Türkmeniň keşdeçilik sungaty
01-05-25
ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde geçirilen 17-nji mejlisinde ýurdumyzyň «Türkmen keşdeçilik sungaty» atly hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy boýunça köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýar. Bu ýörelge Watanymyzyň döwlet syýasatynyň we daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda döwletara derejede bolşy ýaly, abraýly halkara düzümleriň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny bellemeli. Bu ugurdaky köpýyllyk işiň oňyn tejribesi onuň uly geljeginiň aýdyň subutnamasydyr. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary öz işini hut şu esasda alyp barýar, degişli internet serişdesi hem döredildi.
Geçen ýyllaryň dowamynda dünýä möçberli taryhy we medeni ähmiýeti bolan desgalary öz içine alýan ýurdumyzyň çäginde bar bolan ajaýyp ýadygärlikler, türkmen halkynyň sungatynyň dürli görnüşleri we edebi mirasy ÝUNESKO-nyň sanawlaryna girizildi. 2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşuldy. Şol döwürden bäri ýurdumyz onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar.
Türkmen halkynyň keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen baglanyşykly gürrüňi dowam edip, keşdeçilik sungatynyň milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny bellemeli. Köpasyrlyk milli däpleri dowam etdirip, häzirki döwürde zehinli zenanlarymyz ajaýyp keşdeleri, nagyşlary döredýärler. Olar milli lybaslaryň esasy bezegi, durmuş ulgamynyň aýratynlyklary we amaly-haşam sungatynyň görnükli nusgasy bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanda aýratyn ähmiýet berilýän ugurlaryň biridir.
Ýeri gelende aýtsak, türkmen zenanlary şöhratly pederlerimiziň döredijilik däplerini dowam etdirmek bilen, el işleriniň ussatlary hasaplanýar. Bu ugurda ýokary ussatlyk derejesine ýeten zenanlar toplan baý tejribelerini beýleki milletler bilen paýlaşmaga taýýardyklaryny mälim edýärler.
Häzirki wagtda Aşgabady «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak babatda degişli işler geçirilýär. Munuň özi durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň strategik bölegi hökmünde halkara medeni gatnaşyklary ösdürmekde türkmen paýtagtynyň hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy bolmak bilen, onuň dünýäniň şäherleri bilen özara gatnaşyklaryny giňeltmäge hem mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda Aşgabady «Aziýanyň merjeni» diýip atlandyrýarlar. Paýtagtymyz sebitiň iri işewürlik, medeni we sport merkezi bolup, okgunly ösýän megapolisi — geljegiň şäheriniň täsin nusgasyny özünde jemleýär. Bu ýerde gözellik we amatlylyk, binagärligiň, inženerçilik-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlary hem-de milli binagärligiň öňden gelýän däpleri sazlaşykly utgaşýar.
Şunuň bilen birlikde, ahalteke atçylygyny hem-de türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungatyny we beýlekileri Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak bilen baglanyşykly meselelere garalýar, beýleki hödürnamalary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.
Şeýlelikde, Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlygynyň gerimi yzygiderli giňelýär, däp bolan netijeli gatnaşyklary, şol sanda ekologiýa, bedenterbiýe we sport ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikler açylýar.
Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasy strategiýasy özüniň ajaýyp miwelerini berip, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygyň möhüm şerti hökmünde ynsanperwer gatnaşyklary baýlaşdyrmaga ýardam edýär. Medeni diplomatiýa bolsa daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.