ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-YNSAN ÖMRÜNIŇ RAHATLYGY

30-08-21

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ilatyň saglygyny we asuda ýaşamagyny üpjün etmek maksady  bilen ençeme işler durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygy geçirilýär. Biraýlygyň dowamynda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça giň gerimli çäreler guralýar. Bu geçirilýän çäreler toplumy, ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi arkaly ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýynyň ýokarlanmagyna amatly şertleriň, şol sanda ýolagçylary gatnatmagyň we ýük daşamagyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerur bolan şertleriň döredilmegi oňyn täsir edýär. Bu bolsa, awtomobil ýollarynyň howpsuzlygyna hem baglydyr. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde we welaýatlarymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap ulag ýollarynyň dünýä ülňülerine laýyk derejede gurulmagy we täze tehnologiýalaryň ýollarda ornaşdyrylmagy, öňki bar bolan ýollarynyň durkunyň täzelenmegi döwletimiziň ulag ulgamyny ösdürilmegi ugrunda edilýän işleriň netijesi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýol gurluşyk işleri we öňkileriň bar bolanlaryny durkuny täzelemek diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem welaýatlaryň dürli künjeklerinde bu işler giň gerimde alnyp barylýar.

Ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty, ýerüsti geçelgeleriň, hereketiň kadaly ýola goýulmagyna mümkinçilik berýän ýol yşyklarynyň we beýleki degişli belgileriň bolmagy sürüjilere we pyýadalara hereket etmekde ähli mümkinçilikleri we amatly şertleri döredýär. Şeýle-de ýurdumyzda gurulýan dürli maksatly häzirki zaman binalarynda, ýaşaýyş jaýlarynda, jemgyýetçilik binalarynda hereket etmek mümkinçiligi çäkli adamlar üçin zerur bolan şertler hem göz öňünde tutulýar. Gurlup ulanylmaga berilýän pyýada geçelgelerde, köprülerde hereket etmek, ýollardan howpsuz geçmek üçin şertleriň göz öňünde tutulmagy adamlaryň abadan we rahat durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Diýarymyzda awtoulaglaryň hereket edýän döwrebap ýollarymyzda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça, ynsanlaryň janyny, saglygyny we emlägini hem-de daşky gurşawymyzy gorap saklamak üçin döwletimizde döwrebap milli ulag kanunlar bar. Olaryň hatarynda 2012-nji ýylyň 30-njy martynda kabul edilen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny görkezmek bolýar. Bu kanun, ýurdumyzyň çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk esasyny kesgitleýär, ýol hereketiniň howpsuzlygy çygrynda döreýän gatnaşyklary düzgünleşdirýär we raýatlaryň janyny, saglygyny we emlägini gorap saklamagy üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilen. Şeýle-de Kanuna laýyklykda ýol hereketine gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň ýollary boýunça hereketiň howpsuz şertlerine bolan hukuklary döwlet tarapyndan kepillendirilýär we ýol hereketiniň howpsuzlygy çygrynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we halkara şertnamalaryny ýerine ýetirmek ýoly bilen üpjün edilýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürip bu babatda birnäçe Konwensiýalar goşuldy. Olaryň hatarynda 1993-nji ýylyň 20-nji maýynda “Ýol belgileri we duýduryşlary” hakyndaky (8.11.1968ý. Wena şäheri) hem-de “Ýol hereketi hakyndaky”  Konwensiýalara goşuldy. Bu Konwensiýalarda halkara ýol hereketiniň ýeňilleşdirilmegi hem-de ýollarda howpsuzlygyň ýokarlandyrylmagyny  birmeňzeş ýol hereket kadalarynyň, signallarynyň, ýol bellikleriniň birmeňzeşliginiň üpjün edilmegi düzgünleşdirilýär.

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, döwletimizde awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini talabalaýyk taýýarlamak boýunça dünýäniň iň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen okuw merkezleri döredildi. Olar ýeňil awtoulag okuw türgenleşik serişdeleri, kompýuterleşdirilen okuw otaglary bilen üpjün edilip, sapaklary interaktiw usulda alyp barmaga niýetlenendir. Ýurdumyzda häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan awtoşäherleriň gurlup ulanylmaga berilmegi, nazaryýet taýdan sürüjileriň ýol hereketine gatnaşanlarynda olardan hökmany peýdalanmagy ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün edilmegine berilýän ünsüň netijesidir.

Däp bolşy ýaly biraýlygyň dowamynda diýarymyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde mekdeplerinde, edara-kärhanalarda ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň işgärleri, mekdep mugallymlary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň işgärleri tarapyndan ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak babatynda wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Şeýle-de paýtagtymyz Aşgabatda ýaşlara ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryny öwretmek babatynda Çagalar awtomobil şäherjigi hereket edýär. Bu awtomobil şäherjiginiň binasynda ýerleşdirilen ýol hereketiniň muzeýi hereket edýär. Muzeýiň köp dürli bölümleri Ýol gözegçilik gullugynyň taryhy we ilkinji awtoulaglaryň ýurdumyzyň ilatly ýerleriniň köçelerinden gatnap başlan wagtyndan bäri geçen döwür hakynda gürrüň berýär. Ýol gözegçilik gullugynyň taryhy baradaky bölümde aragatnaşyk serişdeleri we enjamlary, dürli ýyllaryň ýol hereketini kadalaşdyryjylaryň hem-de gözegçileriň lybaslarynyň görnüşleri, gullugyň döreýşi we işi, şol sanda ösüp gelýän nesle köp gatnawly köçelerde howpsuz hereket etmegi öwredýän asylly iş hakynda gürrüň berýän suratlar we wideofilmler saklanýar. Awtoulaglaryň nusgalary boýunça dürli ýyllaryň ýol gözegçileriniň ulanan awtomobilleri hakynda düşünje almak bolýar. Şeýle hem ýol gözegçilik gullugynyň häzirki gününe bagyşlanan bölüminde döwrebap esbaplar, radarlar, ýörite tehnikalaryň nusgalary, ýol hereketini kadalaşdyryjylaryň ýokary tehnologiýaly taýaklary, ulag gatnawynyň ýygylygyny we tizligini kesgitleýän we hasaba alýan ýol hereketini dolandyryjy ulgamlar görkezilýär. Ýollarda düzgün-tertibe gözegçilik edýän köpsanly awtomatiki radarlar we wideokameralar bu ulgama ornaşdyrylýar.

 Umuman, ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen baglanyşykly yzygiderli geçirilýän çäreler ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilmegine, ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagyna, şeýle hem, adamlary hukuk kadalaryny hormatlamak ruhunda terbiýelemäge ýardam berýär.

Arslan MÄMMETORAZOW, 
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.