TÜRKMEN SENETÇILIGI ÝUNESKO-nyň SANAWYNDA

03-05-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir şanly wakasy taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyldy. Türkmen halkynyň milli mirasynyň ajaýyp medeni gymmatlyklaryndan biri bolan «Türkmen keşdeçilik sungatynyň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habar kalbymyza buýsanç bolup doldy. Bu çözgüt ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde geçirilen 17-nji mejlisinde biragyzdan kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyzy bu şanly waka bilen gutlady. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýar. Bu ýörelge Watanymyzyň döwlet syýasatynyň we daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Geçen ýyllaryň dowamynda dünýä möçberli taryhy we medeni ähmiýeti bolan desgalary öz içine alýan ýurdumyzyň çäginde bar bolan ajaýyp ýadygärlikler, türkmen halkynyň sungatynyň dürli görnüşleri we edebi mirasy ÝUNESKO-nyň sanawlaryna girizildi. Şolaryň hatarynda Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleri bar. Olar täsin arheologik we binagärlik aýratynlyklary bilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndan görnükli orun aldy. 2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşuldy. Şol döwürden bäri ýurdumyz onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylda ýurdumyzyň ýüztutmasy bilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna “Görogly” dessançylyk sungaty, 2017-nji ýylda “Küştdepdi” türkmen milli aýdym we tans dessury, 2019-njy ýylda bolsa türkmen milli halyçylyk sungaty girizildi. Şeýle-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň girizilendigini bellemek zerur. Bu çözgüt 2021-nji ýylyň dekabr aýynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň 16-njy mejlisiniň dowamynda kabul edildi.

Türkmen halkynyň keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bilen baglanyşykly gürrüňi dowam edip, keşdeçilik sungatynyň milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny bellemek isleýäris. Köpasyrlyk milli däpleri dowam etdirip, häzirki döwürde zehinli zenanlarymyz ajaýyp keşdeleri, nagyşlary döredýärler. Olar milli lybaslaryň esasy bezegi, durmuş ulgamynyň aýratynlyklary we amaly-haşam sungatynyň görnükli nusgasy bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanda aýratyn ähmiýet berilýän ugurlaryň biridir. Ýeri gelende aýtsak, türkmen zenanlary şöhratly pederlerimiziň döredijilik däplerini dowam etdirmek bilen, el işleriniň ussatlary hasaplanýar. Bu ugurda ýokary ussatlyk derejesine ýeten zenanlar toplan baý tejribelerini beýleki milletler bilen paýlaşmaga taýýardyklaryny mälim edýärler. Türkmenistanyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylyň noýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň tertibine hem-de dialogyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda, 23-nji noýabrda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň sanly ulgam arkaly ilkinji mejlisi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň yzygiderli durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasy strategiýasy özüniň ajaýyp miwelerini berip, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän halkara hyzmatdaşlygyň möhüm şerti hökmünde ynsanperwer gatnaşyklary baýlaşdyrmaga ýardam edýär. Medeni diplomatiýa bolsa daşary syýasy strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ýurdumyzyň gadymyýetden gözbaş alýan milli mirasynyň naýbaşy nusgalaryny dünýä tanatmak boýunça alyp barýan uly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.