Bag — durmuşymyzyň we dünýämiziň bezegi

05-05-25

Ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda tebigaty goramaga, baýlaşdyrmaga, daşky gurşawyň, ekologiýanyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, mähriban Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bu babatdaky köp sanly derwaýys çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Her ýyl Milli bahar baýramynyň öň ýanynda bag ekmek dabaralarynyň guralmagynyň  ajaýyp däbe öwrülmegi munuň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiziň häzirki dowam edýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda bu ählihalk çäresini 21-nji martda geçirmek baradaky Karary kabul etmegi hem uly ähmiýete eýedir.

Tebigata söýgi bilen seredip, ony has-da gülzarlyga öwürmek işine halkymyz örän jogapkärçilikli çemeleşýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şu baharynda-da milletiň asyrlaryň jümmüşinden kök alyp gaýdýan bag ekmek ýörelgesiniň rowaç gadamlary zamanamyzyň belent ruhy bilen utgaşyp, göwünlere galkynyş paýlady. Bu çäre ekologiýa abadançylygynyň barha pugtalandyrylýandygynyň mizemez subutnamasydyr.

Ýurdumyz günsaýyn gür baglyga, sergin howaly jenneti mekana öwrülýär. Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda edilýän işlere mysal hökmünde ýurdumyzda her ýylda güýzki we ýazky bag ekmek möwsümleriniň geçirilip, millionlarça agaç we bag nahallarynyň oturdylmagyny görkezmek bolar. 21-nji martda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi.

Asylly däbe öwrülen ýazky ählihalk bag ekmek dabaralary her ýyl aýratyn öwüşginlere beslenýär. Sebäbi bu çäräniň halkymyzda täzelenişiň baýramy hasaplanylýan Milli bahar baýramy bilen utgaşdyrylyp geçirilmegi, oňa göwünleri ýaz ýakymyna beslenen ýaşuly we ýaş nesilleriň ählisiniň agzybirlikde, uly hyjuw bilen gatnaşmagy ählihalk bag ekmek dabarasyny ählihalk baýramyna öwrüp goýberýär diýsegem, lap etdigimiz bolmasa gerek.

Bagyň howany arassalaýandygy, onuň düzümindäki zyýanly maddalary özüne siňdirýändigi, netijede ekologiýa abadançylygyny üpjün edýändigi ylym tarapyndan bireýýäm subut edildi. Hut şol sebäpden-de, häzirki wagtda bütin dünýä şu ýol arkaly ekologiýa howpsuzlygyny döretmäge çalyşýar. Bu babatda birnäçe halkara guramalary hem hereket edýär. Biziň ýurdumyz olaryň birnäçesiniň agzasy we «ýaşyl» diplomatiýany ösdürmek, tebigy gorlary netijeli ulanmagyň hasabyna işjeň ykdysady ösüşi üpjün etmek, dünýä halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durnukly ekologiýa ösüşini gazanmak bilen bagly teklipleri yzygiderli hödürleýär, kämil ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirýär.

Şeýle bolansoň, bag ekmek ýaly parz işe her bir ynsan döwtalap. Her bir ynsan, bolmanda bir agaç ekip, ýaşyl gurşawa, ekologiýa sagdynlygyna öz şahsy goşandyny goşmak isleýär. Kesewini dürtseň hem pür-pudak ýaýradýan bu toprak bolsa, şeýle dünýä ähmiýetli maksady kalbyna gaplan ynsanyň mähir-muhabbeti, howandarlygy bilen ýene-de rysgal-bereket eçilýär.

Gözel durmuşymyzyň bezegi bolan baglar barada halk arasynda kalba ýakyn jümleler  hem ýörgünlidir. «Bir agaç ekseň ýaşyň bakydyr», «Bagym bar, barym bar», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki» ýaly nakyllar we atalar sözleri halkymyzyň bag ekmeklige aýratyn hormat bilen garandygynyň alamatydyr. Bu gadymy döwletli ýörelgelerimiziň esasynda bolsa halkymyzyň zähmetsöýerlik, watansöýüjilik, tebigata aýawly çemeleşmek ýaly asylly häsiýetleriniň jemlenendigini görmek bolýar. Ekilen baga ideg edilip, onuň gowy boý almagyna we kadaly ösmegine aýratyn gözegçilik edilipdir. Bag ekmek bilen halkymyz tebigatyň gözel görke eýe bolmagyna we ekologiýanyň arassa saklanylmagyna jogapkärli çemeleşipdir. Türkmen edebiýatynyň nusgawy we ajaýyp eserlerinde hem bag ekmegiň ähmiýeti çeper suratlandyrylýar. Ýazyjy-şahyrlarymyz özleriniň döredijiliginde bag eken adamyň adynyň baky ýadygär galjakdygyny goşgy setirlerinde joşgunly beýan edýärler.

Bu haýyrly we sogaply işe biziň ýokary okuw mekdebimizde hem ykjam taýýarlyk görüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kabul eden Kararyny iş ýüzüne geçirmek maksady bilen, şu günler institutymyzyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary okuwdan boş wagtlary agaç nahallary ekiljek meýdanlarda taýýarlyk işlerini geçirdiler. Şonda ýokary okuw mekdebimiziň okuw-tejribe meýdançalaryna, talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregine, ýanaşyk ýollaryň, ýaplaryň gyralaryna agaç nahallaryny oturdyldy, suw akabalary arassalanyldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ uly mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.