TÄSIRLI GEÇEN OKUW SAPAGY ÝURDUMYZYŇ YLYM-BILIM ULGAMYNYŇ BARHA BERKEÝÄNDIGINIŇ KEPILIDIR
03-09-21
Bilim ösen jemgyýetiň binýadydyr, ýurduň ruhy taýdan hem, medeni taýdan hem, ykdysady taýdan hem ösüşleriniň girewidir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, ösüp gelýän ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagy üçin ýurdumyzda uly mümkinçilikler döredildi. Bu günki günde internetden peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirmek ýaşlarymyz üçin adaty bir zada öwrüldi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, ýurdumyzyň täze belentliklere tarap ilerlemeginiň esasy sütünleriniň biri bolan bilim ulgamyny düýpli özgertmek we kämilleşdirmek, bilim hakyndaky resminamalaryň dünýäde ykrar edilmegini gazanmak, ýaşlarymyzyň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagyna mümkinçilik döretmek baradaky alada hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky Kararlarydyr Permanlarynyň esasyny düzýär. Ýurdumyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni uly dabara bilen bellenilip geçilip, täze bilim ýylyna badalga berilýär. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu şanly baýramçylyk hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçmegi ýurdumyzyň täze taryhynda ýatdan çykmajak waka boldy.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, talyplary we okuwçylary ýurdumyzda bellenilýän uly baýramçylyk - Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän şanly 30 ýyllygy bilen gutlady. Siz bilen duşuşmak, pikir alyşmak, duýgulary paýlaşmak, Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde gazanylan üstünlikleri beýan etmek - hemmämiz üçin uly taryh. Şol nukdaýnazardan, men hem döwlet Baştutany, Belent Serkerdebaşy, mugallym, professor, akademik hökmünde şu gün siz bilen duşuşyp ähli ugurlar boýunça beýan bilen çykyş etmek barada karara geldim diýip, hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlendi.
Gahryman Arkadagymyz bu ýere ýygnananlary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm orny eýeleýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, ýene-de sanlyja günlerden Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýandygyny belledi. Elbetde, 30 ýyl taryh üçin uzak möhlet däl. Muňa garamazdan, şu döwrüň içinde ýurdumyz demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň binýatlaryny yzygiderli berkitdi. Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, döwletimiziň dünýä bileleşigindäki ornuny ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işleri amala aşyrdy. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden ýurdumyz parahatçylygy, dost-doganlygy dabaralandyrýan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Bu gün Bitarap Türkmenistan dünýäde parahatçylygy dörediji döwlet hökmünde tanalýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda 2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi.
Durmuşdaky ähli düşünjedir bilimler Watandan başlanýar. Äpet Ýer togalagynyň Ýewraziýa yklymynda ýerleşýän Türkmenistan biziň eziz Watanymyzdyr, ata-babalarymyzdan miras galan we soňky nesillere galjak bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Bu nurana topragy söýmek, goramak, gülletmek biziň her birimiz üçin parzdyr. Biziň at-abraýymyz, mertebämiz we derejämiz şu topragyň şöhratyny belende göterip bilşimize baglydyr. Ata Watanymyzyň her daban ýeri biziň iň beýik mukaddesligimizdir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoly, Watanymyzyň şöhratly taryhy görelde mekdebidir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, halk hem Watan baradaky mukaddes düşünjeler ýigitlerimiziň we gyzlarymyzyň köňülleriniň owazy, dilleriniň senasy bolmalydyr.
Milli Liderimiz berkarar döwletimiziň ruhubelent ýaşlaryna ýüzlenip, biz dünýädäki çylşyrymly maliýe-ykdysady ýagdaýlara garamazdan, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürýäris diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz bäsdeşlige ukyply, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň möhüm şerti hökmünde önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny belläp, bu ugurdan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtady. Sebäbi innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öňe alyp barýar. Sanly tehnologiýalaryň çalt ösmegi bilen, bütin dünýäni öz içine alýan aragatnaşyk ulgamy döredilýär, täze pudaklardyr düşünjeler peýda bolýar. Döwrüň bu täzelikleri biziň jemgyýetimize hem giňden ornaşýar. Bu bolsa dünýäniň sanly giňişligine ýurdumyzyň işjeň goşulyşmagyny, halkara bazarda bäsdeşlige ukyply bolmagyny üpjün edýär diýip, hormatly Prezientimiz aýtdy.
Şeýlelikde, umumy sapagyň birinji sagady tamamlandy. Biraz arakesmeden soň, umumy sapak dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, häzirki döwürde senagat taýdan ösen döwleti döretmegiň ýolunda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny we sebitleri sazlaşykly ösdürmäge uly üns berilýändigini belledi. Ykdysadyýetimiziň pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde hususyýetçilere uly orun degişlidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde telekeçiler dürli pudaklarda milli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Senagatda, oba hojalygynda, gurluşykda, syýahatçylykda, söwdada we durmuş hyzmatynda, halk senetçiliginde, beýleki ugurlarda üstünlik gazanýarlar. Ozal agrar ýurt bolan Türkmenistan bu gün senagat taýdan ýokary depginler bilen ösýär diýip, hormatly Prezidentimiz buýsanç bilen belledi.
