IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY

24-12-25

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Mähriban halkymyza gadymy döwürlerden bäri sagdynlyk hem-de ruhubelentlik durmuş ýörelgesi bolup gelýär. «Saglygym — baş baýlygym», «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok», «Bar zadyň sakasy saglyk», «Sag başym — soltan başym» diýen paýhasly sözleriň döremegi munuň şeýledigini subut edýär. Türkmen milli oýunlaryny alanymyzda hem, olaryň çeýeligi, gujur-gaýratlylygy, ruhy we beden taýdan berkligi talap edendigine şaýat bolýarsyň.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgeleri berk ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda ynsan saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýän endiklere garşy göreş çäreleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Jemgyýetiň sagdynlygyny gazanmak, ösüp gelýän ýaş nesli beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösdürmek ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň esasyny düzýär. Halkymyzyň abadançylygy, bagtyýarlygy, ýurdumyzyň ählitaraplaýyn ösüşi şunuň bilen berk baglanyşykly bolup durýar.

Bilşimiz ýaly, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň kanunçylyk-hukuk binýadynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda raýatlaryň saglygynyň goralmagyna, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň emele getirilmegine we ornaşdyrylmagyna gönükdirilen kanunlar kabul edilýär. Ata Watanymyzda raýatlaryň saglygyny goramakda we berkitmekde şunuň ýaly kanunlaryň, döwrebap usullary ulanmak bilen, saglyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagy, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmagy we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmegi, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmagy maksat edinýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ähmiýeti örän uludyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösen döwletleriň hataryna çykarmak boýunça amala aşyrylmaly işleriň esasy ugurlary kesgitlenendir. Maksatnamada bellenilişi ýaly, maşgala lukmançylygyny hem-de maşgala saglygy goraýyş hyzmatyny kämilleşdirmek babatda amala aşyrylan beýik işler aýratyn guwandyryjydyr. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen, ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegi ugrunda alnyp barlan işler özüniň oňyn netijelerini berdi. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenilip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri hem keselleriň öňüni almakdyr.

Il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ynsan saglygyny goramagy, keselleriň öňüni almagy we olaryň garşysyna göreşmegi saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň öňünde möhüm wezipe edip goýdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak bilen bagly çäreleriň ençemesi üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz raýatlarymyzyň beden sagdynlygyny berkitmek bilen bagly meselelere ýüzlenip, dürli görnüşli kesel dörediji wiruslaryň adam bedenine aralaşmagynyň öňüni almakda, möwsümleýin döreýän keselleri, sowuklamany bejermekde halk lukmançylygynda belli bolan usullardan hem peýdalanylmalydygyna ünsi çekdi. Müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiz ýaramaz endiklere garşy durmagyň, dürli ýokanç keselleriň öňüni almagyň subut edilen milli usullaryny döredipdirler diýip, döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleriň mynasyp dowam etdirilmelidigini nygtady.

Bilşimiz ýaly, 10-njy oktýabrda ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda kesel bejeriji häsiýeti bilen gadymy döwürlerden bäri belli bolan, ýagny, üzärligiň, burçuň, sarymsagyň, süýji buýan köküniň saglyga peýdasy barada gymmatly maglumatlar bar. Bu ylmy kitap ýurdumyzyň her bir raýaty üçin gymmatly gollanmadyr.

Ýurdumyzda halkymyzyň saglygy babatynda alnyp barylýan beýik işlere biz hem yhlas bilen zähmet çekip, mynasyp goşandymyzy goşarys. Goý, ata Watanymyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Alma ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.

169eefa8756e01.jpeg
Rus dilini öwrenmekde türkmen-rus gumanitar gatnaşyklarynyň ähmiýeti

Bütindünýä derejesinde ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de ata-baba ynsanperwerlik syýasatyny üstünlikli alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz durnukly ösüş depginleri bilen öňe barýar. Türkmen döwleti özüniň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde dünýäniň ýurtlary bilen deňhukuklylyk esasynda, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar hem-de yzygiderli ösdürýär.


Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.

Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.


TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi

«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.


169f2fea920e7f.jpeg
DÖWREBAP MERKEZ

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň okamagy öwrenmegi döretmegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Talyp ýaşlarymyzyň ýokary okuw jaýlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan labaratoriýalarda okan zatlaryny tejribe usulda özleşdirmekleri olaryň okuw sapaklaryna bolan höwesini hasda artdyrýar.


169e8553a1c8a5.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp we möhüm wakalara bagyşlanyp, her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy agzybir halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagyna, her bir raýatyň Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere dahylly bolup, oňa öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.