SEBITIŇ ULAG-LOGISTIKA DÜZÜMINIŇ ÖSÜŞI

16-07-21

Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde köp şahaly ulag düzümini döretmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu nukdaýnazardan döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşine çäksiz goşant goşýan ulag-logistika ulgamynyň kämilleşdirilmegine milli we halkara derejesinde uly üns berilýär. Bu ulgamda milli Liderimiziň başyny başlan iri möçberli taslamalary, şol sanda hereket edýän we gurulýan täze awtomobil hem-de demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, raýat awiasiýasynyň, gämi gatnawynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli täzelemek we giňeltmek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

2021-nji ýylyň 06-njy iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň ulag-logistika ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşmak maksady bilen Balkan welaýatyna iş sapary munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gelip gonandan soň Howa menzilinden milli Liderimiz dikuçarda Garabogaz aýlagyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz aýlagyň üstünden çekilen, Garabogazy Hazar deňzi bilen birleşdirýän awtomobil köprüsine geldi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugrydyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine ýardam etmelidir. Türkmenistan Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda amatly ýerleşmek bilen, sebitiň we tutuş yklymyň ähli döwletleriniň bähbidine özüniň üstaşyr ulag kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiz ulag desgasynyň ýagdaýy hem-de aýlagyň şahasy bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylara täze köprini gurmak hem-de oňa barýan ýoluň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşigi yglan etmegi tabşyrdy. Bu ýol häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidir, diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Garabogaz aýlagynyň üstünden täze köpriniň hem-de oňa barýan ýoluň durkunyň täzelenmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistika hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini giňeltmäge hem-de goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam eder. Köprä barýan ýol ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýoluna biriger. Bu köpri Türkmenistan — Gazagystan halkara ulag ugrunyň möhüm inženerçilik desgasyna öwrüler.

Döwlet Baştutanymyz öňdebaryjy tejribäniň hem-de innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagynyň bu taslamany durmuşa geçirmekde möhüm talap bolup durýandygyny nygtady. Ýurdumyzyň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulmagy, «Gündogar — Günbatar» hem-de «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça ýollaryň birleşdirilmegi, degişli düzümleriň işiniň kämilleşdirilmegi boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegine aýratyn üns bermek möhümdir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine gönükdirilen döwletara üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi, Ýewraziýa ykdysady zolaklarynyň birleşdirilmegi Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlaryna çykalgany üpjün etmek üçin möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi, ilkinji nobatda, milli ulag birleşikleriniň umumy bähbitlerini utgaşdyrýan Halkara awtomobil ulaglary birleşigi hem-de Ýewropa Bileleşiginiň we hyzmatdaş ýurtlaryň arasynda «Ýewropa — Kawkaz — Aziýa» ulag geçelgesini (TRASEKA) gurmak boýunça halkara hyzmatdaşlyk maksatnamasyny amala aşyrmagy, tutuş dünýä boýunça ýük daşamak bilen meşgullanýan logistika guramalar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligini üpjün eder. Munuň üçin ulagyň ähli görnüşleriniň — awtomobil, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Bu ulgamyň düzümi kämilleşdirilýär — halkara ülňülere laýyk gelýän ýokary tizlikli awtoulag ýollary çekilýär, demir ýollar, täze howa menzilleri, demir ýol we awtomobil köprüleri gurulýar. Olar diňe ýurdumyzyň sebitlerini däl, eýsem, goňşy döwletleri hem baglanyşdyrýar. Ulag parkynyň üsti täze döwrebap tehnikalar bilen yzygiderli ýetirilýär.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde utgaşykly sebit hem-de sebitara logistika ulgamlary döretmek, Merkezi Aziýa bilen Ýewropany, Hazar, Gara deňizleri, Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan döwletara üstaşyr geçelgeleri kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. Müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýanyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge gönükdirilen bu taslamalar häzirki taryhy eýýamda döwletara söwda-ykdysady, syýahatçylyk we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli demir ýolunyň gurulmagy goňşy döwletleriň tagallalarynyň üstünlikli birleşdirilmeginiň aýdyň mysaly bolup hyzmat edýär. Bu ýol sebit we halkara ulag düzüminiň möhüm bölegine öwrüldi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Hazar ýaka ýurtlaryň bäşisiniň çägi Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrýan hem-de üstaşyr ulag, söwda geçelgeleriniň netijeli işlemegini, Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýük daşalmagynyň kadalaşdyrylmagyny üpjün edýän geografik giňişlik bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn başlangyçlary ulag ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnamalaryň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy energetika, senagat, ulag, söwda ýaly ugurlarda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge esaslanýar.

