BEREKETLI GALLA HASYLY ÝYGNAMAKDA AWOULAGLAR HYZMATYNYŇ ORNY

01-07-21

Türkmen gallaçylary Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän ýylynda uly zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ekerançylygyň hasyllylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, şu ýyl bol bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Gallaçylarymyzyň durmuşynda dowam edýän gyzgalaňly orak möwsüminde iş depginleri gün-günden ýokarlanýar. Şonuň netijesinde bolsa döwlete galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirýän etraplaryň sany barha artýar. Milli Liderimiziň tagallasy bilen gazanylýan şeýle ösüşlere “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň agzybir işgärleri hem mynasyp gatnaşýarlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daýhanlara döwlet tarapyndan hemme taraplaýyn goldaw berilmegi netijesinde olar oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasyl berýän sortlarynyň aňrybaş tohumlary, mineral dökünler, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap tehnikalary bilen üpjün edilýär. Dänäniň döwlet satyn alyş nyrhynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, döwletiň galla öndürijiler bilen özara hasaplaşyklarynyň has kämil derejä çykarylmagy üçin häzirki zaman ulgamynyň ornaşdyrylmagy daýhanlary yhlasly, tutanýerli zähmete höweslendirilmegiň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Ýetişdirilen galla hasylyny döwlet harmanlaryna ýetirmekde “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň sürüjileri hem daýhanlara ýakyndan kömek berýärler. Häzirki wagtda ýurdumyzda gyzgalaňly dowam edýän galla oragy möwsüminde kärhana tarapyndan 480-den gowrak dürli kysymly ýük ulagy işe goýberilipdir.

Bu ulaglaryň 80-e golaýy hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen satyn alnan täze “Kamaz” kysymly ulaglar bolup, olaryň iş öndürijiliginiň ýokary bolmagy aýratyn bellärliklidir. Ýük awtoulaglarynyň sürüjileri bugdaý dänelerini galla kabul ediş nokatlaryna daşamakda yzygiderli zähmet çekýärler. Galla oragyna gatnaşýan awtoulaglara ýerlerde kärhana tarapyndan ýörite gözegçiler bellenip, awtoulaglar ýangyç, çalgy ýaglary we beýleki ätiýaçlyk şaýlary bilen bökdençsiz üpjün edilýär.

Kärhanada birnäçe ýyllaryň dowamynda öz käriniň ussady bolan onlarça tejribeli sürüjilerim zähmet çekmek bilen, olar guşgursak bugdaý hasylynyň her bir dänesiniň bökdençsiz ýygnalmagyny üpjün etmek ugrunda ýokary netijeleri gazanýarlar. Bu ugurda tejribeli sürüjiler aýratyn tapawutlanýarlar. Olar her gün 20 tonnadan gowrak galla hasylyny kabul ediş nokatlaryna daşamak bilen görelde görkezýärler. Olaryň onlarçasy “Iň ökde sürüji”, “Iň köp galla hasylyny daşan sürüji” we ş.m. bäsleşiklere gatnaşyp, möwsümiň soňunda dürli ugurlar boýunça sylaglara we gymmat bahaly sowgatlara mynasyp bolarlar.

Jangeldi IŞANKULYÝEW,
“Türkmeniň ýüpek ýoly”.

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.