Aragatnaşyk ulgamy - asyrlar içre arabaglanyşyk şöhlesi
07-09-21
Taryhy sahypalara ser salsak aragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlary ilkibaşda tebigy şertleriň üsti bilen amala aşyrylyp, ýyllaryň geçmegi bilen ylmyň we tehnikanyň kämilleşdirilmegi esasynda, biziň günlerimize tehnologiýalar döwrüne daýanýan täze sanly dünýä emele geldi.
Asyrlaryň dowamynda islendik döwrüň talaplary aragatnaşyk hyzmatlaryna göniden-göni bagly bolupdyr. Aragatnaşyk ulgamynyň taryhy maglumatlaryna ser salsak, ýurdumyzda 1880-nji ýyllarda telegraf (morze guralynyň) hereket edendigi adylyp geçilýär. Şol döwürlerde we XX asyryň başlarynda aragatnaşykçylar tehnologiýanyň başlangyç şertlerine we şol ýyllaryň kynçylyklaryna garamazdan, üznüksiz kommunikasiýa hyzmatlary bilen halka hyzmat edipdirler.
Türkmenistan döwletimiz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda Hazar deňziň düýbinden geçýän telegraf hyzmatynyň 1925-nji ýyllarda hereket edendigi barada arhiw materiallarda maglumatlar bar. 1926-nji ýyllarda telegraf, poçta we radio hyzmatlary meşhur bolup, şol döwrüň tehnologiýa özgertmelerine laýyklykda, ulanyşa girizilipdir we ýurdumyzyň köp künjeginde gurnalypdyr.
Şol ýyllarda, ýazga geçirilen maglumatlarda öýjükli telefon hyzmaty arabaglanyşyk gurnamagyň has kämil usuly hökmünde nygtalyp, şeýle amatlyklar bilen halk köpçüligini üpjün etmek üçin aragatnaşyk ulgamynda zähmet çeken ençeme hünärmenleriň zähmetiniň durandygy aýdylyp geçilýär. Çünki şol döwürler telefon arabaglanyşygyny diňe aragatnaşyk operatorlary arkaly birikdirmek mümkinçiligi bolupdyr.
Şonuň ýalyda, Garagum derýasynyň gurluşygy barada bellige alynan maglumatlarda aragatnaşyk hünärmenleriniň zähmeti aýratyn bellenip geçilýär. Ýagny, gurluşygyň başynda şol döwrüň gurluşyk enjamlary bilen işlemek uzak möhlet talap edendigi sebäpli, ähli gurluşyk taslamasyna gatnaşýan işgärleri aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün etmek wezipeleri bu ulgamyň gerdenine düşüpdir.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda, 1948-nji ýylda Aşgabat şäherinde bolup geçen ýer titremesi ýaly halkymyzyň hakydasynda hasrat doly günlerinde aragatnaşykçylar öz ulgamyny dikeltmek işlerini gygsa wagtda ýola goýmagy başarypdyrlar.
XX asyryň soňky ýyllary aragatnaşyk ulgamynyň depgininiň özgeren döwri bolup, internet hyzmatlary jemgyýetçilige we önümçilige barha ýaýraýar. Bütindünýä giňişligi bilen bir hatarda ýurdumyz hem, XXI asyra, ýagny tehnologiýalaryň batly we okgunly özgerýän döwrüne gadam basýar.
Garaşsyzlyk ýyllarymyzda eziz Diýarymyz öz milli ýörelgelerini ugur edinip, dünýä tejribesine daýanýan özgertmeleri ähli edara-kärhanalara we ýaşaýyş-durmuş şertine ornaşdyrmak bilen älem giňişliginde Garaşsyz, baky Bitarap we parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde ykrar edilýär.
Şu günki günde, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara-kärhanalary döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylan binalarda sanly ulgamyň gerimini giňeltmek we hilni ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri durmuşa geçirýär.
«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy ýurdumyzyň ähli künjegini magistral we içki zolakly optiki we radio-rele liniýalary, öýjükli telefon hyzmatlary, ýokary tizlikli internet we telewideniýe hyzmatlary bilen üpjün edýär. Häzirki wagtda, ýurdumyz sebitara maglumat köprüsi bolup, 7 sany halkara ugurlary boýunça ýokary tizlikli optiki-süýüm birikmelerini ulanyşa girizdi.
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň poçta gullugy hyzmatlaryny geçen asyryň jümmüşinden şu günlerimize çenli abraýly ýerine ýetirýär. Häzirki wagtda hem, birnäçe halkara guramalarynyň agzasy bolup, göniden-göni «Aragatnaşyk boýunça sebitara arkalaşygynyň ýerine ýetiriji komitetiniň» (PCC) «Bütindünýä poçta birleşigi» (ВПС) «Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi» (ITU) ýaly abraýly guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyklary alyp barýar.
