SAGDYN IÝMIT - SAGDYN DURMUŞ
20-10-25
Ata-babalarymyzyň paýhasyndan döräp, nesilden-nesle geçip, her birimiz üçin durmuş ýörelgesine öwrülen “Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok”, “Saglyk — baýlyk” diýen parasatly pähimlerden hem görnüşi ýaly, saglyk her bir ynsanyň bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak iň gymmatly baýlygydyr. Ynsan durmuşy üçin zerur bolup durýan şeýle baýlygy gazanmak, elbetde, biziň özümize bagly. Çünki ol birnäçe kyn bolmadyk, ýagny biziň başaryp biläýjek düzgünlerimizden gözbaş alýar. Saglyk — bu her kimiň özbaşdak ýetmeli belentligidir! Bu jümle her döwürde-de öz döwrebaplygyny ýitirmeýär. Her bir adamyň durmuş ýagdaýy onuň saglygyna baglydyr. ªonuň üçin-de, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek diýseň wajypdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdynlyk şahsy durmuşda üstünligi, işde öňegidişligi, owadanlygy we ýaşaýşyň hilini üpjün edýär. Bu ýörelgäniň esasy ugurlary hemmelere aýandyr we her bir adama başardýandyr. Gün tertibini saklamak, dogry we oňat gurnalan zähmet, dynç alyşlar we ukyny almaklyk sagdyn durmuş ýörelgesiniň maksatlaryna ýetmäge ýardam berýär. Çilim çekmeklik, spirtli içgilere ýykgyn etmek — ömri gysgaldýar. Olar adamy tiz garradýar. Tersine, bu endiklerden ýüz dönderilende bedeniň kuwwatlylygy artýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirýän esasy şertler: beden maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirip, dogry iýmitlenmekdir. Sebäbi şu iki şert özüňi oňat duýup, bagtyýar we çydamly bolmaga ýardam edýär. Sport türgenleşiklerine yzygiderli gatnaşmak wajypdyr. Oňat netijeleri gazanmak üçin bu türgenleşikleri uzak wagtyň dowamynda ýerine ýetirmelidir.
Saglygy goramak üçin arassaçylyk, işjeň hereket, dogry iýmitlenmek, wagtly-wagtynda kadaly dynç almak bilen birlikde ruhuňy belentde tutmak, kalby päklik hem zerur bolup durýar. Durmuşymyzyň her bir pursadyny maksatly işlere sarp etmek, şol üstünliklerimizden lezzet almak hem ömrümizi gözelleşdirýär, şeýle-de, saglygymyza oňyn täsirini ýetirýär.
Saglygy goramak hem berkitmek üçin, ilki bilen, şol barada dogry düşünjäniň bolmagy gerek. Kämil düşünje esasynda saglygyň näderejede gymmatlydygyna we ony berkitmegiň ýollaryna göz ýetirip bolýar. Bu bolsa öz-özünden döremeýär. Sözümiziň başynda hem aýdyşymyz ýaly, akyl hem saglyk iň uly baýlyklardyr. Bu iki düşünje bir-biriniň üstüni ýetirýär. Kitaplar, kämil bilim, ata-babalarymyzyň durmuş ýörelgeleri saglygy goramagyň ýollaryna belet bolmaga ýardam berýär.
Dogry iýmitlenmegiň talaplaryny doly berjaý etmek biziň ählimiziň borjumyzdyr:
- Dogry iýmitlenmek — bu beden üçin zerur bolan ýokumly iýmiti kabul etmekdir. Dogry iýmitlenmegiň esasy kadasy çenden artyk iýmezlikdir.
- Howul-hara bişirilen naharlardan gaça durmalydyr. Süýjülikler hoz, bal bilen çalşyrylsa peýdalydyr.
- Tebigy önümleri (balyk etini, zeýtun, günebakar ýaglaryny, guş etini, gök önümleri, ir-iýmişleri) iýmäge ymtylmalydyr. Bu önümleriň utgaşdyrylmagy, naharlaryň buglanyp taýýarlanmagy, suwuň ýeterlik derejede kabul edilmegi kada laýyk agramy saklap, semizlikden we ol zerarly döreýän kesellerden goranmagyň girewidir.
- Oňat we dogry saýlanan iýmitlenme — sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Janyňyz sag, şähdiňiz açyk, ruhuňyz elmydama belent bolsun, mähriban ildeşler!
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkymyzyň saglygy goramak ugrunda amala aşyrylýan işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Jennet KAKAMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.