GARAŞSYZLYK - ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

19-09-25

Mähriban Halkymyzyň asuda ýaşamagynyň, döretmeginiň we gurmagynyň, ösüşleriň ýolunda has belent sepgitlere ýetmeginiň baş şerti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýy golaýlap gelýär. Özygtyýarlyk, erkinlik, asudalyk, parahatlyk, şu jümleleriň ählisi “Garaşsyz” diýen nurana sözden gözbaş alýar. Ýurt Garaşsyz bolanda, öz ygtyýarlyklaryny özi kesgitläp bilýär. Garaşsyz döwletiň raýatlary erkin, asuda durmuşda erkana ýaşaýar.

Türkmen Garaşsyzlygy hem hut şu ýörelgelerden binýat alýar. Halkymyzyň Garaşsyzlygy merdana  ata-babalarymyzyň döwletlilik, öz ykbalyňy özüň kesgitlemek, abadan-asuda durmuşda ýaşamak ýaly mukaddes arzuw isleglerinden kemala gelendir. Arzuwlar beýik maksatlara öwrülende amala aşýar. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň beýik maksatlarynyň durmuş ýüzünde amala aşmasydyr.

1991-nji ýylyň altyn güýzünde gazanylan Garaşsyzlyk halkymyzyň parahatsöýüjilik ýörelgesini dünýäde dabaralandyrmaga ýardam eden mukaddeslikdir. Türkmenistan hut Garaşsyz döwlet derejesine eýe bolandan soň, öz maksatlaryny, ýörelgelerini dünýä bileleşiginde aýan etmäge mümkinçilik gazandy. Halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly subýekti hökmünde Garaşsyz Türkmenistan dünýä döwletleri, şol sanda abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ilkinji binýadyny goýdy. Dünýäniň iň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilen ýurdumyz daşary syýasatda öz alyp barjak ugruny anyk beýan etmäge mümkinçilik aldy. Döwletimiziň beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, parahatçylygyň tarapdary bolup çykyş etmek ýaly belent ynsanperwer syýasaty bitaraplyk ýörelgesinde öz beýanyny tapdy. Halkara giňişliginde maksatlaryny beýan edip, öz ornuny pugta berkiden döwlet üçin ykdysady özgertmeleri geçirmek, ýurduň içerki ösüşini üpjün etmek möhüm wezipeleriň biridir. Ykdysadyýet  ähli ösüşleriň gözbaşydyr. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin edilen tagallalar Türkmenistanda bazar ykdysadyýetiniň şertlerine geçmäge mümkinçilik döretdi. Halkyň milli ýörelgelerinden, aňyýetinden ugur alyp ewolýusion esasda amala aşyrylýan bazar ykdysadyýeti boýunça özgertmeler öz oňyn netijelerini berdi. Garaşsyzlyk türkmen ykdysadyýetiniň galkynyşlarynyň gözbaşydyr.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak, ýaşaýyş-durmuş üpjünçilik ulgamlaryny yzygiderli kämilleşdirmek meseleleri hemişe aýratyn üns merkezinde saklanýar. Ýurdumyzyň raýatlaryna gozgalmaýan emläk üçin ýeňillikli karz serişdeleri berilýär. Bu bolsa şäherlerimiziň we obalarymyzyň ilaty üçin ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Şonuň netijesinde we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň has-da giň gerime eýe bolmagy bilen her ýylda maşgalalaryň müňlerçesi ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryna göçüp barýarlar.

Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň biri hökmünde ornyny mäkäm pugtalandyrdy. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlary bilen bilelikde ylym-bilim ulgamynyň hem yzygiderli kämilleşdirilmegini möhüm wezipeleriň biri höküminde öňe çykarýar. Garaşsyzlyk  ýyllary içinde ýurdumyzda iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw multimediýä tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalary, çagalar baglary we çagalar sagaldyş dynç alyş merkezleri gurlup, ulanylmaga berildi. Garaşsyzlyk türkmen  ylym-biliminiň hemmetaraplaýyn ösmegidir. Hormatly Prezidentimziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz häzirki döwürde dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulýan, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Ýurdumyzyň  durnukly ösmegini üpjün etmek bolsa  döwlet syýasatymyzyň esasy özenini düzýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her güni taryhy wakalara beslenýän gözel Diýarymyz gün-günden begençli habarlaryň, täze özgerişleriň mekanyna öwrüldi. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň başlangyçlary boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlanan özgertmeleriň çäklerinde ulag düzüminiň düýpli we toplumlaýyn ösdürilýändigi buýsançlydyr. Sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmegiň, ählumumy durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmegiň Garaşsyz Watanymyzyň başlangyjy bilen amala aşyrylýandygyny bütin dünýä mälimdir.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Bu beýik hem-de çuň manyly sözde ata-babalarymyzyň erkin, özygtyýarly, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak baradaki iň süýji arzuw-maksatlary, eziz Diýarymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de beýik gelejegi jemlenmegidir. Garaşsyzlyk türkmen halkynyň ykbalyna şamçyrag bolan nurana güneşdir, arzuwdyr maksatlary hasyl edýän gudratdyr, şu güniň ýaňy, bagtly ertirleriň buşlukçysydyr.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyljak möhüm syýasy wakalar, ykdysady ösüşler, agzybirlik, parahatçylyk, medeniýetde we sungatda gülläp ösüşler, senagatda, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, saglygy goraýyşda hem-de sportda rowaçlyklara beslenjek üstünlikler köp bolar. 

Goý, ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerini öňe sürýän kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýäniň syýasy giňişligindäki abraýy has-da artsyn!

Türkmen halkynyň Garaşsyzlyk bagty öz miwelerini hemişe sahylyk bilen eçilsin! Garaşsyzlyk gudraty döwletimizi mundan beýläk hem şan-şöhrata beslensin! Döwletimiziň hem jemgyýetimiziň  at-abraýyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Göwher OTUZOWA, 
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň Akuşerçilik we ginekologiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasynyň assistenti. 

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.