TÄZE DÖWÜR – KÄMIL ÝAŞLAR

19-05-23

Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyñ hem barha dabaralanmagy biziñ döwrümize, ýaş nesillerimize bolan buýsanjymyzy has-da goşalandyrýar. Ýurdumyzda durmuşyň ähli ugurlarynda, şol sanda ylymda, bilimde, sungatda, ylmy özüne siňdiren önümçilik ugurlarynda hem ýaşlaryň hünärine ussat bolmagyny gazanmak üçin gerek bolan şertler döredilýär. 

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyñ VII gurultaýynda eden çykyşynda: “Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Bagtyýar ýaşlarymyz halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler” diýip belledi. Bu taryhy çykyşda aýdylan sözlerden hem görnüşi ýaly, ata Watanymyzyñ şu güni we geljegi, ajaýyp ösüşleri ýaş türkmenistanlylaryñ şahsyýeti, durmuşy we zähmeti bilen baglanyşdyrylýar.

Hakykatdan hem ýaş nesil halkyň ertirine bolan ynamyny, geljegine bolan garaýyşyny berkidýär. Nesliň kemally, döwre mynasyp bolup ýetişmegi bolsa ak ertirleriñ röwşenliginden, öwüşgünliliginden habar berýär.

Ata-babalarymyzyñ nesil terbiýesi, olaryň il-halka, ýurda wepaly şahsyýetler bolup ýetişmekleri hakyndaky aladaly ýörelgeleriniñ dowam etdirilýän zamanasynda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyñ kämil kanunçylyk binýady emele geldi. Ýaş raýatlaryñ hukuklary we azatlyklary milli kanunçylygymyz arkaly kepillendirilýär. Geçen ýylda hormatly Prezidentimiziñ ýolbaşçylygynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyñ Kanunynyñ rejelenen görnüşiniñ kabul edilmegi bolsa bu ugurdaky hukuk esaslarynyñ binýadyny has-da berkitdi.

Milli Geñeşiň we jemgyýetçilik wekilleriniñ bilelikdäki mejlisinde Milli Liderimiz hem öz taryhy çykyşynda bular dogrusynda belläp geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň: “Biziň ösüşlerimiz, ata Watanymyzyň berkararlygy, ýurdumyzyň asudalygy, il-günümiziň abadançylygy ýaşlarymyza baglydyr. Men türkmen ýaşlarynyň bu belent ynamy ödejekdiklerine berk ynanýaryn” diýen sözleri türkmen ýaşlarynda uly ruhubelentligi, maksadaokgunlylygy, ynamy ödemek hakdaky düşünjeleri has-da pugtalandyrýar. Munuň özi ýaşlaryñ jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny giňeltmäge itergi berýär.

Halypa-şägirt gatnaşyklary ýurdumyzda kemala gelýän hünärmenleriň ýaş nesliniň täzeçil oýlanmak, pikir ýöretmek ukybyny ösdürmelidir. Munuň üçin ata-babalarymyzyň halypa-şägirtlik tejribelerine ýüzlenip, olaryň bize goýup giden medeni mirasyny çuňňur öwrenmelidiris. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarymyz üçin halkymyzyň ruhy mirasyny, däp-dessurlaryny öwrenmek, olara eýermek aýratyn wajypdyr.

Ýaş nesil täze gymmatlyklary döretmekde, ilki bilen, halkyň we adamzadyň köpasyrlyk taryhy-medeni däp-dessurlarynyň döwrüň öňe süren talaplary bilen yzygiderli baglanyşygyň esasynda kemala gelýändigine, hut şu ýerde gazanylan sazlaşygyň ösüşlerimiziň içerki iteriji güýjüni düzýändigini bilmelidir. Şol güýç, öz gezeginde milli ykdysadyýetiň häzirki ösüş ýolunyň we işewürlik ulgamynyň ygtybarlylyk derejesiniň has ýokarlanmagyna gerekli esaslary berkidýär. Ine, şonuň üçin jemgyýetiň ruhy dünýäsiniň kämilleşmeginde halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen nusgalyk ruhy-ahlak, pikir-aňyýet gymmatlyklarynyň saklanyp, täze derejelere çykarylmagy ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwlete öwrülmeginiň wajyp şerti bolar. Ýurduň häzirki we geljekki ösüş ugurlaryny kesgitleýän syýasat hem hut milli gymmatlyklarymyza esaslanýar.

Döwrüň, döwletiň beýik ynamyna öz başarnygy we hünäri bilen jogap bermek her bir ýaş adam, hünärmen üçin zerurlykdyr. Diýmek, biziň bagtyýar geljegimizi kemala getirmeli ýaşlaryň gurujylyk, döredijilik derejä galmagy, başarnykly adamlar bolup ýetişmegi babatda döwletimiziň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary, ikinji tarapdan, şol aladalar esasynda gurujy we dörediji, watansöýüji adamlar bolup ýetişýän ýaş nesliň Watanyň we adamzadyň öňündäki borjy üçin edýän yhlaslary bilen bagly. Şu hili yhlas hem ýurdy özgerdiji hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelmeginiň kepilidir.

Biz hem bagtyýar talyp ýaşlar hökmünde ylymly, bilimli, baý düşünjeli, sagdyn bedenli, hünärli adamlar bolup ýetişmeklerimiz üçin uly aladalar edýän Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys. Parasat-pähmi, manyly ömrüniñ nusgasy bilen ykballary gülledýän, biz ýaşlar üçin ak ýollary açýan Gahryman Arkadagymyza, Milli Liderimize berk jan saglygyny hem uzak ömür arzuw edýäris!

Eziz NEPESOW, 
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.

TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.


BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.


169c969169252b.jpeg
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary

Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.