Terbiýeçilik ähmiýetli eser
09-08-21
Hormatly Prezidentimiziň dürli ugurlarda ýazýan eserleri ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli adamlaryň uly höwes bilen okaýan ýan kitabyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň eserleriniň her bir çuňňur many-mazmuna ýugrulyp, terbiýeçilik ähmiýeti diýseň uly. Şeýle terbiýeçilik ähmiýetli eserleriniň biri "Ena-tagzym mukaddeslige tagzym" eseri. “Sözden başlanýan ägirtlik”, “Öý ojagyň gelşigi”, “Ene-ulus-iliň enesi, çäksiz hormat eýesi”, “Ene-döwletlilik” diýen dört baby özinde jemleýän bu eser türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilmegi diňe bir öz ýurdymyzda däl-de eýsem dünýäniň onlarça ýurdynda okyýjylarynyň köpdigini aňladýar.
Aýratynda bu eser Watanymyzyň gelejegi bolan ýaş nesillerimizi ata Watana, öý-ojaga wepaly bolup ýetişmekliginde terbiýeçilik ähmiýeti örän ulydyr. Kitapda Ogulabat ejeniň ogluna berýän öwüt ündewleri, uzak ýollara gidende edýän ýagşy arzuw niýetleri, rowaýatlarbeýan edilýär. Kitapda beýan edilýän her bir jümleler biz ýaşlara işimizde, durmuşymyzda görelde mekdebi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň şeýle sözleri bar, - Howlymyzyň bir çetinte ullakan tamdyr bardy. Ejemjan günaşa diýen ýaly tamdyrda çörek ýapýardy. Her gezek hem gyzgynjak çörekden goňşularymyza paýlaýardy. Şonda kiçi uýamyň eline bitin çöregi berip, ýarty çöregi hödür etmegiň türkmençilikde halanylmaýandygyny gürrüň berýärdi. Hödür eden ýarty çöregiň – ýarty rysgalyň, bitin çöregiň – bitin rysgalyň. Şonuň üçinem rysgalyňy bölmeli däl, bitinligine berseň, uly rysgal saňa gaýdyp geler. “Ber, bereketiň artar!” diýilmeginiň manysyny düşündirýärdi.... diýen täsirli nesihatlaryny okamak bolýar. Şeýle pähim-paýhasa baý milli Liderimiziň ajaýyp kitabynyň höwri köp bolsun.
Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.