1 mln tonnadan gowrak türkmen nebiti Russiýanyň çäginden üstaşyr geçirildi
07-07-21
2021-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistan Russiýanyň üsti bilen 1 million 50 müň tonna nebiti eksport etdi. Bu barada Russiýanyň ýangyç-energetika toplumynyň Merkezi dispetçer gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Interfaks” agentligi geçen anna güni habar berdi.
Maglumatlara görä, diňe iýun aýynyň özünde 239 müň 850 tonna türkmen nebiti Russiýadan üstaşyr geçirildi.
Türkmenistan Russiýadan üstaşyr geçýän nebit eksporty boýunça Gazagystandan soňra ikinji orunda durýar. Gazagystan 2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 6 million 730 müň tonna (iýunda 1 million 140 müň tonna) nebiti üstaşyr geçirdi.
Şeýle-de habarda bellenilişi ýaly, rus kompaniýalarynyň GDA döwletlerinden başga ýurtlara nebit eksporty 2021-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlary aralygynda 104 million 60 müň tonna barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 12,1% peseldi.
Şol döwürde Russiýanyň nebit kompaniýalarynyň GDA ýurtlaryna nebit eksporty 34% artyp, 6 million 220 müň tonna barabar boldy.
https://business.com.tm/tm/post/7281/1-mln-tonnadan-gowrak-turkmen-nebiti-russiyanyn-chaginden-ustashyr-gechirildi
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.