Awtomobil ulaglary pudagy

24-12-20

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyzyň her güni üstünliklere beslenýär. Bu üstünlikler ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň geçen 25 ýylynda ýetilen sepgiter ýylyň-ýylyna artýar. Bu döwürde ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda ulag we kommunikasiýa toplumynyň «Türkmenawtoulaglary» agentliginde hem uly üstünlikler gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň awtomobil ulaglary ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen dünýä belli kompaniýalaryň önümleri bolan ýokary hilli ýolagçy awtobuslar, ýeňil taksi awtoulaglary we ýük awtoulaglary yzygiderli satyn alynýar hem-de döwrebap binalar we desgalar gurulýar.

Häzirki wagtda pudagyň ulaglar parkynyň düzümini «Iran Khodro», «Hyundai», «Toyota», «PAZ», «Kamaz», «Yutong» kompaniýalarynyň kämil awtobuslary, ýeňil we ýük awtoulaglary düzýär.

Hormatly Prezidentimiziň kararlaryna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Bereket we Serdar şäherlerinde 100 orunlyk awtomenzil we 70 orunlyk awtoulag kärhanasy, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesinde 100 orunlyk awtomenzil, Aşgabat şäherinde Halkara awtomenzili gurlup ulanmaga berildi.

Berkarar döwletimiziň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, 2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ak patasy bilen paýtagtymyzda ulanmaga berlen Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkezi ýurdumyzyň ilatynyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talaba laýyk kanagatlandyrmaga, ýurdumyzyň myhmanlaryna we ilatyna edilýän awtoulag hyzmatlarynyň hilini we medeniýetini has-da ýokarlandyrmaga, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, şeýle hem awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamaklygyň we gaýtadan taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmaga we bu işleri döwrebaplaşdyrmaga uly ýardam berýär hem-de Agentligiň kärhanalarynyň işgärleri üçin oňaýly iş şertleri döredýär.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň buýurmasy boýunça bina edilen sebitde we ýurdumyzda iri we tehnologiýa taýdan üpjünçiligi boýunça öňdebaryjylaryň biri bolan bu häzirki zaman ulag toplumy 600 müň inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýär we birnäçe kärhanalaryň desgalaryny, şol sanda Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyny, Awtomobil mekdepleriniň birşeşigini hem-de «Awtoulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüji daşary syýasatyndan ugur alyp, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we ulag ulgamyndaky köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugurda degişli işler alnyp barylýar. Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky («Aşgabat jarnamasy») hem-de Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakyndaky («Lapis-Lazuli») ylalaşyklaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan 18 döwlete, ýagny Owganystan, Azerbaýjan, Gruziýa, Türkiýe, Eýran, Täjigistan, Özbegistan, Gazagystan, Päkistan, Belarus, Russiýa, Gyrgyzystan, Ermenistan, Ukraina, Latwiýa, Ruminiýa, Sloweniýa we Bahreýn ýaly ýurtlaryň Awtomobil ulgamlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hakynda hem ylalaşyklar gazanyldy. Şeýle hem awtoulag boýunça ýurdumyz ýedi sany halkara konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň agzalyklaryna saýlanandygyny belläp bileris.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşygynda Hazarýaka döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada öňe sürlen teklipleri we bu duşuşykda kabul edilen çözgütleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň degişli kararyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde, «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtosergisini hem-de hazarýaka döwletleriniň ulag ministrleriniň duşuşygy ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alýan parahatçylyk söýüji daşary syýasatyna laýyklykda, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we ulag ulgamyndaky köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmek maksady bilen, Hormatly Prezidentimiziň degişli kararyna laýyklykda,  2018-nji ýylyň noýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Halkara ulag maslahaty ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde, Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýolagçy awtomenzili hem-de Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezinde, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde we Mary welaýatynyň Mary şäherinde elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançasyny gurmak bellenip, bu wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ähli ugurlarda sanly ulgama geçmek baradaky tabşyryklaryna laýyklykda Aşgabat şäherinde we welaýatlardaky awtobuslarda nagt däl görnüşli elektron töleg ulgamy (walidator) ornaşdyryldy, ýeňil taksi awtoulaglaryny internet ulgamynyň üsti bilen sargyt etmek hyzmatlar ýola goýuldy, paýtagtymyzdan ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyrylýan şäherara we şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslaryň ýol peteklerini internet ulgamynyň üsti bilen satyn almak hyzmatlary elýeter edildi, Aşgabat şäherindäki kärhanalarynyň hasabyndaky döwrebap awtobuslarda, ýeňil taksi awtoulaglarda, ýük awtoulaglarda we welaýatlardaky kärhanalaryň hasabyndaky döwrebap ýük awtoulaglarda GPS/Glonass ulgamy ornaşdyryldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyzyň her güni üstünliklere beslenýär. Bu üstünlikler ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň geçen 25 ýylynda ýetilen sepgiter ýylyň-ýylyna artýar. Bu döwürde ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda ulag we kommunikasiýa toplumynyň «Türkmenawtoulaglary» agentliginde hem uly üstünlikler gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň awtomobil ulaglary ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen dünýä belli kompaniýalaryň önümleri bolan ýokary hilli ýolagçy awtobuslar, ýeňil taksi awtoulaglary we ýük awtoulaglary yzygiderli satyn alynýar hem-de döwrebap binalar we desgalar gurulýar.

