Türkmenbaşy ― Stambul ugry boýunça ýörite howa gatnawy amala aşyryldy
07-09-21
“Türkhowaýollary” kompaniýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Stambul ― Türkmenbaşy ― Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw amala aşyrdy. Bu barada «Atawatan-Türkmenistan» habar berýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, bu kompaniýa 2021-nji ýylyň 11-nji we 27-nji awgustynda Türkmenbaşy ― Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrypdy.
“Türkhowaýollary” kompaniýasy häzire çenli 20-den gowrak ýörite gatnawlary şeýle hem beýleki kompaniýalaryň buýruklary esasynda gatnawlary amala aşyrdy. Ýakynda ýene bir ýörite uçar gatnawynyň bolmagyna garaşylýar.
Türkmenistan, Eýran we Gazagystan sebitde sanly geçelgäni döretmek boýunça ylalaşdylar
Türkmenistan, Eýran we Gazagystan Merkezi Aziýa ýurtlaryny Pars aýlagy we goňşy döwletler bilen birleşdirjek bilelikdäki sanly geçelgäni döretmek barada deslapky ylalaşyga geldiler. Bu barada sişenbe güni Eýranyň “IRNA” habarlar agentligi habar berdi.
2026-njy ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Geçen aýda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» hem-de giň gerimli halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan netijeli işler alnyp baryldy. Halkara derejeli köp sanly çäreler — syýasy geňeşmeler, işewürlik duşuşyklary, maslahatlar, sergiler, medeni çäreler we beýlekiler munuň aýdyň mysalydyr.
Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen bagly maglumatlaryň aýdyňlygyny üpjün etmek boýunça mümkinçiliklerini pugtalandyrýar
2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde «Howa maglumatlaryndan tehnologiýalara tarap: “Pariž ylalaşygyna laýyklykda Giňeldilen aýdyňlyk çarçuwasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly taslama bagyşlanan tematiki sessiýa geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Türkmenistan bilen Saud Arabystany 2027-nji ýylyň haj zyýaraty boýunça ylalaşdylar
Türkmenistanyň müftüsi Rahman Gurbanmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 8–11-nji noýabry aralygynda Jidda şäherinde geçirilen VI Haj we umra maslahaty hem-de sergisine gatnaşdy. Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2027-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň Saud Arabystandaky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.
Sanly tehnologiýalar we döwrebap ulag-logistika – ýollaryň akylly ulgama öwrülişi
Ulag-logistika pudagy häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň iň çalt ösýän we tehnologik taýdan özgerýän ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda kabul edilýän çözgütler diňe bir ýük daşamalaryň tizligini we netijeliligini ýokarlandyrmaga däl, eýsem, üpjünçilik zynjyrlarynyň ygtybarlylygyny, açyklygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Häzirki döwürde ýollar, ulag serişdeleri we sanly tehnologiýalar bitewi ulgam hökmünde özara baglanyşykda hereket edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.