Döwlet Baştutanymyz üstünlikli durmuşa geçirilýän ulag-logistika strategiýasynyň many-mazmunyna we ähmiýetine ünsi çekip, onuň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýandygyny belledi. Ir döwürlerde hem Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi ýurdumyzyň çäginden geçipdir. Ol halklary we yklymlary birleşdiripdir. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan häzirki zaman ulag geçelgelerini döretmek we kämilleşdirmek arkaly Ýewraziýa giňişliginiň ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulýar. Bu işler ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge işjeň gatnaşýandygyny ýene-de bir gezek äşgär edýär diýip, milli Liderimiz nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň demir ýol, awtomobil, howa, deňiz we derýa ulaglarynyň düzüminiň düýpli döwrebaplaşdyrylýandygyny belledi. Dünýä meşhur kompaniýalaryň awtobuslary, ýeňil we ýük awtoulaglary yzygiderli satyn alynýar. Biziň alyp barýan ulag syýasatymyzy dünýä jemgyýetçiligi giňden goldaýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag ulgamyny döretmek boýunça taryhy Kararnamalaryň dördüsini kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz talyplara we okuwçylara ýüzlenip, merdana halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri nesilleriň sazlaşykly ösüşine we terbiýesine aýratyn ähmiýet berip gelendigini nygtady. Şoňa görä-de, geçmişde ýaşap geçen beýik şahsyýetlerimiz bahasyna ýetip bolmajak akyl-paýhas mirasyny döredipdir. Olaryň eserleri nesilleri terbiýelemegiň gymmatly çeşmeleri bolup durýar. Adamyň iň gözel häsiýetleriniň biri-de ene-ata, jemgyýete we durmuşa bolan söýgüdir. Halkymyzyň watançylyk hem-de adamkärçilik däpleri durmuş ýoluna gadam basýan nesillerimiz üçin geçmişi, şu güni we geljegi birleşdirýän nusgawy mekdepdir diýip, milli Liderimiz belledi. Watana bolan söýgi ýürekde orun alan iň näzik we päkize duýgudyr. Onuň gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaz. Ýürekden çykan sözüň ýürege barşy ýaly, yhlas bilen başyna barlan iş hem bitmän galmaýar. Her bir işe ýürekden ýapyşyp, merdana halkymyzyň adyny has-da belende götermek, başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşmak siziň esasy borjuňyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz ýaşlara ýüzlendi. Milli Liderimiz şu günki beýanyny tamamlamak bilen, duşuşyga gatnaşyjylara berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, okuwda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Okuw sapagynyň soňunda döwlet Baştutanymyz käbir talyplar bilen pikir alşyp, soraglaryna jogap berdi. Şeýle hem, talyplar öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Okuw sapagynyň soňunda Milli Liderimiz duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip: “Mähriban ýaşlar! Ýurdumyzyň gelejegi siz bilendir!” diýdi. Soňra hormatly Prezidentimiz halk arasynda uly seslenme döreden ajaýyp goşgy setirlerini okady hem-de talyplara we okuwçylara: “Mähriban we eziz ýaşlar! Siz bilen öňe, öňe, diňe öňe jan Watanym Türkmenistan!” diýen buýsançly sözler bilen ýüzlendi. Şunuň bilen umumy sapak tamamlandy.
Jangeldi IŞANKULYÝEW,
“Türkmeniň ýüpek ýoly”.
Milli ulag ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy we ilata edilýän hyzmatlaryň ýokary hili
Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary hem-de döwlet derejesinde alnyp barylýan toplumlaýyn syýasat netijesinde ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagy häzirki zaman talaplaryna laýyklykda yzygiderli ösdürilýär. Döwletimiziň awtoulag düzümi dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň öndürýän döwrebap, ygtybarly we ekologiýa taýdan arassa awtoulaglary bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleri Astanada geçiriljek AHHG-nyň mejlisine gatnaşarlar
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýagny, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Liderleri Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň (AHHG) esaslandyryjy döwletleriniň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin 22-nji aprelde Astana şäherine bararlar. Bu barada Gazagystanyň hökümetiniň resmi metbugat gullugy habar berýär.
Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük awtoulaglarynyň sürüjilerini işe çagyrýar
Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy "KamAZ 6520" kysymly awtoulaglary dolandyrmak üçin “C” derejeli sürüjilik şahadatnamasy bolan raýatlary işe çagyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Baku şäherinde geçiriljek Bütindünýä şäherler forumyna gatnaşar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 17–22-nji maýy aralygynda Bakuda geçiriljek Bütindünýä şäherler forumynyň (WUF13) 13-nji mejlisine gatnaşar. Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi Gurbanmämmet Elýasowyň aýdanlaryna salgylanyp, “Trend” agentligi duşenbe güni habar berdi.
Watanymyzyň gülläp ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine
Syýasy durnuklylyk, ýurduň ykdysadyýetiniň yzygiderli ösüşi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ajaýyp netijeleridir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.