YKLYMLARYŇ ULAG-LOGISTIKA MERKEZI
27-07-21
Ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini netijeli ulanmak hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine ýardam etmelidir. Türkmenistan Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda amatly ýerleşmek bilen, sebitiň we tutuş yklymyň ähli döwletleriniň bähbidine özüniň üstaşyr ulag kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr, logistik düzümler barha kämilleşýär. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap derejede, täze ösüşde dikeldilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň häzirki zaman ulag-üstaşyr geçelgelerini çalt kemala getirmek bilen baglanyşykly işler diňe bir öz döwletimiziň çäginde däl, eýsem, sebitde hem özüniň anyk netijelerini berýär.Türkmenistan hem Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň amatly çatrygynda ýerleşýän döwlet bolup, ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmäge onuň uly mümkinçilikleri bar. Hazar deňziniň ulag ulgamynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýewraziýa yklymynda iri ulag çatrygy hökmünde ornunyň barha ýokarlanmagyny göz öňünde tutup, Türkmenistan Hazar, Gara we Baltika deňizleriniň arasynda ulag üstaşyr ugurlaryny döretmegi teklip edýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkara ölçeglere laýyk gelýän, ulag ulgamynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan ugurdaş multimodal düzümler döredilýär.Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli alyp barýan döredijilikli, parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Bitarap Türkmenistan anyk başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Şol başlangyçlar ählumumy ykrar edilmä eýe bolýar hem-de sebit we dünýä möçberinde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hyzmat edýär.
Türkmenistan bu meselelere öz çemeleşmelerini kesgitläp, ilkinji nobatda, özüniň tiz ösýän üstaşyr-ulag geçelge artykmaçlyklaryny, şol sanda deňiz-derýa ulaglarynda diňe bir sebitiň ýurtlarynyň däl, eýsem, has giň – yklymara möçberlerde hem ykdysady bähbitlerde herekete getirmegiň mümkinçiliginden ugur alýar.
Watanymyzda ulag ulgamynyň işini kämilleşdirmek we halkara ulag ulgamlaryna birikmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň çäginde ulag ulgamynyň ösüşiniň geljegini kesgitleýän birnäçe meselelere serdilip, ulag we logistika ýaly geljegi uly ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmak şertlerinde goşulyşmagyň möhüm şerti bolup durýandygy baradaky wajyp işler ara alnyp maslahatlaşylýar. Çünki, häzirki zamanyň ösen ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ulgamy köpsanly we howpsuz halkara ulag - logistika düzüminiň bolmagyny talap edýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gurlup ulanylmaga berlen Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz menziliniň Hazaryň kenarynda bina edilmegi hem tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň esasy logistik halkasyna öwrülmäge
gönükdirilendir. Geljekde bu portuň ulanylmagynyň netijesinde Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny täze derejä çykarjakdygy hem-de Aziýa bazarlarynyň Ýewropa üçin elýeterliligini ýokarlandyrjakdygy şübhesizdir. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty
arkaly Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýadan, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelip gowuşýan ýükleri Eýranyň Bender Abbas, Enzeli, Mirabad portlaryna, Russiýanyň we Gazagystanyň portlaryna ýa-da Azerbeýjanyň Baku portuna, şol ýerden bolsa Gruziýanyň Poti portuna ugratmaga mümkinçilik peýda bolar. Munuň özi dünýä ummanyna, ýagny, dünýäniň islendik ýurduna çykalgany açar. Iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilýän halkara deňiz porty Ýewropa ýurtlary üçin Ýakyn we Orta Gündogar hem-de Hindi ummanynyň sebitindäki ýurtlaryň haryt we çig mal bazarlaryna çykmaga hem aňrybaş amatly şertleri üpjün eder. Şunlukda, ol giň möçberli ýük gatnawlarynyň ýoluna harçlanýan wagty has gysgaltmaga şert döreder. Munuň özi bolsa logistikanyň esasy şertleridir. Mundan başga-da täze deňiz menzili Türkmenistanyň ykdysady taýdan ösüşine, senagat we ulag düzümleriniň kämilleşdirilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine oňyn şertleri üpjün eder we iri maýa goýumlarynyň çekilmegini şertlendirer.
Milli Liderimiziň ykdysadyýetimiziň ulag-logistika ulgamyny yklymda ýokary derejä ýetirmek bilen baglanyşykly edýän tagallalary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyna uly goşant goşýar. Türkmen halkyny bagta ýetirip, bagtyýarlykda ýaşadýan, ulag we kommunikasiýa düzüminiň has-da kämilleşmeginde bimöçber aladalary edýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak we il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!
Möwlam HAÝTGULYÝEW.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.