Ýaşlar we Bitaraplyk
05-05-25

Baky Bitaraplyk türkmen ýaşlarynyň hem ykbalyna baky bagt getirdi. Munuň şeýledigini Bitaraplyk ýyllarynda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi hem aýdyň subut edýär. Ösen jemgyýetimiziň işjeň güýjüne öwrülen türkmen ýaşlarynyň kämil bilimli we mynasyp medeniýetli bolup ýetişmegi hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen baglydyr. Şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen ýaşlarynyň medeniýetli nesliniň kemala gelmegi ugrunda döwlet tarapyndan tagallalar edilýär.
Berkarar döwletimiziň ösüş strategiýasy täze gymmatlyklary özleşdirip erkinlik we ynamlylyk duýgusyna we döredijilik aňyna hem-de ukybyna eýe bolmagymyza getirdi. Şeýle täsirlilige eýe bolmaklyk üçin bu taglymat, bir tarapdan, türkmeniň asyl ruhy gymmatlyklarynyň döwrebap häsiýete eýe bolmaklygyna esas döretse, ikinji tarapdan, döwrüň gymmatlyklaryny milli ölçegleri ulanyp, olara ynsanperwer häsiýet berýär. Milletiň şeýle ukyba eýe bolmaklygy, onuň ruhy galkynyşy esasynda mümkin bolýar. Munuň özi biziň döwletimizde ýaşlar meselesine juda jogapkärçilikli çemeleşilýändiginiň subutnamasydyr. Milli Liderimiziň baştutanlygynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň ýolunda döwlet tarapyndan ýaşlara goldaw bermegiň anyk ugurlarynyň ýola goýulmagy we bu ugurda geçirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi, ýaş maşgalalar üçin elýeterli nyrhlardan ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça geçirilmeli işleriň kämilleşdirilmegi, çetki ýerlere işe iberilýän ýaş hünärmenleriň maşgalalaryny we beýleki ýaş maşgalalary ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň işlenip düzülmegi ýaly wezipeleri amala aşyrylýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde sazlaşykly we maksadalaýyk amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýaşlaryň arasynda jemgyýetçilik işini durmuşa geçirmegi hem-de bu babatda halkara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli alnyp barmagy möhüm ähmiýete eýedir.
Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde giň gerime eýe bolan halkara gatnaşyklarynyň düzüminde ýaşlar syýasaty boýunça hyzmatdaşlyklaryň rowaçlanmagy hem bagtly ýaşlar hakynda gürrüň edilende uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Çünki ýaşlaryň ähli babatda kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini nazarlaýan ýaşlaryň meseleleri boýunça alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygy bu ýyllarda has işjeň hem netijeli häsiýete eýe boldy.
Ýyllarboýy Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli, oňyn başlangyçly, hoşniýetli goňşuçylykly bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip gelýär. Ýurdumyzyň Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmak, howpsuzlygy üpjün etmek we parahatçylygy pugtalandyrmak, sebit derejesinde ýakyn-u-alysdaky ýurtlaryň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam etmek babatdaky tagallalary ählumumy ykrarnamasyna eýe bolýar.
Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän belent maksatlarynyň, oýlanyşykly wezipeleriniň hatarynda dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmegiň ileri tutulmagy we olara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesliniň aýratyn ornunyň ykrar edilmegi bellenmäge mynasyp. Çünki häzirki wagtda Ýer ýüzünde-de, Türkmenistan döwletimizde-de ilatyň aglaba bölegini ýaşlar eýeleýär. Şoňa görä-de, ýaşlar başlangyçly, gujurly, tutanýerli, köptaraplaýyn ukyplarynyň we mümkinçilikleriniň ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylmagynda möhüm hereketlendiriji güýç bolup çykyş edýär diýsek ýalňyşmarys. Ýurduň geljegi bolan ýaş nesliň işjeň we başlangyçly ornunyň ykrar edilmegi bolsa, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda ileri tutulýar.
Soňky wagtlarda halkara jemgyýetçiliginiň parahatçylygy üpjün etmäge, dünýä halklarynyň häzirki we geljekki durmuşynyň abadan bolmagyny gazanmaga äşgär çagyryşlar giň gerime eýe bolýar. Olaryň esasy wezipesi-de her bir döwletiň ykbalyna täsir edýän çylşyrymly ýagdaýlaryň oňyn we özara bähbitli çözgüdini tapmak, düşünişmegi we ynanyşmagy gazanmak bilen gönüden-göni baglydyr.
Dünýä bileleşiginiň hemmeler üçin parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy we adalatly durmuşy gazanmaga bolan meýillerinde ýaşaýşyň dowamlylygyny üpjün edýän ýaşlaryň hem jogapkärli orny eýeleýändigini görmek bolýar.
Elbetde, ýaş nesliň wekilleri özleriniň nähili geljegi isleýändiklerini çürt-kesik suratlandyrmaga hem-de bu ugurda geçirilmeli häzirki zaman we ter çäreleri teklip etmäge ukyplydygy şübhesiz. Olaryň öňe çykarýan esasy talaplary, hususan-da, bilim, iş bilen üpjünçilik, adalatlylyk, çözgütleri kabul etmäge işjeň gatnaşmak ýaly ugurlar bilen baglydyr. Bu ugurlaryň nazara alynmagy ýaşlaryň ornunyň ykrar edilýändigini görkezýär, ýaş nesliň höwesini artdyrýar, watansöýüjilik duýgusyny galkyndyrýar.
Bu aýdylanlar ýaşlar baradaky aladanyň biziň döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň üns merkezindedigini görkezýär. Şunuň ýaly uly alada bilen gurşalýan biz ýaşlaryň bolsa halkymyzyň mundan beýläk hem bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge goşant goşmak hakyndaky jogapkärçiligimizi has-da berkidýär. Ähli babatda medeniýetli nesiller hökmünde kemala gelip jemgyýetimiň ösmegine mynasyp goşantlarymyzy goşmak we Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň hatyrasyna zähmet çekmek biziň üçin uly bagt hem perzentlik parzydyr.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ uly mugallymy.

IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.