Bagtyýar durmuşyň bagt mukamy
25-05-23
Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryna ajaýyp döredijilik sowgady bolan «Ýaşlara gutlag» atly aýdyma bagyşlanyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşlara gutlag» eseri — bagtyýar durmuşyň bagt mukamy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Onuň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlar bagtyýar ýaşlygyň, ajaýyp döwrümiziň, şanly ýylymyzyň belent waspy bolup ýaňlandy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň al-elwan baharynyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň döreden «Ýaşlara gutlag» atly aýdymy türkmen ýaşlarynyň ak ýolunda pederleriň ak patasy bolup ýaňlandy. Ene-atanyň ýürek duýgusyny özünde jemleýän täze, belent ruhly aýdym bu gün bagtyýar ýaşlaryň ýürekleriniň mähir mukamyna öwrüldi. Milli Liderimiziň ylhamyndan joşup çykan «Ýaşlara gutlag» aýdymy durmuş ýolunyň özboluşly senasyna öwrülmek bilen, ýaşlaryň bagt toýlarynda belentden ýaňlanmaga mynasypdyr. Çünki onda ene-atalaryň ählisiniň kalbyny bir owazda birleşdirýän iň nurana duýgularyň beýany jemlenen.
Milli Liderimiziň her bir eserinde döwrümiziň ruhy joşguny aýdyň duýulýar. Şu ýylyň bosagasynda-da Gahryman Arkadagymyzyň «Dowam bolsun!» atly şygry arzuwlara beslenen täze ýyl aýdymyna, ýürekleriň senasyna öwrüldi. Ol beýik özgertmeleri, ösüşleri bilen taryha zer harplarda ýazylan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly sepgitleriniň waspnamasy hem-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ak patasy bolup ýaňlandy. Gahryman Arkadagymyz: «Parasatly ata-babalarymyz nesillere ajaýyp däpleri miras galdyrypdyrlar. Agzybirlik, zähmetsöýerlik, ýaşuly nesle hormat-sarpa goýmak halkymyzyň asyrlarboýy durmuş kadasyna öwrülip geldi. Biziň ýaşlarymyz şol däpleri dowam etdirmelidirler. Ösüp gelýän nesilleri şu ýörelgeler esasynda terbiýelemek hemmämiziň wezipämiz bolmalydyr» diýip sargyt edýär. Milli Liderimiziň atalyk sargytlaryna, nusgalyk göreldesine eýerip, her bir türkmen raýatynyň işde ýa-da durmuşda gazanan we gazanýan üstünligi Watanymyza abraýdyr, şandyr, ýurdumyzyň beýik ösüşlerine goşantdyr.
Adama adamdan gaýry ýakyn dostlaryň, hemralaryň biriniň kitap hasaplanylmagy ýöne ýere däl. Çünki kitap bize ýokary medeniýeti, paýhasly pikirlenmegi, oýlanyşykly hereket etmegi, durmuşda dogry ýoly saýlap almagy öwredýär. Kitap ruhubelent we ynamly ýaşamaga kömek edýär. Türkmen halky ähli döwürlerde kitaba, şahyrlara, ýazyjylara, ylym-bilimli adamlara uly hormat goýup gelipdir. Ajaýyp zamanamyzda bu ýörelge dowamat-dowam bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserleri ýolumyza şamçyrag bolup nur saçýar, milli Liderimiziň kitaplarynyň her biri özüniň many-mazmun taýdan çuňlugy, diliniň çeperligi, okyjy üçin sada hem düşnükli dilde ýazylandygy bilen tapawutlanýar.
Hawa, türkmen halky kitaba hemişe aýratyn gadyr bilen garapdyr. Ata-babalarymyzam ýaş nesilleri kitaplarda öňe sürülýän gymmatlyklaryň üsti bilen terbiýeläpdirler. Häzirki döwürde bolsa ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň il-güne, Watana gerekli hem peýdaly, halal adamlar bolup ýetişmeklerinde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary ýol görkeziji şamçyragdyr, görelde mekdebidir, paýhaslar hazynasydyr.
Aýnabat AKMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.