Watanymyzyň ykdysady kuwwatyna mynasyp goşant goşjak täze halkara howa menziliniň düýbi tutuldy
16-07-21
Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna amala aşyan iş saparynyň çäginde Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak dabarasyna hem gatnaşdy.
Milli Liderimiz Aşgabadyň Halkara howa menzilinden dikuçarda ulag düzüminiň geljekki desgasynyň guruljak ýerine geldi.
“Ýedi ýoluň çatrygy” diýlip atlandyrylan Türkmenistanyň çäginden gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Ol Aziýany we Ýewropany söwda hem-de medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyrypdyr. Yklymara ýollaryň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz häzirki döwürde hem adamzat ösüşinde uly ähmiýete eýe bolan bu meşhur ýoly täze taryhy şertlerde gaýtadan dikeldýär.
Döwlet Baştutanymyzyň oňyn strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag hem-de logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagyny üpjün etmek, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça milli düzümi giňeltmekde öňde goýan wezipelerini çözmek babatda netijeli çäreler görülýär. Munuň özi ýük daşalmagyny we ýolagçy gatnadylmagyny has-da işjeňleşdirmäge, olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam etmelidir.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda ýene bir täze halkara ulag taslamasy - Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen täze Halkara howa menzili toplumynyň dabaraly ýagdaýda düýbi tutuldy. Potratçysy bäsleşik esasynda kesgitlenjek bu halkara toplumyň gurluşygy ýurdumyzyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Karz ylalaşygyna laýyklykda maliýeleşdirilýär. Munuň özi Bitarap döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen ysnyşykly, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklarynyň barha rowaçlanýandygynyň, berkarar döwletimiziň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde halkara abraýynyň uludygynyň aýdyň subutnamasydyr.
200-e golaý işgär işlejek täze Halkara howa menziliniň umumy meýdany 275 gektara barabar bolar. Taslamanyň düzüminde birnäçe binalardyr desgalar bar. Olaryň hatarynda ýolagçy we ýük terminallaryny, howa hereketini dolandyryş diňini, halas ediş hem-de ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binasyny görkezmek bolar. Bu ýerde uzynlygy 3 müň 200 metr bolan döwrebap uçuş-gonuş zolagy, iki öwrüm ýollary, alty howa gämisine hem-de dört dikuçara niýetlenen meýdança hem gurlar. Ýöriteleşdirilen aerodrom we howa gämilerine ýerüsti hyzmat ediş gulluklarynyň binalary, jemi 15 sany esasy desga bina ediler. Uçarlara ýerüsti hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin täze Halkara howa menzilini dürli görnüşli 45 sany ýöriteleşdirilen ýerüsti tehnikalar bilen üpjün etmek hem göz öňünde tutulýar.
Nesip bolsa, ýene-de üç ýyldan bu ýerde döwrebap howa menzili bina ediler, dürli kysymly howa gämileri uçup-gonar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, düýbi tutulýan täze Halkara howa menzili toplumy berkarar döwletimiziň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Ol howa ulaglary arkaly ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmakda, ýurdumyzy ykdysady taýdan has-da ösdürmekde, halkymyza döwrüň talaplaryna laýyk hyzmat etmekde wajyp orny eýelär.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.