Aşgabat şäher telefon ulgamy hyzmatlarynyň gerimini giňeldýär
05-07-21
Täze oýlap tapylmalar, ylmy-tehniki açyşlar netijesinde ilki bada ýönekeý ses ýa-da tekst görnüşinde ýerine ýetirilen aragatnaşyk hyzmatlaryna häzirki wagtda düýpgöter başga, ýokary talaplar we islegler bildirilýär.
Ylmy-tehniki rewolýusiýanyň öňe gidişligi netijesinde günsaýyn ösýän, özgerýän, dürli görnüşlere we usulýetlere eýe bolýan aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde dünýäniň telekommunikasiýa ulgamynyň tehniki bilermenleri bir belli netijä geldiler.
Häzirki wagtdaky telekommuniasiýa isleglerini kanagatlandyrmak, aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň dünýä bazaryndaky täjirçilik bäsdeşlige ynamly gatnaşmak üçin müşderi bilen opertoryň aralygynda örän giň tehniki mümkinçilikli, daşky täsir ediji päsgelçiliklere durnukly, şol bir wagtda uzak ulanyş möhletli, tehniki-ykdysady taýdan tygşytly we amatly birikdiriji maglumat geçiriş ulgamy zerur bolup durýar. Öň belläp geçişimiz ýaly, häzirki wagtda bar bolan şeýle maglumat geçiriji ulgamlaryň arasynda optiki-süýümli aragatnaşyk torlary özleriniň ýokary görkezijileri we amatlyklary bilen tapawutlanýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk hem pajarlap ösmegi üçin sanly ulgamlary giňden ornaşdymak we bu ugurdan dünýä tejribesini biziň ýurdumyzda özleşdirmek barada berýän anyk tabşyryklaryndan ugur alyp, AŞTU paýtagtymyzyň telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmekde optiki-süýümli, şol sanda GPON görnüşindäki maglumat geçiriş torlaryny gurmagyň gerimini ýaýbaňlandyrýar.
Paýtagtymyzyň Abadan etrabynda gurlup ulanmaga tabşyrylan, birinji tapgyrdaky 20 sany 4 gatly 32 öýli, jemi 640 sany hojalyga niýetlenen ýaşaýyş toplumda hem optiki kabelleriň üsti bilen bir bada 3 sany, ýagny telefon aragatnaşygy, Internet we IP telewideniýe hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiligi döredildi. Bu ýaşaýyş toplumda optiki kabeller gönüden göni müşderiniň öýüne girizilip, ol ýerde oturdylan ONT (optical networks terminal) müşderi terminallaryna birikdirildi.
Öň belläp geçişimiz ýaly, Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyny bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşatmak barada edýän atalyk aladalaryndan ugur alyp hem-de ilaty iň bir häzirki zaman, ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmagyny elýeterli etmek maksady bilen, AŞTU tarapyndan ONT müşderi terminallary öýlerde muzdsyz şertlerde gurnalýar.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.