“Türkmenhowaýollary” agentligi halkara bäsleşik yglan edýär
13-08-21
“Türkmenhowaýollary” agentligi Jebel şäherinde halkara howa menzilini
gurmak boýunça halkara tender yglan edýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligi Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde sagatda 100 ýolagçy gatnatmaga ukyply halkara howa menzil toplumynyň taslamasyny düzmek we dolulugyna gurmak boýunça halkara tenderiň möhletini uzaldýar
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler ýazmaça arzasyny tabşyryp, bäsleşige gatnaşmak üçin 500 ABŞ dollar möçberde (goşulan baha üçin salgydy we bank töleglerini hasaba almazdan) tölegini tölemeli. Bäsleşik teklipli bukjalar Türkmenhowaýollary” agentliginiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar.
Arzalar we bäsleşik teklipler ýollanma haty bilen bilelikde “Türkmenhowaýollary” agentliginiň № 417, 437 otaglaryna tabşyrmaly.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipler kabul edilmeýär.
Bellik:ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär.
Telefon belgiler:
44-31-43; 44-30-38;
44-30-73; 44-31-91.
Türkmenistan, Aşgabat ş. A.Niýazow k. 326
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.