Ýaşlaryň buýsançly ýürekleri

15-01-26

Ösüşlere beslenýän Diýarymyzda toýlar-toýa ulaşýar. Şu günler ýurdumyzda medeniýet we ykdysady temalar bilen baglanşykly, ylym ugurlary bilen baglanşykly geçirilýän çäreleriň hem-de konferensiýalaryň has-da köpelýändigi, türkmen Diýarynyň ýaşlarynyň hyjuwly ýüreklerinde Watana bolan ümmülmez söýginiň bardygy bilen düşündirilýär.

Buýsançdan doly ýüreklerinde üstünligiň açaryny saklaýan, ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaşlar, öz zehinlerini bäsleşiklerde hem-de ýaryşlarda açýarlar. Munuň özi ýurdumyzyň ýaşlarynyň daşary ýurtlarda sport äleminde, bilim-ylym bäsleşiklerinde edýän çykyşlarynda hem-de alýan baýrakly orunlary bilen düşündirilýär. Ýaşlar bilen günler, güller nowjuwan. Ýaşlar bilen ýyllar nowjuwan. Ýaşlar bilen ýurt nowjuwan. Çünki ýaşlaryň golunda — Watan baýdagy. Ýaşlaryň dilinde — dünýäniň parahatlyk aýdymy. Ýaşlar — biziň ýaşaýşymyzyň ýazy. Olar biziň geljegimiz, Watanymyzyň ertirki abraý-mertebesi.

Ýurdumyzda ösüp gelýän ýaşlaryň üstünliklerinde durmuşa geçirilýän işleriň täsiriniň bardygyny subut edýän alamatlarynyň biri-de biziň ýaşlarymyz dünýäniň çar künjündäki ýaşlar bilen iňlis dilinde dostana gatnaşyklary ýola goýmaklaryna badalga bolýar. Dünýäniň çar künji bilen dostana gatnaşyk edýän türkmen diýarynda häzirki günümizde edilýän işlerde beýik başlangyçlaryň bardygynyň subutnamasydyr.

Bäsleşikler we döredijilik gözden geçirişleri şahsy ösüşi, täze bilimleri öwrenmegi höweslendirýär we ýaşlaryň sazlaşykly ösüşine ýardam edýär. Daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek bolsa, täze bilimler we mümkinçilikler dünýäsine ýol açýandygy türkmen ýaşlarynyň dünýä bilim tejribesinde edýän işleriniň ýokarlanýandygyny ýene-de bir gezek subut edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň “Paýhas çeşmesi’’ kitabyndaky birnäçe atalar sözleridir nakyllary okadylar. Şeýle hem edep-terbiýeli, giň gözýetimli ýaşlaryň kemala gelmeginiň möhümdigi bäsleşigiň esasy maksadyna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap, hemmetaraplaýyn ösen, kämil şahsyýetleri kemala getirmekde, Ata Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmekde maşgalanyň, mekdebiň, jemgyýetçiligiň sazlaşygyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmekde geçirilen zehin bäsleşigi uly ähmiýete öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi»  eserlerinde ak ýürekden irginsiz çekilen zähmet, mertlik-merdanalyk, adamkärçilik, arakesmäni bilmeýän nesil terbiýesi baradaky pikirler geçirilen zehin bäsleşiginiň esasyny özenini düzdi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow pederlerimiziň asylly ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmak bilen, biziň günlerimize çenli ýetip gelen çeşmeleri we maglumatlary jikme-jik öwrenip, olary täze eserinde jemläpdir hem-de ulgamlaşdyrypdyr. Bu eser ýazylyp başlanan pursadyndan, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretdi. Sebäbi türkmen halkynyň milli häsiýetinde we dünýägaraýşynda jemlenen umumadamzat ynsanperwer ýörelgeleri Ýer ýüzüniň köp halklarynyň arasynda uly goldaw tapýar. Şeýle-de Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy  we Maşgala Kodeksinden hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny ýaşlara düşündirmek bäsleşigiň many-mazmunyna öwrüldi.

Bäsleşikler hem-de konferensiýalar ýurdumyzyň ýaşlaryny gelejege taýýarlamakda uly merdiwandyr. Olaryň zehinlerini açmak we olara konferensiýalara, dil boýunça ýaryşlara gatnaşmaga mümkinçilik döretmek bolsa, gelejegiň ösüşli basgançaklarynda özüňi görmekdir. Şeýle zehin bäsleşikleriň geçirilmegi talyp ýaşlaryň bilim derejesiniň, hünär ussatlygynyň artmagyna we geljekgi hünärine we bilim alýan okuw jaýyna bolan söýgüniň artmagyna we olaryň dünýä garaýşynyň giňelmegine getirýär. Bäsleşikler we döredijilik gözden geçirişleri şahsy ösüşi, täze bilimleri öwrenmegi höweslendirýär we ýaşlaryň sazlaşykly ösüşine ýardam edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda erkana ýaşaýar, döredýär, gurýar. Bedew batly ösüşli ýurtda ýaşaýan türkmen halky her bir gününi altyn harplar bilen taryha ýazýar. Sebäbi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň kalby eziz Diýarymyza, Milli Liderimiziň we Gahryman Prezidentimiziň alyp barýan döredijilikli başlangyçlaryna bolan buýsançdan pürepürdir. Watana bolan söýgi bolsa ähli üstünlikleriň we rowaçlyklaryň gözbaşydyr!

Begenç AMANOW, 
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.