Bilimli ýaşlar — ýagty ertirleriň eýesi
24-12-25
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ählitaraplaýyn ösýän Watanymyz bu gün ylym ýolunda hem täze şöhle saçýan ösüşleriň, özgerişleriň gujagynda ýaşaýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bagtyýarlyga beslenen günlerinde «Ylymly il ozar» diýen paýhasa uýýan halkymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň öz höwes edýän hünäriniň ussady bolmaklary üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilendir.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda ylym-bilime berilýän ünsüň güýçlenýändigi, milli ylym-bilim ulgamyny halkara ülňülere laýyk ösdürmek babatda anyk we netijeli çäreleriň amala aşyrylýandygy äşgär görünýär. Dünýä derejeli ylym-bilim ulgamynda bolsa häzirki döwürde öňe sürülýän ýörelgeler az däl. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan bilim syýasatynda bu babatdaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, dünýäniň ösen ylym-bilim ulgamlarynyň tejribelerini öwrenmek we özleşdirmek maksady ileri tutulýar.
Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň daşary ýurtlara döwlet saparlary mahalynda ylym-bilim babatdaky ylalaşyklara uly orun berilýändigi munuň aýdyň mysalydyr. Ylalaşyklarda ýokary bilim baradaky resminamalary özara ykrar etmek, akademiki alyş-çalyşlary guramak, ýokary bilim berlişini kämilleşdirmekde bilelikdäki taslamalary taýýarlamak ýaly birnäçe özara bähbitli çäreler göz öňünde tutulýar. Ýokary okuw mekdepleriniň özara göni hyzmatdaşlygy talyplary hünärlere taýýarlamagyň nazary we amaly taýdan has kämilleşdirilmeginde, tejribeleriň baýlaşdyrylmagynda örän ähmiýetlidir. Munuň özi hünärmenleri ýurdumyzyň ykdysady we ynsanperwer ösüşleriniň zerurlyklaryna we talaplaryna laýyk taýýarlamakda uly mümkinçilikdir. Sebäbi milli bilim ulgamy ylmy taýdan esaslandyrylan usulyýetleri işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde giň hem-de düýpli tejribä eýedir. Halkara ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi şol tejribäni döwrüň talaplaryna görä ösdürmekden we dünýä ülňülerine uýgunlaşdyrmakdan ybaratdyr.
Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem her bir döwletde ylym-bilimiň ösmegi zerurdyr. Binanyň berkliginiň binýadyň mäkämligine baglydygy bize durmuş hakykatyndan mälimdir. Binýat näçe berk, oýlanyşykly goýulsa, gurýan ymaratymyz hem şonça gaýym hem ajaýyp bolar. Ýaş nesliň ylym-bilim binýadynyň berkden tutulmagy hem ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň kepilidir.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň gözbaşynda ylym-bilimiň goýulmagy, bu ugurda dünýäniň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugra aýratyn ähmiýet bermegi bilen ähli ösüşleriň pugta binýadyny düzýän ylym-bilim ulgamynyň işi döwrüň talabyna görä, dünýä ülňülerine laýyk derejede yzygiderli kämilleşdirilýär. Aýratyn hem, bu ulgamda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar tejribelerine, sanly bilime we sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilmegi öňegidişligiň gazanylmagyny has-da işjeňleşdirdi.
Ýaşlary goldamak baradaky wezipeleriň hatarynda ýaş raýatlara bilimleri ele almagyň, ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligiň elýeterli bolmagy, iş bilen üpjün edilmegi, telekeçilik işlerinde giň mümkinçilikleriň açylmagy, olaryň işine maýa goýumlaryň gönükdirilmegi ýaly derwaýys meseleler göz öňünde tutulýar. Maglumat tehnologiýasynyň döwrebap tejribesiniň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamlaryna, jemgyýetçilik durmuşyna giňden ornaşdyrylýan döwründe bilim we hünär taýýarlygy ýokary ýaşlaryň zähmetine we aň-düşünjesine zerurlyk hem artýar. Munuň özi ýurdumyzda ýokary we orta hünär mekdeplerinde-de bilim berlişini döwrüň talaplaryna görä ýokary derejede kämilleşdirmegi talap edýär.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli bilim ulgamy ähli ösüşlerimiziň binýady hökmünde hemişe kämilleşdirilýär we döwrebaplaşdyrylýar. Bilim syýasatyna ileri tutulýan ugur hökmünde garalýar. Bu işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has belent derejelere çykýar. Bilim ýaşlar syýasatynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ösüşiň esasy ugurlarynyň birine öwrülýär. Bu nurana geljegimiziň ygtybarly kepilidir.
Goý, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny hemme taraplaýyn ösdürip, ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary üçin taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ogulkeýik ANNAMUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň müdiri.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.