ŞALYŇ IDEGI ÝETIRILÝÄR
24-08-21
Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy ulydan toýlanýar. Ýurdymyzyň bu baş baýramyna özleriniň zähmet sowgatlary bilen barmagy maksat edinýän Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şaly kärendeçileri 8100 gektar ýerden 35000 tonna şaly hasylyny öndürmegi göz öňünde tuty, her bir agrotehniki çäreleri ýokary hil derejesinde berjaý edýärler, şalynyň kadaly ösüşini gazanýarlar.
Şaly meýdanlara ideg etmekde S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileri aýratyn tapawutlanýar. Hojalykda şu ýyly 4750 gektar ýere şalynyň biziň toprak howa şertlerimize oňat uýgullaşan görnüşleri ekilip, birtekiz kadaly gögeriş gazanyldy. Şonça gektar ýere daýhançylykdan baý iş tejiribe toplan kärendeçileriň 416-sy eýeçilik edip, olaryň her biri özleriniň gatnaşmagyndaky şaly meýdanlaryň idegini kemsiz berjaý edýärler. Şaly ekini köp suwy talap edýär. Şaly meýdanlaryna suwyň talabalaýyk tutulşyna daýhan birleşiginiň miraby Amanmyrat Hojaýew berk gözegçilik edip, her bir damjasy altyna deňelýän suwy tygşytly ulanmaga, rejeli peýdalanmaga çalyşýar.
Häzirki wagtda şaly meýdanlary goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirýärler. Hapa-haşal otlardan goramak işlerini dowam etdirýärler. Ideg işleri kemsiz berjaý edilen şaly meýdanlary synlanyňda bol hasylyň kemala geljegine bolan ynamyň artýar. Göreldeli kärendeçilerden Meretgeldi Öräýew, Meretdurdy Amanow, Nurýagdy Gurbangylyjow, Güýçmyrat Garlyýew dagylary görkezmek bolar. Bu kärendeçileri görelde edýän hojalygyň beýleki şaly kärendeçileri hem her bir agrotehniki çäreleri öz wagtynda ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Munuň özi bol şaly hasylynyň kemala gelip, azyk bolçylygynyň döredilmegine uly mümkinçilik berer.
Döwletgeldi SAPAROW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatyny
S.Türkmenbaşy etrap komitetiniň buhgalteri.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.