Garaşsyzlyk – milletiň erkinlik hem parahatlyk mukamy
25-09-25
Bu gün Türkmenistan Watanymyz ýurduň ykdysady ösüş derejesini kesgitleýän häsiýet boýunça dünýä ýurtlarynyň sanawynda mynasyp orny eýeleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ägirt uly ösüşleriň ýoly bilen öňe sary barýar. Mundan 34 ýyl ozal özbaşdaklygyny jar eden we dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy bolan eziz Diýarymyz häzirki günlerde şan-şöhrata beslenýär.
Uly ösüşlere beslenip gelýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň özenini ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri giňden öz beýanyny tapýar. Bu ýörelgeler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge, dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge şert döredýär. Garaşsyzlygymyzyň bu şanly senesi türkmen döwletiniň özygtyýarlylygyny, berkararlygyny, milletiň dowamatyny, erkinligini hem mertebeliligini şertlendirýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyzyň köp sanly üstünliklerdir belent sepgitlere beslenmegi, adamzadyň ýagty geljegine ýetmek ugrunda ynsanperwer başlangyçlaryň, parahatsöýüjilikli syýasatlaryň döreýän mekanyna öwrülmegi ýürekleri joşdurýar. Mukaddes Garaşsyzlyk biziň ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň binýadydyr. 1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Netijede, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda düýpli özgertmelere badalga berildi.
Garaşsyzlyk – halkyň Arşa ganat açmasy. Garaşsyzlyk – milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatlyk mukamy bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralanmasydyr. Çünki Garaşsyzlyk zamanynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw- umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda täze ruhda, täze öwüşginde hasyl boldy. Garaşsyzlyk nury halkyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçdy.
Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna beren ýene bir uly bagty — halal zähmetiň hözirini görüp, erkana ýaşamaga we dynç almaga bolan mizemez raýatlyk hukugydyr. Ýurdumyzda barha uly depgin bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler, döwletimiziň içerki we daşarky syýasatynyň düýp esasyny düzýän demokratiýa hem-de adalatlylyk ýörelgelerimiz her bir türkmenistanlynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýuna barýan Garaşsyz ýurdumyzyň ähli sebitlerini ösdürmek, iň çetki künjeklerinde-de halkyň abadan ýaşaýşy üçin zerur bolan mümkinçilikleri döretmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasaty has-da rowaçlanýar. Eziz Watanymyzyň şöhratly taryhyndaky 34 ýyllyk ýolunyň dowamynda durmuşa geçirilen bu işler bolsa türkmen döwletiniň mundan soňra-da has uly öňegidişlikler gazanyp, belent sepgitlere ýetjekdigine mizemez ynamymyzy berkidýär.
Garaşsyz, özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlan Watany! Türkmen halky bu gün öz bagtyna – dünýä eşretleriniň elýeterli durmuşynda ýaşaýan zamanasyna buýsanýar. Çünki ýurdumyzda adalat jemgyýetini, dünýä derejesindäki demokratik ösüşi pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, zähmet hem-de durmuş üpjünçilik kanunçylygyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek, halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa ornaşdyrylýan maksatnamalary Watanymyza, halkymyza egsilmez söýgüsinden aýdyň nyşandyr.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly baýramy — anyk işleri we täze taslamalary amala aşyrmagyň döwri. Şeýle taslamalar bütin ýurdumyzy gurşap alýar. Her ýyl taryhy pursatlar, şanly wakalar bilen täze bir tapgyry aňladýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň saýasynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerde döredijilik güýji bar. Goý, mukaddes Garaşsyzlygyň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýan eziz Diýarymyz mundan beýläk-de gülläp össün!
Dünýä ýüzünde parahatçylyga, dostluga, agzybirlige çagyrýan Garaşsyz Diýarymyzyň at-abraýy mundan buýana hem belent derejelere ýetsin! Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan adyl syýasaty dowamat dowam bolsun!
Ogulsona BEKOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyñ guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.