Häzirki wagtda Hazar deňziniň ýalpaklygyndaky we kenarýaka zolagyndaky uglewodorod serişdeleriniň gorlarynda netijeli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde deňiz ýakasynda uglewodorod çig malyny düýpli gaýtadan işlemek hem-de ondan dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleri, ýagny mineral dökünleri, polimerleri, nebit önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça zawodlar gurulýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazar deňzini ekologiki taýdan goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge aýratyn üns berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, bu sebitde gurulýan täze kärhanalaryň, senagat desgalarynyň tebigaty goramak babatdaky ölçeglere we talaplara doly laýyk gelmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Hazar sebitiniň ýurtlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Şol syýasy ugur bolsa oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar.

Biziň ýurdumyz bu ugurda yzygiderli ädimleri ätmek bilen, sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň özara kabul ederlikli çözgütlerini işläp taýýarlamak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça umumy tagallalara saldamly goşandyny goşýar.

Türkmenistan deňiz ýaka ýurtlaryň bäşisiniň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýän anyk teklipleri yzygiderli öňe sürmek bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, Hazar sebitiniň ägirt uly tebigy serişdeler, üstaşyr ulag, energetika we senagat kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň tarapdary bolup çykyş edýär. Biz mundan beýläk hem Hazar ýaka ýurtlaryň arasyndaky doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, parahatçylyk, dostluk, ylalaşyklylyk deňzi hökmünde gojaman Hazaryň derejesini berkitmäge hemmetaraplaýyn ýardam bereris. Bu sebitiň halklaryny köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar birleşdirýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ýurdumyzyň halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hazaryň sebitleýin logistika merkezini döretmek pikirine ünsi çekdi. Bu merkez Aziýany Ýewropa bilen baglanyşdyrýan, şol sanda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ugry boýunça (Lapis Lazuli) täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek we netijeli ulanmak ulgamynda goňşy döwletleriň bilelikdäki işini utgaşdyrýan düzüm bolmalydyr.

Milli Liderimiz şeýle hem bu künjegiň tebigy baýlyklaryny, şol sanda melhemlik mineral çeşmelerini rejeli ulanmak meselelerini çözmäge hem-de sebitde syýahatçylygy mundan beýläk-de ösdürmäge ylmy taýdan çemeleşmegi tabşyrdy. Munuň özi raýatlarymyzyň abadançylygyň bähbidine ýurdumyzyň senagat, üstaşyr ulag we syýahatçylyk kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz daşary döwletler bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm orun eýeleýän Balkan welaýatynda üstaşyr ulag geçelgesiniň geçirijilik ukybynyň yzygiderli artdyrylýandygyny belläp, degişli ýolbaşçylara Jebel şäherçesiniň golaýyndaky Halkara howa menziliniň gurluşygynyň taslamasyny çalt işläp taýýarlamak boýunça anyk görkezmeleri berdi. Milli binagärligiň däpleriniň hem-de dünýäniň bu ulgamda gazanan tejribesiniň utgaşdyrylmagy, işleriň ýokary hiliniň, bu ýerleriň ekologiýasynyň nazara alynmagy gurluşyk işlerine bildirilýän esasy talaplardyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Milli Liderimiz sebitiň esasy üstaşyr ulag merkezine öwrülen portuň işine dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de toplumyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň doly güýjünde işlemegini üpjün etmek meselelerine üns bermek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we öňde goýlan wezipeleri çözmegiň, işe hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow elektromobilde Halkara deňiz portunyň çäklerinde alnyp barylýan işleri synlady. Özüniň üstaşyr ýük geçirijiligi hem-de döwrebap derejede enjamlaşdyrylyşy babatda birnäçe halkara güwänamalaryna mynasyp bolan bu toplum Türkmenistanyň yklymara ulag-logistik merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyrdy. 2018-nji ýylyň maý aýynda Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi Merkezi Aziýanyň we Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ählisi üçin şanly waka öwrüldi. Onuň doly kuwwatynda işledilmegi sebitiň döwletleriniň halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna okgunly goşulyşmagyna, yklymyň iri üstaşyr ulag merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder.

