Saglygym - baş baýlygym

03-09-21

Türkmen halkynyň akyldar söz ussady Magtymguly Pyragynyň “Saglygyň gadryn bilgil – hassa bolmazdan burun” diýen setirlerini özine esas eden hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygy barada uly işleri amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy bilen indi ençeme ýyllardan bäri her ýylyň sentýabyr aýynda “Ýol hereketiniň howpsyzlygy-ömrümiziň rahatlygy” ady bilen biraýlygyň geçirilmegi hem halkyň saglygyny hemme zatdan ileri goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrimiziň rahatlygy” ady bilen geçirilýän bu çäraniň ýylyň ýylyna geçirilmegi ilatymyzyň hususan-da Watanmyzyň röwşen gelejegi bolan ýaş nesillerimiziň saglygyny gorap saklamakda juda ähmiýetlidir.  Çünki bu aýda Watanmyzyň ertiki eýeleri bolan ýaş nesillerimiz umumy bilim berýän orta mekdeplere, ýörite orta we ýokary okuw jaýlaryna okuwa  başlamagy şunuň bilen baglylykda ýollarda dürli awtoulaglaryň, piýada ýolagçylaryň gatnawynyň köpelmegi bilen berk baglanşykly. Polisiýanyň ýol gözegçilik gullygynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri bilen bilelikde jemgyýetçilik ýerlerinde,  çagalar bagynda, orta mekdeplerde wagyz-nesihat düşindiriş işleri geçirilýär. Ýaşlarmyzyň arasynda  geçirilýän bu wagyz-nesihat işlerinde ýol hereketiniň kadalaryny, ýollarda geçelgelerde öziňi alyp barmagyň düzginlerini berjaý etmek barada anyk mysallar, widio şekilli görkezmeler arkaly düşindirilýär.   Şeýle hem çgalar bagynda, orta mekdeplerde ýol hereketleriniň düzginlerini berk berjaý etmek bilen bagly görkezme diwarlyklar, görkezme esbaplar goýulýar. Şular ýaly alnyp barylýan işler öziniň guwandyryjy netijelerini berer.

“Saglygym begligim”, “Sag başym soltan basym”,”Saglyk baýlyk” ýaly gyzyldan gymmatly jumleleri ata babalarymyz bize miras goýup gidipdir. Bu parasatly sözleri özimize ýörelge edinip öz saglygymyzy gorap saklamagymyz, köçe ýol hereketlerini pugda berjaý etmegimiz gerek. Ýollarda hereket edýän sürjiler ýolagçylar deň derejede sazlaşykly hereket etseler ýollarymyzyň asuwda bolmagyny üpjin eder. Saglyk bahasyz baýlyk. Saglygymyzyň gadryny bilip,  köçe ýol hereketleriniň kadalaryny berk berjaý edeliň. Şunda biziň ählimiz özimiziň şeýle hem daş-töwerekdäki adamlaryň saglygyny gorap sakladygymyz bolar.

Saglygym baş baýlygym diýen ynsanper ýörelgäni durmuşa ornaşdyryýan, halkymyzyň saglygyny üpjin edýän, her bir raýatymyzyň asuda parahat durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun. Durmuşa geçirýän ähli tutymly işleri mundanam beýläk rowaç alsyn.

Gülhumar HOJAHMETOWA, 
Türkmenistanyň Agrar  partiýasynyň  Daşoguz welaýatynyň  Köneürgenç  etrap  komitetiniň  hünärmeni.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.