“TÜRKMENIŇ AK ÖÝI” BINASY
25-06-21
Lebap welaýatyna iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat merkezinde gurlan täze gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu bina Türkmenabadyň täze binagärlik gymmatlygyna öwrüldi. Şäheriň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň hem-de Alty Garlyýew köçesiniň çatrygynyň golaýynda peýda bolan bu ägirt uly durmuş-medeni maksatly desga milli Liderimiziň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda guruldy.
Milli Liderimiz bäş welaýatyň we paýtagtymyzyň hormatly ýaşululary we kümüş saçly eneleri bilen bilelikde, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär we täze ajaýyp binany açýar. Bu bina döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdelerini ulanmak arkaly guruldy. Binanyň içki bezegi özboluşlylygy hem-de milli öwüşginleri bilen tapawutlanýar. Desganyň bezeginde haly gölleri, türkmen ak öýlerine mahsus bolan bezeg usullary ulanyldy.
“Türkmeniň ak öýi” uly toplumdan ybaratdyr. Ol özüne sadaka jaýyny, dürli çäreleri geçirmek üçin niýetlenen açyk meýdançany, awtoduralgany, tehniki bölümi we beýleki desgalary birleşdirýär. Binanyň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi. Bu ýerde pürli hem-de bezeg agaç nahallarynyň köp sanlysy oturdyldy, bina barýan ýol çekildi. Täze desga bilen tanşanyndan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tomaşalar jaýyna bardy. Şol ýerde bu ajaýyp waka mynasybetli Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. “Türkmeniň ak öýünde” emele gelen ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy türkmenistanlylaryň günsaýyn rowaçlanýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanyna hakyky buýsanjynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde “Alkyş Size, Arkadag!” atly aýdym ýaňlandy. Bu aýdym türkmen halkynyň özüniň milli Lideri bilen bitewüdigini aýdyň görkezdi.
Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz Watanymyz deňsiz-taýsyz üstünliklere we ösüşe eýe boldy. Konsert tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Bu ýerde milli Liderimize “Türkmeniň ak öýi” binasynyň şekili sowgat berildi. Şu günki waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynda gurlan “Türkmeniň ak öýüne” täze awtoulag serişdesini sowgat berdi.
Han MAMEDKULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.