2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde ilkinji “TürkmenÄlem520E” Milli emeli aragatnaşyk hemrasy geostasionar orbita çykaryldy. Hemra üç sany kabul ediji we iberiji (EAST, WEST we MENA) antennalaryndan ybarat bolup, bu antennalaryň Merkezi Aziýa, Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika ýurtlaryna hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny giňden ornaşdyrmaga mümkinçiligi bar. Hemra giň çäkleri örtmäge ukyplylygy bilen Türkmenistan döwletimizi Ýewropa we Aziýa döwletleriniň arasynda ýaýlymlary üstaşyr geçiriji ýurt hökmünde ýaýbaňlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Wagtyňyzy bisarpa geçirmäň! Her bir sekundy, her bir minudy netijeli peýdalanyň! Bu biziň kosmiki tizlikli eýýamymyzda hem-de maglumatlar tilsimatlary asyrymyzda iň gymmatly zatdyr» diýen sözlerinden ugur alyp, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi we «Sanly çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýeti internet ulgamynyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp döwrebap tehnologiýalar bilen utgaşýan täze pikirler esasynda programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak, ylmy açyşlary we oýlap tapmalary işläp düzmek boýunça ýaşlary taýýarlaýan bilim ojaklary hereket edýär.
«Altyn Asyr» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşdirilen ugurlarynyň biridir. Bu jemgyýet döwrüň talaplaryna hem-de ýagdaýlaryna kybap gelýän, adamlaryň sosial durmuşlaryny ýakynlaşdyrýan, milli ykdysadyýetimizi sanlaşdyrmagyň täze äheňini döredýän wezipeleri ýerine ýetirýär.
«Aşgabat şäher telefon ulgamy» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hem ak şäherimiz Aşgabadyň aýdyň geljegini nazarlaýan aragatnaşyk hyzmatlarynyň täze ugurlaryny durmuşa ornaşdyryp, ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynyň abraýyny has-da ýokarlandyrýar.
Aragatnaşyk ulgamynyň agzybir we zähmetsöýer hünärmenleri Hormatly Prezidentimiziň aragatnaşyk ulgamynyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirýän ägirt işlerini özlerine baş ýörelge edinip, maglumat-telekommunikasiýa ulgamyny mundan beýläkde ösdürmekde we eziz Diýarymyzyň şan-şöhratyny älem giňişligine äşgär etmekde, ähli başarnyklaryny we tagallalaryny gaýgyrman yhlasly zähmetleri bilen, «Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny garşy alýarlar.
Aýgözel ANNAMÄMMEDOWA,
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk
kompaniýasynyň hünärmeni.
Türkmenistan we Pakistan göni howa gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýärler
Türkmenistan bilen Pakistan iki ýurduň arasynda göni howa gatnawlaryny ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu meselä çarşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew bilen Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi Farýal Legariniň arasynda geçirilen duşuşykda garaldy.
Hytaý korporasiýasy Türkmenistanda logistika merkezlerini döretmäge maýa goýmaga taýýar
Hytaýyň “Shaanxi Yulin Energy Group” korporasiýasy Türkmenistanda logistika merkezlerini döretmäge maýa goýmaga taýýardygyny mälim etdi. Bu başlangyç korporasiýanyň dolandyryş geňeşiniň başlygy Gao Syszýun tarapyndan Aşgabatda geçirilen türkmen-hytaý işewürlik forumynda hödürlenildi.
Aşgabat — Türkmenbaşy: 160 km/sag tizlikli ýolagçy otlularynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär
Türkmenistan Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýol ugruny döwrebaplaşdyrmagy hem-de 160 km/sag tizlikli ýolagçy otlularyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen türkmen-hytaý işewürlik forumynda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow habar berdi.
Özbegistan we Kuweýt Türkmenistandan üstaşyr azyk üpjünçiligini göz öňünde tutýarlar
Özbegistan we Kuweýt Türkmenistan arkaly geçýän ulag ugruny ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem Eýran ýa-da Türkiýe we Yrak arkaly geçýän alternatiw ugurlary ara alyp maslahatlaşýarlar.
“AGB Energy”: Transhazar geçelgesi üçin bitewi strategiýanyň bolmagy zerurdyr
Britaniýanyň “AGB Energy” kompaniýasynyň baş direktory Sergeý Rewzin Orta geçelgäniň, ýagny Transhazar ulag geçelgesiniň netijeli ösdürilmegi üçin bitewi we ylalaşylan strategiýanyň bolmagynyň zerurdygyny aýtdy. Bu barada Sergeý Rewzin Baku şäherinde geçirilen “Hazar we Merkezi Aziýa” atly II nebit söwda-ulag forumynda eden çykyşynda aýtdy diýip, “Report” agentligi anna güni habar berdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.