SANLY ULGAM– DÖWREBAP ÖSÜŞIŇ ÖZENI
04-08-21
Ýurdumyzda sanly ulgama geçilmegi, öz nobatynda, mugallymlaryň, talyplaryň öňünde täze mümkinçilikleri açýar. Sanly bilim ulgamy elektron resminama dolanyşygyny guramak, elektron kitaphana, maglumat üpjünçiligi,ugurdaş institutlar bilen göni aragatnaşykda teleköpri arkaly sapaklary geçirmek, bilimleri barlamakda we ony bahalandyrmakda berk gözegçiligi ýola goýmak, olary täze maglumatlar bilen üpjün etmek ýaly ençeme ýeňillikleri döredýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeler, ilkinji nobatda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, ýurdumyzy ylmyň, tehnologiýanyň ösen ýurtlarynyň hataryna goşmaga gönükdirilendir. Türkmenistan döwletimizde iň täze tehnologiýalary peýdalanmak, innowasion önümçiligi ýola goýmak hem-de halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga niýetlenilen ykdysady özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işlerde ösen ýurtlaryň baý tejribelerinden ugur alynýar. Bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimize daýanýan döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde sanly ykdysadyýet ulgamy işjeň hereket edýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar.
Döwlet syýasatynyň esasy maksady ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaklaryny elýeterli etmekden ybarat. Bu wezipäni durmuşa geçirmegiň ilkinji şerti bolsa — kämil bilimli şahsyýetleri kemala getirmekdir. Şonuň üçin-de ýurdumyzda kämil pikirli, sagdyn bedenli, ruhubelent ýaş nesilleri ýetişdirmek, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryny gazanmak üçin döwrebap ylym-bilim ulgamyny döretmek ýaly meseleler esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Şol aladalaryň baş maksady hem türkmen ýaşlaryna dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim ulgamyny elýeterli etmekdir.
Ýurdumyzda sanly ulgamyň şeýle mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň ýolunda durmuşa geçirilen işleriň iň wajyplarynyň biri hökmünde institutymyzda hereket edýän bilim portalyny görkezmek bolar.Ýaşlar näçe bilimli bolsa, Watan şonça kuwwatlydyr. Ata Watanymyzyň milli ykdysadyýetinde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy babatynda talyp ýaşlara berilýän döwrebap bilimiň ösdürilmegi bilen bagly döredýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys!
Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty .
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.