Häzirki wagtda pudagyň ulaglar parkynyň düzümini «Iran Khodro», «Hyundai», «Toyota», «PAZ», «Kamaz», «Yutong» kompaniýalarynyň kämil awtobuslary, ýeňil we ýük awtoulaglary düzýär.

Hormatly Prezidentimiziň kararlaryna laýyklykda, Balkan welaýatynyň Bereket we Serdar şäherlerinde 100 orunlyk awtomenzil we 70 orunlyk awtoulag kärhanasy, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesinde 100 orunlyk awtomenzil, Aşgabat şäherinde Halkara awtomenzili gurlup ulanmaga berildi.

Berkarar döwletimiziň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, 2020-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ak patasy bilen paýtagtymyzda ulanmaga berlen Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkezi ýurdumyzyň ilatynyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talaba laýyk kanagatlandyrmaga, ýurdumyzyň myhmanlaryna we ilatyna edilýän awtoulag hyzmatlarynyň hilini we medeniýetini has-da ýokarlandyrmaga, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, şeýle hem awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamagyň we gaýtadan taýýarlamakgyň derejesini ýokarlandyrmaga we bu işleri döwrebaplaşdyrmaga uly ýardam berýär hem-de Agentligiň kärhanalarynyň işgärleri üçin oňaýly iş şertleri döredýär.

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň buýurmasy boýunça bina edilen sebitde we ýurdumyzda iri we tehnologiýa taýdan üpjünçiligi boýunça öňdebaryjylaryň biri bolan bu häzirki zaman ulag toplumy 600 müň inedördül metrden gowrak meýdany eýeleýär we birnäçe kärhanalaryň desgalaryny, şol sanda Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyny, Awtomobil mekdepleriniň birşeşigini hem-de «Awtoulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüji daşary syýasatyndan ugur alyp, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we ulag ulgamyndaky köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugurda degişli işler alnyp barylýar. Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky («Aşgabat jarnamasy») hem-de Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakyndaky («Lapis-Lazuli») ylalaşyklaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan 18 döwlete, ýagny Owganystan, Azerbaýjan, Gruziýa, Türkiýe, Eýran, Täjigistan, Özbegistan, Gazagystan, Päkistan, Belarus, Russiýa, Gyrgyzystan, Ermenistan, Ukraina, Latwiýa, Ruminiýa, Sloweniýa we Bahreýn ýaly ýurtlaryň Awtomobil ulgamlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hakynda hem ylalaşyklar gazanyldy. Şeýle hem awtoulag boýunça ýurdumyz ýedi sany halkara konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň agzalyklaryna saýlanandygyny belläp bileris.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki duşuşygynda Hazarýaka döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürmek we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada öňe sürlen teklipleri we bu duşuşykda kabul edilen çözgütleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň degişli kararyna laýyklykda, 2019-njy ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde, «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtosergisini hem-de hazarýaka döwletleriniň ulag ministrleriniň duşuşygy ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alýan parahatçylyk söýüji daşary syýasatyna laýyklykda, halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we ulag ulgamyndaky köpugurly halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmek maksady bilen, Hormatly Prezidentimiziň degişli kararyna laýyklykda,  2018-nji ýylyň noýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Halkara ulag maslahaty ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde, Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýolagçy awtomenzili hem-de Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezinde, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde we Mary welaýatynyň Mary şäherinde elektron enjamlar bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançasyny gurmak bellenip, bu wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ähli ugurlarda sanly ulgama geçmek baradaky tabşyryklaryna laýyklykda Aşgabat şäherinde we welaýatlardaky awtobuslarda nagt däl görnüşli elektron töleg ulgamy (walidator) ornaşdyryldy, ýeňil taksi awtoulaglaryny internet ulgamynyň üsti bilen sargyt etmek hyzmatlar ýola goýuldy, paýtagtymyzdan ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyrylýan şäherara we şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslaryň ýol peteklerini internet ulgamynyň üsti bilen satyn almak hyzmatlary elýeter edildi, Aşgabat şäherindäki kärhanalarynyň hasabyndaky döwrebap awtobuslarda, ýeňil taksi awtoulaglarda, ýük awtoulaglarda we welaýatlardaky kärhanalaryň hasabyndaky döwrebap ýük awtoulaglarda GPS/Glonass ulgamy ornaşdyryldy.

Giňişleýin maglumat okamak üçin «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi saýtyna ýüzlenip bilersiňiz:

https://www.awtoulag.gov

15-01.jpg
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW:

– Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda Döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiniň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr.