Belentdedir zenanlaryň sarpasy
03-05-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Diýarymyzda raýatlaryñ bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ählihalk bähbitli tutumly işleri rowaçlandyrmak ugrunda alnyp döwlet syýasaty barha dabaralanýar. Şol sanda ýurdumyzyñ zenanlaryna goýulýan sarpa hem belent derejelere çykýar.
Halkymyzda «Zenan begense, Zemin begener» diýen ganatly söz bar. Zenanlaryň bagty dünýäniň bagtydyr, Watanyň abadançylygydyr. Zenanlaryň şatlygy tutuş adamzadyň şatlygydyr. Döwletli döwranymyza buýsanyp ýaşaýan eneleriň, mähriban gelin-gyzlaryň sarpasy hemişe, baýdak ýaly belentdedir. Munuň şeýledigine Halkara zenanlar güni mynasybetli ähli ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, eýeçiligiň ähli görnüşlerine degişli kärhanalarda we guramalarda hormatly Prezidentimiziň adyndan zenanlarymyza pul sowgatlaryny gowşurmak boýunça geçirilen dabaralar hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmen zenanlarynyň jemgyýetimizde eýeleýän ornunyñ berkidilmegi, olaryň abadan durmuşda ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän giň möçberli asylly işler biziň her birimizi buýsandyrýar. Bu günki günde bagtyýar türkmen zenanlary halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, ylym-bilimde we jemgyýetçilik işlerinde ukyp-başarnyklary, bilim-zehinleri we gazanan tejribeleri bilen ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmen zenanlarynyň maşgala gymmatlyklaryny berkitmekde, milli ýörelgelerimizi dowam etmekde we nesil terbiýelemekde alyp barýan işleri hem bellenilmäge mynasypdyr.
Zenanlar öý-ojagyň söýesi, çagalaryň saýasy hasaplanylýar. Olaryň mähir-muhabbeti, yhlas-söýgisi we terbiýe mekdebi hakyky şahsyýetleriň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Mähriban enelerimiziň hüwdüsinden ganat alan perzentler bolsa il ýurda, ata Watana wepaly nesiller bolup ýetişýärler. Munuň özi jemgyýetimizde kämil ýaşlaryň kemala getirilmegi, sagdyn ösdürilmegi we zamanabap düşünjeli, milli terbiýeli ogul-gyzlaryň sanynyň barha artmagyna itergi berýär.
Berkarar döwletimizde gelin-gyzlara, ene-mamalarymyza goýulýan sarpa we hormat olary mundan beýläk hem ähli babatda gazanylýan köpugurly ösüşlere mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Ýeri gelende Diýarymyzda köp çagaly enelere durmuş ýeňillikleriniň döredilýändigini, olaryň döwlet sylaglary bilen sylaglanylýandygyny hem bellemek örän ýakymly. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrundaky ajaýyp işler bolsa döwletlilik ýolunyň dowamatyna, nesilleri ak ertirleriň bosagasyna atarýar.
Biz şu ajaýyp zamananyň zenanlary bolup, “Enä tagym — mukaddeslige tagzym” diýen arzyly eserleri bilen enä sarpa goýmagyň nusgasyny görkezýän, beýik işleri bilen zenanlaryň ykbalyny gülledýän Gahryman Arkadagymyza, zenan sarpasyny belende göterip, göwünlere ganat berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys. Halkymyzyň baş arzuwyna öwrülen bu alkyşlar dili senaly eneleriň kalbyndan has-da joşgunly çykýar.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işlerine öz mynasyp goşandymyzy goşmak biziň üçin belent mertebedir. Bu ugurdaky işleri döwrüň talabyna laýyklykda güýçlendirmegiň möhüm borjumyzdygyna düşünýäris. Ýaşlary ösen tehnologiýalar döwrüniň talaplaryna laýyk, maşgala gymmatlyklaryna, milli däp-dessurlara sarpa goýmak, Watana, maşgala ojagyna wepalylyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde ukyp-başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.