Arkadag şäheri — şöhratly döwrüň dowamaty

19-04-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzda il-ýurt bähbitli alnyp barylýan döwletli işleriň gerimi barha artýar. Täze şäherde gurlan belent binalary görenimizde hem ýurdumyzyň gülläp ösüşi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin amala aşyrylýan beýik işleriň aýdyň şaýady bolýarys.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ösüş biziň alyp barýan syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip, buýsançly belleýär. Döwlet Baştutanymyz Gahryman Arkadagymyzyň gurmak, döretmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatdaky ajaýyp işlerini üstünlikli dowam etdirýär. Bu aýdylanlara täze, döwrebap edara ediş merkezi aýdyň subutnama bolup durýar. Täze döwrebap merkezine «Arkadag şäheri» adynyň dakylmagy hem ähli türkmenistanlylaryň ýüreginde egsilmez buýsanç duýgularyny döretdi. Belent Köpetdagyň eteginde bina edilen bu ajaýyp hem-de tutuş sebit boýunça deňsiz-taýsyz döwrebap «akylly şäher» Gahryman Arkadagymyzyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy gülledip ösdürmek, halkymyzy ýokary durmuş şertlerinde ýaşatmak baradaky tagallalary esasynda guruldy.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de şäher gurluşygy we binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehini bilen täze şäherde häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralary we beýleki binalar gurlup ulanylmaga berilýär. Täze şäherde gurluşyk işleri iki tapgyrda amala aşyrylyp, onuň birinji tapgyry jemi 336 desgany öz içine alýar. Olaryň içinde mekdepler, çagalar baglary, metjit, çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, saglyk öýi, onkologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, köpugurly hassahana, «Tiz kömek» merkezi hem bar.

Bu ýerdäki möhüm desgalaryň mynasyp atlandyrylmagy bolsa, esasy wakalaryň biridir. Täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi» diýlip atlandyrylmagy, merkezi seýilgähdäki belent sungat binasyna döwrümiziň görnükli syýasatçysy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň — Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylmagy we onuň «Arkadag Binasy» diýlip atlandyrylmagy, Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy we onuň «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy» diýlip atlandyrylmagy, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, watançy, edermen esger, ilhalar ynsan, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhamet Annaýewiň adynyň dakylmagy ýokarda aýdylanlara mysaldyr.

Ýurdumyzda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip atlandyrylmagy döwletimizde Watanymyzyň şan-şöhratyny belende göteren halypalarymyzyň asylly işlerini döwrebap dowam etdirýän ýaşlar barada hem uly aladalaryň edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Türkmen halkynyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak barada deňsiz-taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyga beslensin!

Hüseýin ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.


BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.


169c969169252b.jpeg
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary

Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.