"Turkmenmetbugat" - maglumat hyzmatlarynyň ýokary hili

01-07-21

Innowasiýa tehnologiýalarynyň umumadamzat durmuşyna berk aralaşmagy bilen aragatnaşyk ulgamy batly depginler bilen özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamagy netijesinde ýurdumyzyň syýasy-ykdysady, söwda-senagaty önümçilik kuwwatyny we ähli ulgamlaryň durnukly ösüş depginini ösdürmegiň elektron resminama dolanşygynyň binýady emele geldi.

Aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlaryny milli äheňde döwrebap ulanmak durmuş wezipelerini amatlaşdyrmaga, maýa goýum taslamalarynyň gerimini giňeltmäge hem-de durnukly ösüş Maksatnamasyny öňdebaryjy tehnologiýalar bilen amala aşyrmaga ýardam berýär. Aragatnaşyk ulgamynda tehnologiýa taýdan öňdebaryjy ýurtlaryň tejribesinden ugur alyp, ýurdumyzyň dolandyryş edara-kärhanalaryny we jemgyýetimiziň durmuşyny sanlaşdyrmak işi batly depginler bilen halkara standartlarynyň derejesinde kämilleşýär.

Elektron görnüşine geçirilen gazetleriň, žurnallaryň, internet habar web-saýtlarynyň gündelik sanlary  köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gerimini has baýlaşdyryp, elýeterli ýagdaýda ýurdumyzda bir bitewi internet-sahypada ýerleşdirildi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan elektron-onlaýn görnüşdäki maglumat hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we ýurdumyzyň gündelik habarlarynyň dessine okyjylara hödürlenmegi maksady bilen turkmenmetbugat.gov.tm saýty ulanyşa girizildi.  

turkmenmetbugat.gov.tm saýty dünýä halklary bilen işjeň aragatnaşygy onlaýn gurşawda saklap, ýurdumyzyň ähli ulgamlaryna degişli habarlary we maglumatlary özünde jemleýär. Baş sahypada Garaşsyz, Baky Bitarap döwletimiziň özgertmeleri we guwandyryjy üstünlikleri, resmi habarlary, syýasy we ykdysady ösüşleri, halkara hyzmatdaşlyklarynyň ählumumy bähbitli netijeleri barada habarlar ýerleşdirilýär. Şeýle-de jemgyýetçilik sahypasynda ýurdumyzda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri, dabaralary, ildeşlerimiziň ähli ulgamlar boýunça döwletara we halkara üstünlikleri barada makalalar, maşgala degişli sahypada agzybirlik, edep-ekram, lezzetli tagamlar barada makalalar hödürlenýär.

Medeni-mirasymyzyň gymmatlyklaryny ündeýän we halkara internet ulgamynda medeni baýlyklarymyzy mahabatlandyrýan miras we medeniýet sahypalarynda medeniýet hem-de sungat ulgamy barada täzelikler we gurnalýan baýramçylyk çäreleri, milli mirasymyzdan nesihat galan maslahatlar, hekaýalardyr, rowaýatlar, oýlanmalardyr, türkmen edebiýatynyň dürler hazynasy ýerleşdirilendir. Ylym-bilim ulgamynda ýetilen sepgitler we gazanylýan üstünlikler barada aýry-aýry ylym we bilim sahypasynda giňişleýin maglumat alyp bilersiňiz.  Döredijilik älemine aralaşmagyň özboluşly lezzeti bolup şygryýet ulgamynyň giň dünýäsini edebiýat sahypasynda özleşdirmäge mümkinçilikler bar.

Şeýle-de syýahatçylyk, ekologiýa we haýwanat dünýäsine degişli sahypalar ýerleşdirilip, bu sahypalarda ýurdumyzyň we dünýäniň tebigaty we haýwanat dünýäsi barada gyzykly maglumatlar, täzelikler we howanyň durumy bilen tanyşmak bolýar. Gadymy we şanly taryhymyza degişli wakalar taryh sahypasynda, telekeçilik bilen gyzyklanýan ildeşlerimiz bolsa bu saýtyň telekeçilik sahypasynda döwletimizde bu ulgamda gazanylan üstünlikler we bu ulgamyň önümleriniň görnüşleri bilen tanyşyp bilerler.

Tehnologiýalaryň ösen döwründe bäsleşige ukyply, tehnikanyň soňky gazananlary bilen sanly ulgam boýunça girizilýän köpdürli internet we tehniki hyzmatlarynyň görnüşleri barada tehnologiýa sahypasynda täzelikleri okap bolýar. Mundan başga-da sport we saglyk ulgamlary barada hem soňky habarlary, gerekli maglumatlary, peýdaly maslahatlary öwrenmäge mümkinçilikler bar.

Obasenagaty ulgamynyň kämilleşdirilmegi bilen oba hojalyk ulgamynyň öndürijilik depginleriniň artdyrylýandygy barada oba hojalyk sahypasynda gerekli maglumatlar ýerleşdirilendir. Bu saýtda bildirişler we fotoreportažlar sahypalary hem hereket edýär we bu sahypalarda ýurdumyzda geçirilýän dabaraly çäreler, konferensiýalar, sergiler barada zerur bolan maglumatlary alyp, teswirsiz görnüşli suratlara syn edip bolýar.

Dürli ulgamlar boýunça gündelik gazet-žurnallarynyň görnüşleriniň sanlaşdyrylmagy okyjylaryň sanynyň artmagyna getirýär. Maglumat ummanyna islendik wagt aralaşyp internet ulgamy bilen işjeň aragatnaşykda, wirtual gurşawda arabaglanyşyk saklamak, aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak durmuş şertleriniň barha amatlaşdyrylan ýagdaýa gelmegini üpjün edýär. Ýerleşýän ýeriňize garamazdan ýurdumyzyň syýasy habarlary we durmuş-ykdysady täzelikleri bilen yzygiderli tanyşmak halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlanmagynyň we sanly ulgamyň ösüşine kybap gelýän şertleriniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Tehniki we tehnologik döwrebaplaşdyrma hojalyk hem-de dolandyryş işlerini kämilleşdirmegini üpjün edýär.

contact@turkmenmetbugat.gov.tm saýtyna öz pikirleriňizi we teklipleriňizi ýazyp bilersiňiz!

Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk 
kompaniýasynyň hünärmeni.

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.