Milli bilim ulgamynyň batly gadamlary

26-12-25

Ýaş nesiller jemgyýetiň işjeň bölegi bolup durýar. Ýurduň, döwletiň geljegi, jemgyýetiň täze ösüş tapgyrlary, köp babatda, ýaş nesliň uly geljek baradaky garaýyşlaryna, bolup geçýän wakalara, özgerişlere bolan gatnaşygyna bagly bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen jemgyýetiniň taryhy ösüşlerine laýyk täze bir nesliň kemala gelendigini aýtmaga bu günki gün doly esaslar bar.

Türkmenistany syýasy, ykdysady we medeni taýdan berk binýatly, ylym we bilim babatda kuwwatly döwlete öwürmek maksadyndan ugur alýan milli bilim syýasaty täze üstünliklere beslenýär. Bilim almaga hukuk Türkmenistanyň raýatlarynyň esasy we aýrylmaz konstitusion hukuklarynyň biri bolup, Esasy Kanunymyzda berkidilen. Bilimiň hemmelere wajypdygyny nazara alyp, ähli bilim edaralary üçin hökmany bolan döwlet bilim standartlary bellenilendir. Bilimi kämilleşdirmek jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň binýady hökmünde Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Bilim ulgamyna dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan ýurdumyz ynsanperwerlik ulgamynda Birleşen Milletler Guramasy we onuň ÝUNISEF, UNFPA, UNDP, ÝUNESKO ýaly düzümleri bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Ýewropa Bileleşiginiň «Türkmenistanda bilim ulgamyna goldaw bermek» taslamasyny durmuşa geçirmegiň birnäçe tapgyrlarynyň çäklerinde Milli bilim institutynyň binýadynda okuw sagatlary, hyzmatdaşlar hem-de halkara derejeli bilermenler bilen duşuşyklar, okuw maslahatlary we dünýä tejribesini ulanmaga hem-de okatmagyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagyna bagyşlanan bilim çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Bilimli nesil — ýagty ertirlerimiziň eýeleri. Ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda göz öňünde tutulýan özgertmeleriň täze tapgyry hem şöhraty belende göterilen türkmen döwletiniň synmaz kuwwaty bolan ýaşlarymyzyň ýagty ertirleri üçindir. Diýmek, ýaşlar syýasaty bilen utgaşykly durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegine we kämilleşmegine, ata Watanymyz Türkmenistanyň dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende göterilmegine mümkinçilik berer.

Bilim edaralarynda okatmagyň sanly usulyna geçilmegi, internet torunyň elýeterli bolmagy dünýäniň abraýly ylmy merkezleriniň möhüm maglumatlaryndan peýdalanmaga itergi berýär. Bilim – ösüşiň netijeli guraly hökmünde islendik döwletiň kuwwatlylygyny kepillendirýär. Bilim – kämilligiň çeşmesi, özgerişleriň gözbaşy. Şol nukdaýnazardan hem, eziz Diýarymyzda alnyp barylýan bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze ruhunda, täzeçil usullarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda barha döwrebaplaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim we ylym ulgamy hem uly üstünliklere beslenýär. Bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär hem-de Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyşmagynyň wajyp şerti bolup durýar. Döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda uly tejribe toplanyldy. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredilýär. Bilim işini döwrebaplaşdyryp, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen ýaşlarynyň üstünlikleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basan ýurdumyzyň üstünlikleridir.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin döwlet tarapyndan göýberilýän serişdeleriň möçberi ep–esli ýokarlandy we häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin gurulýan täze binalaryň sany hem artdy. Bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hiliniň dünýä derejesine laýyk gelýänliginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Munuň özi agzybir, zähmetsöýer, merdana halkymyzyň Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze taryhynyň altyn sahypalaryny ýazýandygyny aňladyp, biz talyp ýaşlaryň buýsanjyny artdyrýar.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Alma ANNABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.