Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany

08-09-21

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyz bagtyýar ýaşaýşyň ýurduna öwrüldi. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni baýdak edinip, durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler Türkmenistan döwletimiziň syýasy durnuklylygyny, ösüşini, ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly uly ösüşleriň, beýik özgertmeleriň ýylyna öwrülip gelýär. Gün-günden bagtyýarlygyň täze ýakymy bilen beslenýän Diýarymyzyň asylly başlangyçlary dünýä halklary tarapyndan gyzgyn goldaw tapýar.

Türkmenistanyň teklibi boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama sessiýanyň resminamasy hökmünde kabul edildi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň alyp barýan umumadamzat başlangyçlarynyň bütin dünýäde nusgalyk häsiýete eýe bolup durýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Mähriban Arkadagymyzyň eýe eden bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz halkara bähbitli işleri giň gerimde amala aşyrýar. Dostlukly döwletler, abraýly halkara guramalary bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi bolsa halklary ruhy taýdan ýakynlaşdyrýar. Hemişelik Bitaraplygymyz agzybir halkymyzyň asylly maksatlara eýerýän ösüşlerini has-da rowaçlandyrmakda, ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi dünýä ýaýmakda daýanç sütüni bolup hyzmat edýär. Milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda eden çykyşlarynda ýurdumyzyň bitaraplyk derejesine berk eýerýändigini aýdyň beýan etdi. Şonuň üçin-de adamzadyň parahat durmuşda ýaşamagy üçin tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza dünýä halklary uly sarpa goýýar.

Bu günki gün bolsa türkmen halky bagtdan doly aýdyň ertirleri, gülküden hem şatlykdan püre-pür asuda günleri getirýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny zähmet ýeňişler, uly üstünlikler bilen dabaraly garşy almaga taýýarlyk görýär.

Bizi bagtyýarlygyň sakasynda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Baýrammuhammet HANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.