Häzirki döwürde Aziýany we Ýewropany baglanyşdyrýan hem-de üstaşyr ulag, söwda geçelgeleriniň netijeli işlemegini üpjün edýän Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menzili Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýük daşalmagyny şertlendirýän wajyp logistika merkez bolup durýar. Menziliň umumy eýeleýän meýdany 1 million 358 müň inedördül metrden gowrakdyr. Onuň gämi duralgasynyň umumy uzynlygy 3 müň 500 metre deň bolup, bu ýerde birbada birnäçe ýük we ýolagçy gämileriniň gelmegi, gitmegi hem-de olara degişli hyzmatlaryň ýola goýulmagy üçin ýokary derejeli mümkinçilikler bar.

Tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny Ýewropa ýurtlarynyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt we çig mal bazarlaryna, Hindi ummanynyň sebitlerine çykmak üçin amatly şertleri üpjün edýär. Toplumyň düzüminde parom, ýolagçy we konteýner terminallary, şeýle hem gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodlary hereket edýär. Mundan başga-da bu ýerde kenar düzüminiň köp sanly desgalary guruldy.

Port düzümi ulgamynda iň gowy tejribäni özünde jemleýän Halkara deňiz menziliniň ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda möhüm orun eýeleýändigini nygtamalydyrys. Çünki ol möhüm ähmiýetli halkara ulag merkezi bolup durýar. Bu portuň kadaly işlemegi netijesinde, ýurdumyzyň önümleri dünýä bazarlaryna bökdençsiz iberilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin ägirt uly ähmiýete eýedir.

Şemşat ATAMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

16744089c5ea3c.png
Şu gün “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergi öz işine başlaýar

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 26-27-nji noýabrda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.


16745546428614.jpeg
TULM Etrek stansiýasynyň üsti bilen multimodal gatnawlary ýerine ýetirýär

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM) häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň stansiýalaryndan gelýän dürli import ýükleri Etrek demir ýol stansiýasynyň çäginde kabul edýär.


16745529d394f4.jpeg
Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $7 milliarddan geçdi

2024-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 7 milliard 188 million 41 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär.


16745689131a82.jpeg
«Belet Film» ykjam programmasynyň işleýşini kämilleşdirdi

Meşhur türkmen onlaýn kinoteatry «Belet Film» ykjam programmasy üçin möhüm täzelenme çykardy. Bu gezek döredijiler ulanyjy tejribesini, howpsuzlygyny we nawigasiýa ýeňilligini ýokarlandyrmaga ünsi jemlediler:


1674556081043f.jpeg
Türkmenistan «Russiýanyň Ulagy» halkara forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekilýeti 19-21 noýabr aralygynda Moskwada geçirilen «Russiýanyň Ulagy» atly halkara ulag forumyna we sergisine gatnaşdy. Forumyň çäklerinde 300-den gowrak bilermeniň gatnaşmagynda 30-dan gowrak iş çäreleri guraldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.