdynlygyny ösdürilmegine, olaryň öz başarnyklaryny, maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam eder.

Oguljemal ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mikrobiologiya kafedrasynyň mugallym owrenijisi.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.