Gelse Nowruz ilime...
16-03-24

Nowruz baýramy öz köklerini taryhyň gadym döwürlerinden alyp gaýdýar. Bu baýramçylyk barada nusgawy şahyrlarymyz hem öz döredijiliginde uly joşgun bilen, guwanç bilen agzap geçýärler. Ylaýta-da Nowruz barada, onuň asmany-zemini jana getirişi hakynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy şeýle çeper we jaýdar belläp geçýär:
- Gelse Nowruz äleme, reý kylar jahan peýda,
Ebzler owaz urup, dag kylar duman peýda.
Ata-baba bellenilip gelinýän Nowruzda ýaşaýşymyzyň ençeme ruhy-medeni kökleri bar. Türkmeniň taryhy bilen gönüden-göni bagly Nowruzda bişirilýän semeni toý saçaklarynyň bezegi bolupdyr. Oňa “Äşe-Patmanyň aşy” hem diýipdirler. Halkymyz Nowruzda semeni bişirip, ony ýedi öýe paýlasaň, rysgal-döwlet getirýär diýip ynanypdyr.
Bugdaý – baş ekin, baş tagam hasaplanypdyr. Bugdaýdan diňe bir semeni däl, her dürli tagamlary taýýarlapdyrlar. Çörek, gowurga, bulamak, şerbet ýaly tagamlar toý saçagynyň bezegi bolupdyr.
Gök maýsadan sykylyp alnan şerbedi garramazlygyň, uzak ýaşamagyň dermany hasaplapdyrlar. Şinelän bugdaýy çörek ýerine iýseň, gözüň görejini ýiteldýär, dişiňi bekeldýär.
Nowruzdan soň tebigatda hakyky janlanyş başlanýar. Türkmen yrymlarynda «Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir» diýlip, ýöne ýere aýdylmandyr. Ata-babalarymyz hut Nowruz güni tebigaty synlap, tutuş ýylyň nähili boljakdygyny kesgitläpdirler. Ol çaklamalara görä, Ňowruzda ýagyş geçiniň şahyny ezip gitse, onda ýyl j hasylly bolar, Nowruzda howa bulutly bolsa, iýun aýyna çenli bulut köp bolar, Nowruzda gar-ýagyş ýagsa, ýyl hasylly geler. Nowruz sözi «Täze gün» diýmegi aňladýar. Ol pasyl çalşyp, täze başlangyjy aňladýar. Nowruz haýwany- ynsany, öt-çöpleri bogun-bogun söküp täzeden jana getirýär.
Nowruzda howa sowuk bolsa, däneli ekinler hasylly geler diýip çaklapdyrlar. Hatda Burkut babanyň ýoluna depäniň üstünde bir geçini daňyp goýupdyrlar. Göýä, otsuz-suwsuz duran janawaryň sesine çydaman, Burkut baba ýagyn iberýärmiş. Gadymy döwürde Nowruzda ýagyş ýagmasa, adamlar ýörite sanawaçlaryny sanar ekenler, doga-dilegler eder ekenler. Nowruzda ýagyş ýagsa ýyl hasylly, bolçulyk bolar diýip hem yrym edilýär. Nowruzyň özü-de şeýle diýermiş: “Men hiç bolmasa keýigiň şahyny öllärin welin, ýagaryn”. Bu sözler bahar paslynyň tebigaty jana getirmegi üçin ygalyň hökmanlygyny aňladýar.
Iň esasy zat hem 21-nji martda gündiz bilen gije deňleşýär.
Nowruz hakynda halk arasynda şeýle nakyllar hem döräpdir:
- Nowruzda doglan çaga bagtly bolar.
- Nowruz keýigiň şahyny ezse hasyla garaş.
- Nowruz geçmän, dertli dertden sabamaz.
- Nowruz gelse, buz durmaz, halady geçen – gyz.
Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň – ýaz.
Halkymyzda Nowruz güni dogan-garyndaşlaryňka myhmançylyga barmak sogap hasaplanylýar. Bu baýramda täze geýimler geýmek hem oňatlyga ýorulýar. Dessura eýerilip, otdan bökülýär. Şeýle-de baýramçylyk suprasynyň başynda maşgalanyň ähli agzalary jemlenip oturýar. Datly tagamlardan dadyp, birek-birege ýagşy doga-dilegler, arzuw-islegler aýdylyp, şatlyk-şagalaň bilen baýramçylyk bellenýär.
Nowruz biziň öýlerimize rysgal-döwlet, kalbymyza şatlyk, ruhumyza täze umytlar getirýär. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Leýli NURMYRADOWA,
Halkara Ynsanperwer Ylymlary we Ösüş Uniwersitetiniň Halkara hukuk we halkara gatnaşyklar fakultetiniň Halkara hususy hukuk hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.