KIMDE-KIM BIR AGAÇ EKSE ÝADYGÄR
20-03-23
2023-nji ýylyň 18-njy martynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek çäresi geçirildi. Onuň dowamynda saýaly, pürli we miweli agaçlaryň nahallary oturdyldy. Ýazky bag ekmek çäresi ýurdumyzyň ekologiýa durkuny gowulandyrmaga we howanyň üýtgemegi bilen bagly ýagdaýlary kadalaşdyrmaga ýardam eder. Häzirki wagtda Aşgabat bagy-bossanlyga bürenip oturan şäher hökmünde bellidir. Sebäbi howanyň yssy günleri saýaly baglaryň goýry kölegesi we suw çüwdürimleri gözel görnüşi emele getirýär. Paýtagtymyzyň etegindäki ýerleri bezeýän ajaýyp daragtlar we halyny ýatladýan güller Aşgabat şäheriniň ajaýyp görnüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şeýlelikde, Köpetdagyň eteginde arçaly, saýaly we pürli agaçlaryň hatary uzaýar.
Halkymyzyň “Bag eken baky ýalkanar” diýen parasatly pähiminiň many taýdan uly ähmiýete eýedigini berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryna esaslanýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini, zähmetsöýerligi rowaçlandyrýan, agzybirligiň nyşany bolan bag ekmek boýunça ählihalk çäresiniň ýurdumyzyň ähli künjeginde döwlet derejesinde geçirilmeginiň asylly däbe öwrülmeginde görmek bolýar.
Milli bag ekmek maksatnamasyny durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşmak maksady bilen, bu dabaraly çärä ýurdumyzyň ähli künjeklerinden müňlerçe adam gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, tebigata aýawly garamaga, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Milli lukmançylygynda ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsiniň ylmy taýdan esaslandyrylan we tejribede giňden peýdalanylýan ýol ýörelgesi bolup alym Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy işiniň mynasyp orny bar.
Halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykda ýaşandygyny bolsa, onuň durmuş kadalarynyň ýagny tebigatyň gözellikleriniň we ösümlikleriniň atlarynyň adam adyna dakylmagynda; pederlerimizden miras galan dagdan, üzärlik, derek ýaly ösümlikler bilen baglanyşykly milli ýol-ýörelgeleriniň we däp-dessurlaryň, oty-çöpi derman bolan halk lukmançylygynyň mysallarynda doly göz ýetirmek bolýar. Ene ýeriň umumadamzat kowmunyň bir bitewi öýi bolup durýandygy, howa akymynyň bolsa, serhet çäginiň bolmaýandygy nukdaýnazaryndan, ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi babatyndaky işler howanyň üýtgemeginiň we çölleşme hadysasynyň öňüni almakda, biologik dürliligiň baýlaşmagynda dünýä derejesinde alnyp barylýan işlere hem mynasyp goşantdyr. Çünki, häzirki wagtda dünýäniň ykdysady ösüşi, durmuş abadançylygy we daşky gurşawyň goralmagy birek-birekden üzňe bolmadyk bitewiligi emele getirýär. Bu bolsa, adamyň we tebigatyň özara gatnaşygynda ýüze çykýan meseleleriň ykdysady we durmuşy ösüşiň, parahatçylygyň we howpsuzlygyň meseleleri bilen birlikde ählumumy çemeleşmäniň esasynda çözülmeginiň mümkindigini ýüze çykarýar. Bularyň ählisi Döwlet Baştutanymyzyň daşky gurşawy goramagyň, ekologiýa abadançylygynyň üpjün etmegiň häzirki döwrüň hem-de durnukly ösüş maksatlarynyň möhüm şerti bolup çykyş edýändigi nukdaýnazaryndan dünýä bileleşiginiň öňünde ileri tutýan halkara başlangyçlarynyň wajyplygyny esaslandyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ata Watanymyzyň her bir raýatynyň şeýle sogaply işlere goşulmagy biziň göwnümizi galkyndyrýar. Halypa şahyrymyz Gara Seýitliýew hem öz goşgusynda:
Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär,
Dünýä kitabynda onuň ady bar.
- diýip, belleýär.
Diýarymyzda iki möwsümde ýagny, ýaz we güýz pasyllarynda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegi türkmen tebigatynyň ýaşyl dona bürenmegine, şeýle-de ekologiýa abadançylygynyň ýokarlanmagyna öz täsirini ýetirýär. Türkmençilikde ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän däp-dessurlara laýyklykda köpri gurmak, guýy gazmak, bag ekmek sogap hasaplanylýar. Şonuň üçin hem köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna ýurdumyzyň uludan-kiçä ähli ilaty uly ruhubelentlik bilen işjeň gatnaşýarlar.
18-nji martda geçirilen ýazky bag ekişlim gününde beýleki saýaly, pürli, miweli agaçlar bilen bir hatarda üzüm, erik nahallary hem oturdyldy. Olaryň öňden bar bolanlaryna ideg ediler. Munuň özi ýurdumyzyň bag-bossanlarynyň hataryny artdyryp, pasyllaryň soltany ýaz paslymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Bu haýyrly we sogaply işe biziň ýokary okuw mekdebimizde hem ykjam taýýarlyk görüldi. Bag ekmegi sogaply iş hasaplan ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine eýerip, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzyň daş-töweregini, ýanaşyk ýerlerini bagy-bossanlyga öwürmek babatda netijeli işleri alyp barýarys. Bar bolan agaç nahallaryna ideg etmek, şeýle hem arassaçylyk işleri-de göwnejaý ýerine ýetirilýär. Meýdançalarda ýaşyl zolaklary döretmek, miweli we miwesiz bag nahallaryny, dürli görnüşli gül şitillerini oturtmak işine ýokary okuw mekdebimiziň işgärleri, mugallymlary işjeň gatnaşýarlar. Bu işe talyp ýaşlaryň hem ýakyndan ýardam bermegi berkarar döwletimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlarymyzyň jemgyýetçilik ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýandyklaryny hem-de milli ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar.
Häzirki wagtda hem ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, paýtagtymyzda ýokary ekologiýa derejesiniň saklanmagyny gazanmak ugrunda birnäçe işler amala aşyrylýar. Ekologiýanyň ýagdaýy adamlaryň durmuş ulgamynyň hemme ugurlary üçin zerur şertleriň biridir. Umuman, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barýan giň möçberli ekologiýa syýasaty netijesinde howanyň arassalygyny gorap saklamagyň we şäherleri, obalary gurşap alýan gök zolaklaryň döredilmegine gönükdirilen ählihalk bag ekişligiň geçirilmeginiň däbe öwrülmegi halkymyzyň sagdyn daşky gurşawa bolan konstitusion hukugynyň üpjün edilmegine, tebigy baýlyklarymyzyň ertirki nesillerimiz üçin goragynyň berjaý edilmegine giň mümkinçilikleri döretmek bilen birlikde, Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň dabaralanmagynda hem möhüm ähmiýete eýedir.
Çeper GYLYJOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiň mugallymy.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.