GÖZELLIGIŇ WE RYSGALYŇ TOÝY

21-03-23

Nowruz halkymyzyň naýbaşy baýramlarynyň biridir. Onuň irki däp-dessurlary halkymyzyň gündelik durmuşynda we kalbynda, hakydasynda ýaşap gelýär. Tebigata janlanyş, ynsan köňüllerine galkynyş bagyş edýän Nowruzy ata-babalarymyz täze ýylyň başlanmagy hökmünde baýram edipdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parasatly ata-babalarymyzyň çuň pelsepelerinden, garaýyşlaryndan gözbaş alyp, asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ruhy durmuşynda aýratyn möhüm orny eýeleýän Nowruz däpleri täze mazmuna, täze ruhy öwüşginlere eýe bolýar.

Bu günki gün umumadamzat medeniýetiniň dürdäne baýlygyna öwrülen Nowruz baýramynda ekerançylyk işlerine badalga bermek, halk döredijilik eserlerini, halk oýunlaryny ýerine ýetirmek, myhmansöýer halkymyzyň kalby ýaly bereketli toý saçagynyň bezegi bolan toý tagamlaryny taýýarlap, hödür-kerem etmek we beýleki milli ýörelgeler giňden dabaralanýar .

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyz hem il-ýurt ähmiýetli şanly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Şu günler baglar gülläp, baýyrlar gök dona bürenýär, tebigat ajap keşbe girýär. Daýhan uly umyt bilen ýere tohum taşladylar. Ýurdumyzda Nowruz baýramy gadymdan bäri giňden bellenip gelinýär. Nowruzda gije-gündiziň deňleşýändigini ata-babalarymyz irki döwürlerde anyklapdyrlar. Bu sene BMG-niň ýörite Rezolýusiýasy bilen Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Baharyň gelmegi bilen, joşgunly zähmetiň, döredijilikli işleriň möwsümi başlanýar.

Asyrlaryň çuňlugyndan gözbaş alyp gaýdýan «Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň ýaz», «Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir», «Nowruz gelse buz durmaz» ýaly pähimler her günüň, her paslyň özüne laýyk alamatyny kesgitleýär. Bahar baýramynda gelin-gyzlar üýşüp läle kakypdyrlar, aýdyşyklary aýdypdyrlar, monjugatdy oýnapdyrlar. Ýetginjekler at çapyp, göreş tutupdyrlar. Uly-kiçi hemmeler biri-birine gowy arzuwlary edipdirler. Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni ýurdumyzda iň bir dabaraly bellenilýän baýramlaryň biridir. Ol gözelligiň, joşgunly ýaşaýşyň, ynsanperwerligiň hem-de zähmetsöýerligiň baýramydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda toý-baýramlarymyzy uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. 

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyzda bellenilip geçilen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni hem munuň şeýledigini ýene-de bir ýola äleme äşgär etdi. Goý, berkarar Diýarymyzy bagy-bossanlygyň, gülzarlygyň Watanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Meretgül ÖWLÝAGULYÝEWA,
Saýat etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň geografiýa mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.