Sanly ulgama täze gadam

24-08-21

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda iň kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tehnologiýa döwrüniň bäsleşige ukyply innowasiýa ösüşlerini ýurdumyzyň durmuş we ykdysady şertlerine ornaşdyrýar.

Häzirki wagtda, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ-ti tarapyndan Aziýanyň merjen şäheri diýlip ykrar edilen, Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynyň täze 140 sany 2 gatly ýaşaýyş jaýlaryna, 11-nji kiçi etrapçasynyň we 16-njy tapgyryň ýaşaýyş jaý toplumlaryna, Büzmeýin etrabynyň täze ýaşaýyş jaý toplumlaryna GPON tehnologiýasy ornaşdyryldy. GPON tehnologiýasynyň optiki kabelleri müşderileriň öýlerine çenli gurnalýar we olar optiki ONT terminallaryna birikdirilýär.  

Bu bolsa, müşderilere durnukly signally we ýokary derejeli maglumat geçiriji internet hyzmatlaryndan, ýokary hilli IP telewideniýe, öý telefon hyzmatlary we dürli aragatnaşyk ulgamynyň ygtybarlylygyny üpjün edýän telekommunikasiýa hyzmatlaryndan giňden peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Döwrebap tehnologiýalaryň ýurdumyza giň gerim bilen tapgyrma-tapgyr ornaşdyrylmagy we enjamlaşdyrylyp ulanyşa girizilmegi, durmuş ýagdaýlarynda we jemgyýetçilik işlerinde oňyn netijelerini berýär. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimizi döwrebap ýol bilen ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak maksady bilen sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňde goýulan wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar.

Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hünärmeni.

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.