Sanlylaşdyrmak — DÖWREBAP ösüşe gadam
25-05-23
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlarda uly ösüşler gazanylyp, döwlet işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, dünýä tejribesinden ugur almak, pudaklary sanlylaşdyrmak boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Jemgyýetiň arasynda ylmyň häzirki zaman gazanan netijelerini durmuşa ornaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak ýurdumyzda gaýragoýulmasyz işleriň biri bolup durýar. Sanly ykdysadyýet maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady iş bolmak bilen, tehnologiýa taýdan ösen ýurtlaryň tejribesinden görnüşi ýaly, sanlylaşdyrmak işi olara batly depginler bilen öňe gitmäge mümkinçilik berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna «Sanly Türkmenistan» atly täze döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrmagy ähli pudaklary sanly ulgama geçirmek boýunça möhüm ädim boldy. Maksatnama ýurdumyzyň jemi içerki önüminde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynyň goşmaça ösüşini üpjün etmegi, sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmagy göz öňünde tutýar. Şeýlelikde, ýurdumyzda «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet — hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» we beýleki Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döretmek hakynda» Karara gol çekmegi bu ulgamda möhüm ädimleriň biri boldy, onuň baş maksady bu ugurda möhüm wezipeleri çözmekden ybaratdyr. Toparyň degişli düzümi we onuň Düzgünnamasy tassyklandy. Bu ugurda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlendi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Elektron hökümet ulgamyny peýdalanyjylaryň identifikasiýasynyň ýeke-täk maglumatlar ulgamy hakynda Düzgünnamanyň», «Elektron hökümet ulgamynyň fiziki we ýuridiki şahslaryň maglumatlar binýadyny (ID) emele getirmegiň we ýöretmegiň tertibi hakynda Düzgünnamanyň», «Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň Düzgünnamasynyň» taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleri alyp barýar. Şeýlelikde, ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek meselesi ýokary depginde amala aşyrylýar. Kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi, zerur düzümiň, IT-kompaniýalary ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegi hut milli Liderimiziň ýardamy bilen amala aşyrylýar.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Şeýle ajaýyp zamanada talyp ýaşlarymyza okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri açyp berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Döwlet GOÇMYRADOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.
TÜRKMEN BEDEWLERI BÜTIN DÜNÝÄŇ YKRARYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
BAGTLY DÖWRE BUÝSANÇ
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary ylmy gözleglere we innowasion açyşlara ugrukdyrmak döwlet syasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bagtyýar döwrümiziň berýän şeýle giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp, ylmyň çet-gyrasyz dünýäsine gadam basan ýaşlaryň biri hökmünde, golaýda maňa "Ýaş alym" diýen abraýly adyň dakylmagy meniň üçin örän uly buýsanç we şol bir wagtda belent jogapkärçilik boldy.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.