Gahrymanlar unudylmaýar
24-04-25
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ata Watanymyzy gorap, edermenlik görkezen gahrymanlarymyzyň hatyrasy belentde sarpalanýar. Gerçek ýigitlerimiziň görkezen edermenligi, tylda gije-gündiz arman-ýadaman zähmet çeken ildeşlerimiziň merdanalygy, gaýratlylygy şöhratly taryhyň gatlarynda ebedilik saklanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz türkmen halky hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda toý-baýramlarymyzy uly dabara bilen belläp geçýär. Şeýle baýramlaryň biri-de 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş günüdir.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna biziň ildeşlerimiziň hem müňlerçesi gatnaşyp, olar deňsiz-taýsyz gahrymançylyk görkezdiler. Ýeňşiň gazanylmagyna edermen gerçekler bilen birlikde, tylda galan ýaşuly adamlar, zenanlar, çagalar hem goşant goşdular. Şol ýyllarda tylda zähmet çeken adamlaryň bitiren işleri ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde nusgalyk göreldedir.
Bu elhenç uruşdan soň näçe ýyllar geçse-de, Watan üçin şirin janyny orta goýanlaryň söweş edermenligi, olaryň yzynda maşgala ojagyny saklap galan zenanlaryň zähmet edermenligi hiç haçan unudylmaýar. Şu günki erkana, asuda, bagtyýar durmuşyň hatyrasyna duşmana garşy gazaply söweşlerde janlaryny gurban eden gahrymanlaryň görkezen gaýduwsyzlygy häzirki we geljekki nesillerimiz üçin mertligiň terbiýe mekdebidir.
Milli gahrymanlary hatyralamak halkymyzyň iň gadymy ýörelgeleriniň biridir. Watan ugrundaky söweşlerde gahrymançylyk görkezen batyr gerçekleriň mertebesi elmydama belent tutulýar. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna hem türkmeniň batyr, gaýduwsyz ogullarynyň müňlerçesi gatnaşdylar. Olar doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezdiler. Bu söweşde halklaryň mizemez dost-doganlygy, jebisligi üstün çykdy.
Watanyň asudalygy, il-günüň rahatlygy, ýaş nesilleriň bagtyýar ýaşamagy ugrunda göreşen gahrymanlar kalbymyzda baky ýaşaýarlar. Şeýle esgerleriň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Il-ulsuň parahatlygy ugrundaky söweşde Berdimuhamet aga agyr ýaralanyp, harby hassahanada saglygyny dikeldenden soňra, dogduk mekanyna gaýdyp gelýär. Onuň tyla gelmegi bilen obadaşlarynyň, hususan-da, ýaş nesilleriň durmuşynda uly özgeriş bolýar. Watan gahrymany ilaty sowatly etmekde, çagalara bilim bermekde, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde uly işleri bitirýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly romanlarynda giňişleýin gürrüň berilýär. Bu ajaýyp eserlerde baş gahrymanlaryň ykbaly bilen bilelikde halkyň tylda görkezen gahrymançylygy hem degişli taryhy maglumatlaryň üsti bilen beýan edilýär.
Urşuň yzynda galan adamlar tutanýerli zähmet çekip, tygşytlan serişdeleriniň ençemesini goranmak gaznasyna tabşyrdylar. Türkmen gelin-gyzlary bolsa ýeňşiň hatyrasyna altyn-kümüş şaý-seplerini, dokma önümleriniň ençemesini, ellikdir joraplaryň ýüzlerçesini goranmak gaznasyna bagyş etdiler. Munuň özi türkmen halkynyň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda bir jan, bir ten bolup göreşendiginiň ajaýyp mysalydyr. Şeýle asylly hereketler, agzybirlik we jebislik halkymyzy Beýik Ýeňşe ýetirdi. Bu günki gün Watanyň erkinligi, halkyň parahatçylygy ugrunda gaýduwsyzlyk görkezen gahryman ogullar ýatdan çykarylmaýar. Watan gahrymanlarynyň ömri, görkezen edermenligi elmydama tarypa mynasypdyr. Ýaş nesiller olaryň asylly ýörelgelerinden ugur alyp, watansöýüjiligiň beýik mekdebine tagzym edýärler.
Watan mukaddesligini belende götermek, ak ýürekden yhlasly we halal zähmet çekmek her bir ynsan üçin uly mertebedir, egsilmez bagtdyr. Ata Watan üçin nesilleriň hatyrasyna edilen her bir gahrymançylykly hereket taryhda ömürlere nusgalyk ýörelgedir.
Ata Watany söýmegiň we goramagyň hatyrasyna gahrymançylygyň müdimi nusgalaryny döreden merdana ata-babalarymyz 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanan Ýeňşinde edermenligiň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, türkmen halkynyň at-abraýyny belende galdyryp, şan-şöhratyny dünýä ýaýdylar. Watana söýgi, mertlik we edermenlik halkymyzyň müňýyllyklardan gaýdýan kämil, özboluşly häsiýetleriniň gözbaşydyr. Watansöýüjilik, ynsanperwerlik, agzybirlik, haýyr-sahawatlylyk, akýüreklilik, lebzihalallyk pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda döreden durmuş kadalarydyr.
Halkymyz gahrymanlarça söweşip Watan üçin janyny orta goýan gerçeklerini hiç haçan unutmaýar. Ýeňiş gününde gahrymanlaryň hatyrasyna «Baky ot» ýadygärligine gül desselerini goýmak, olaryň ruhlaryny şat edip sadaka bermek biziň ählimiziň raýatlyk borjumyzdyr.
Watan gahrymanlarynyň hatyrasyny belentde sarpalaýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Annagözel ATAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň uly mugallymy.
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.