«Sanly çözgüt 2021»
16-08-21
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ulgamlar boýunça başarnykly we tejribeli hünärmenleri, esasanda häzirki tehnologiýa döwrüniň talaplaryna laýyk gelýän IT tehnologiýalardan baş alyp çykýan türkmen ýaşlaryny kemala getirmek üçin döwrebap bilim we innowasiýa usullaryny özünde jemleýän şertler döredilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, durnukly ösüş syýasatynyň dabaralanmagy bilen sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýurdumyzda kompýuter ylymlary we tehnologiýanyň innowasiýa usullary bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan her ýyl, «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçirilýär.
Şu ýyl hem, «Sanly çözgüt 2021» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan edildi. Innowasion oýlamalar bilen meşgullanýan zehinli ýaşlar tehnologiki amatlyklary durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen täze oýlanmalar esasynda düzülen programma üpjünçilikleri bilen bu bäsleşige gatnaşyp bilerler.
Bäsleşigiň ugurlary:
– saglygy goraýyş
– ylym we bilim
– senagat
– ulag we kommunikasiýa
– hyzmatlar ulgamy
– orta we kiçi telekeçilik
– akylly şäher
– robototehnika
Bäsleşigiň ugurlary boýunça ýurdumyzyň ähli fiziki we ýuridiki şahslary aragatnaşyk ulgamy boýunça amatlyklary düzmek we işläp taýýarlamak, robototehnikalar bilen durmuşymyza täze ýeňillikler girizmek ýaly şertlere esaslanyp, özleriniň täze programma üpjünçilikleri we innowasion oýlap tapmalaryny bäsleşige hödürläp bilerler.
Bäsleşigiň ugurlary boýunça ýeňiji bolan ýaşlara gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşurylar. Bäsleşige degişli maglumatlary almak we bäsleşige gatnaşmak telecom.tm internet saýtynda amala aşyrylýar. 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli bäsleşige gatnaşmak isleýänleriň teklipleri kabul edilýär.
«Sanly çözgüt 2021» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşykly milli ýörelgelerimiz esasynda sanly ulgama geçmekligiň strategiki pikirlerini we gelejege bolan garaýyşlaryny durmuşa geçirmegiň özenini beýan edýär.
Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk
kompaniýasynyň hünärmeni.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.