BILIM ULGAMYNDA GIŇ MÜMKINÇILIKLER
24-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýär. Ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ony häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk getirmek, multimedia tehnologiýalaryny, interaktiw usullary ulanmak esasy wezipe bolup durýar. Şu wezipäni ýerine ýetirmek üçin ýokary okuw mekdebimizde hem uly tagallalar edilýär. Eziz Diýarymyzyň geljekde has-da gülläp ösmegi üçin ýaşlara bilim, terbiýe bermekde okatmagyň dürli usullaryndan peýdalanmak möhümdir. Bularyň ählisi ýaş nesliň zehin-başarnyklarynyň artmagyna, bilimleriniň, aňlarynyň kämilleşmegine oňaýly täsirini ýetirýär.
Häzirki wagtda okuw-terbiýeçilik işiniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin sapaklaryň guralyşyna aýratyn üns berilýär. Döwrebap sapagy guramak mugallymdan döredijilikli işlemegi talap edýär. Ilkinji nobatda, mugallym sapaga oňat taýýarlyk görmeli. Sapagyň netijeli bolmagy üçin okuwçylaryň işjeňligini gazanmaly, geçilýän temany giňişleýin beýan etmeli, ony durmuş bilen baglanyşdyrmaly, okuwçynyň şol tema bolan gyzyklanmasyny döretmeli bolýar. Mugallymyň her günki okadýan sapagyna taýýarlykly gelmegi, gündelik sapak ýazgylarynyň talabalaýyk bolmagy onuň şol günki üstünliginiň ilkinji görkezijisidir. Mugallymyň üstünligi onuň geçilýän temanyň mazmunyny okuwçylara düşündirip bilmek başarnygyna, hünär ussatlygyna, usuly taýdan taýýarlygyna bagly bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: “Ýaş nesillerimiziň bilimleriň we ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmeklerini, olarda ýokary ahlak sypatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek üçin mugallymlarymyz hemişe döredijilik gözleginde bolmalydyrlar”. Ylym, bilim, terbiýe bolsa, döwletimizi we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde esasy binýat bolup hyzmat edýär. Bu babatda ileri tutulýan möhüm ugruň üstünlikli amala aşyrylmagynda mugallymyň ussatlygynyň ähmiýeti ýokarydyr. Okuwçylaryň geografiýa dersine bolan gyzyklanmasyny, höwesini artdyrmakda, dünýägaraýşyny giňeltmekde işjeň usullaryň dürli görnüşlerini peýdalanýarys. Geografiýa dersinden guralýan sapaklarda esasy görkezme esbaby karta bolup durýar. “Karta geografiýanyň ikinji dilidir” diýlip aýdylýar. Çünki, kartasyz geografiýa ylmyny göz öňüne getirmek mümkin däl. Kartalardan sapagyň islendik wagtda peýdalanmak mümkin. Sudur kartada amaly işler geçirilende täze temany berkitmek döwründe ýa-da geçilenleri gaýtalamaga berilýän wagtda ulanmak has-da amatly bolýar. Okuwçylar kartalardan peýdalanmak bilen, köp zatlary çuňňur öwrenýärler, gaýtalamak arkaly bilimini berkidýärler.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä ösüşi bilen deň derejede gidýär, ähli pudaklara täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu işlerde ýaş hünärmenleri taýýarlamak, ylym-bilimi ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şol alnyp barylýan işleriň netijesinde mekdeplerde guralýan sapaklarda tehniki serişdeleri, kompýuterleri, multimedia tagtalaryny ulanmak giňden ornaşdyrylýar.
Bilim ulgamynda döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, biz - ýaşlar sapaklarymyzy döwrebap usullar arkaly, netijeli guramaga çalyşýarys. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Nurjemal MAÝJANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Pedagogika bilimi ugrunyň 2-nji ýyl magistranty.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.