YLYM-BILIM KÄMILLIGINE GIŇ ÝOL

25-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli pudaklar üçin giň dünýägaraýyşly, çuňňur pikirlenip bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak giň gerimde dowam edýär. Häzirki wagtda ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen, innowasion enjamlar gündelik durmuşymyzda wajyp orna eýe boldy. Şeýle innowasion tehnologiýalary öwrenmek, olardan baş alyp çykmak üçin köp okamaly, şeýle-de dünýä tejribesini düýpli öwrenmeli. Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr.

Ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri hem ylym-bilim pudagy bolup durýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz: “Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris” diýen dürdäne sözleri ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde kämil hünärmenleri taýýarlamakda şygar bolup durýar.

Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, ýaşlary ylmy gözleglere çekmekde, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ýurdumyzda geçirilýän zehin bäsleşikleriniň, ders bäsleşikleriniň hem ähmiýeti uludyr. Şeýle bäsleşikleriň netijesinde, Watanymyzyň ýaşlary halkara bäsleşiklerine hem gatnaşmaga mümkinçilik alýarlar. Türkmen ýaşlarynyň halkara derejesinde geçirilýän dürli ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda gazanýan üstünliklerini hem buýsanman bellemezlik mümkin däl. Bu zatlar bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän şertleriniň miwesidir.

Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Binanyň berkliginiň binýadyň mäkämligine baglydygy bize durmuş hakykatyndan mälimdir. Binýat näçe berk, oýlanyşykly goýulsa, gurýan ymaratymyz hem şonça gaýym hem ajaýyp bolar. Ýaş nesliň bilim binýadynyň berkden tutulmagy hem ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň kepilidir.

Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamyny ösdürmeklige, ýurdumyzyň ýaşlaryny ylym bilen meşgullanmaklyga çekmekde hem giň möçberli tagallalary durmuşa geçirýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işini kämilleşdirmek, ýaş alymlaryň sanyny artdyrmak, olaryň ylmy işleriniň hilini ýokarlandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Ylym-bilim jemgyýetiň, adamzat ösüşiniň esasy özeni bolup durýar. Şonuň üçin hem berkarar döwletimiziň bu ulgamyny ösdürmek, dünýä ülňülerine laýyk getirmek, alymlaryň ylmy täzeliklerini hem-de oýlap tapyşlaryny önümçilige batyrgaý ornaşdyrmak bilen eziz Diýarymyzy ösüşleriň täze belentliklerine ýetirmek bu günki gün hormatly Prezidentimiziň baş aladalarynyň biri bolup durýar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Şeýle ajaýyp zamanada talyp ýaşlarymyza okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri açyp berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Söhrat HUDAÝBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.