ULAG-KOMMUNIKASIÝA ULGAMY GARAŞSYZLYGYŇ 30 ÝYLYNDA
13-09-21
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Milli Liderimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleriniň arasynda ylalaşdyryjy, sebitde howpsuzlygy saklap, hoşniýetli dostluk gatnaşyklaryny ösdürýän, halkara ylmy konferensiýalaryň, forumlaryň, sergileriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ulag-kommunikasiýa ulgamynda hem uly ösüşler, beýik özgertmeler bolup geçýär. Milli Liderimiziň ulag ulgamlarynyň köpugurly düzümlerini döretmek hakyndaky yzygiderli öňe sürýän başlangyçlary sebitiň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Munuň özi parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, howpsuzlygyň, durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Döwrüň batly gadamlary bilen des-deň özgerýän ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary esasynda dünýä ýüzüne uzaýan ýollary bu gün köp ugurlara bölünýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýörelgelere esaslanýan, parahatçylyksöýüjilikli we ynsanperwer döwlet syýasatynyň okgunly durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty artyp, halkara abraý-mertebesi has-da pugtalanýar. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen ýylda hem halkara derejesinde ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwerlik, parahatçylyk we özara ynanyşmak syýasaty giň goldawa eýe bolýar. Muňa ýakynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan şatlykly habar hem şaýatlyk edýär. Ýagny, 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamanyň guramanyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilendigi baradaky hoş habar gelip gowuşdy. Döredijileri hökmünde 48 döwlet çykyş eden täze Kararnamanyň esasy wezipeleri dünýä ykdysadyýetinde, hususan-da, ulag ulgamynda, häzirki döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleri peseltmek boýunça halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny güýçlendirmekden hem-de bu babatda degişli hukuk binýadyny kemala getirmekden ybaratdyr. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen täze Kararnama hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli netijeli daşary syýasy ugrunyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Bu ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin häsiýete eýedigini ýene bir gezek tassyklady.
Türkmenistanyň eksport kuwwatlylygyny artdyrmak we daşary söwda dolanyşygynyň deňagramlylygyny üpjün etmek häzirki döwrüň durmuş-ykdysady ösüşiniň wajyp ugruna öwrülýär. Daşarky bazarlaryň islegleri ýurdumyzda döredilen we döredilýän önümçilik kuwwatlyklaryny doly derejede ulanmagyň, ýokary iş üpjünçiliginiň we durnukly ykdysady ösüşiň esasy girewi we şerti bolup durýar. Ýurdumyzyň merjen kenarynda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen ykdysady forum hem bu ugurda Merkezi Aziýa döwletleriniň halklarynyň köpasyrlyk gatnaşyklaryny berkitmek boýunça tagallalaryny birleşdirýär, özara eksport amallarynda täze mümkinçilikleri döredýär. Çünki, soňky döwürde sebitiň ýurtlary durnukly we yzygiderli ykdysady ösüşe, innowasiýa senagatyny we ulag üpjünçilik ulgamlaryny emele getirmäge gönükdirilen giň möçberli çäreleri durmuşa geçirýärler. Ykdysady forumyň dowamynda netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň çäklerinde daşary ýurt wekiliýetleriň wekilleri söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge özara islegiň bardygyny kanagatlanma bilen bellemegi hem muňa aýdyň mysaldyr. Merkezi Aziýanyň we Hazar deňziniň üstünden geçýän transkontinental ýollaryň işjeňleşdirilmegi hem-de täze halkara geçelgeleriň döredilmegi goňşy döwletleri durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösdürmek üçin şertleri üpjün eder, olaryň maýa goýum özüne çekijiligini artdyryp, sebit we sebitara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam eder.
Türkmenistanyň we goňşy ýurtlaryň arasynda demir ýol gatnawlarynyň ýola goýulmagy, gürrüňsiz, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berer, olaryň haryt dolanyşygynyň gyşarnyksyz artmagyna, ulag, önümçilik we durmuş düzüminiň giňelmegine ýardam eder. Dünýä ykdysadyýeti üçin çylşyrymly döwürde sebitleýin we halkara ähmiýetli giň möçberli ulag taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyz halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklaryny ösdürmäge her ýyl ägirt uly maýa goýumlaryny gönükdirýär. Täze gurulan polat ýollar ýurdumyzyň ulaglar ulgamynyň halkara aragatnaşyk düzümine işjeň goşulyşmagyny, Türkmenistanda sebit ähmiýetli ýük gatnawlarynyň utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistik merkeziň döredilmegini şertlendirýär. Türkmenistan häzirki zaman ulag düzümini kemala getirmäge uly serişdeleri goýberip, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem daşary ýurtly maýadarlar üçin onuň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin berk esasy döredýär. Pudagyň tehniki düzüminiň täze teplowozlardyr ýolagçy we ýük wagonlary bilen yzygiderli berkidilmegi pudagyň ähmiýetiniň barha artýandygynyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, Türkmenistan birek-birege ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan oňyn halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam edýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň başynda Owganystan Yslam Respublikasynyň çäginde Akina-Andhoý demir ýol şahasynyň gurluşygy tamamlanyp dabaraly ýagdaýda ulanyşa goýberildi. Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina - Andhoý beketleriniň aralygynda nobatdaky uzynlygy 30 kilometr bolan demir ýoluň işe girizilmegi türkmen-owgan goňşuçylyk gatnaşyklarynda söwda-ykdysady ugruň ösmeginde ähmiýetiniň artmagyna oňaýly täsir eder. Şeýle-de, bu täze polat ýoly ýurdumyzdan üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberiniň artmagyna hem öz goşandyny goşar. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer we parahatçylyk söýüjilikli syýasaty netijesinde Owganystanyň çäklerinde demirýollarynyň gurluşygynyň Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna türkmen demirýolçularyň güýji bilen amala aşyrylandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Goňşy ýurduň çäginden geçýän üstaşyr ýük akymlaryny artdyrmak, “Lapis Lazuli” ylalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň arasynda ulag geçelgelerini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda yklymara geçelgesiniň (Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa –Türkiýe) uly ähmiýeti bardyr. Bu demir ýoluň işe girizilmegi sebitleýin we halkara söwda–ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, ählumumy durnukly ösüşe bütinleý hyzmat etjekdigine, Türkmenistan we Owaganystan Yslam Respublikasy bilen özara bähbitli iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak şeýle hem iki ýurdyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiliklerini döredýär we giň geoykdysady çäklerde netijeli gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegine ýardam berer.
Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň öz geografiki ýerleşişi boýunça yklymlary birleşdirýän ulag çatrygy bolmak bilen, sebitde dostlukly, özara bähbitli halkara gatnaşyklarynyň merkezine öwrülmäge doly mümkinçiligi bar. Bu mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalary amala aşyrylýar. Olardan biri hem güýçli depginde alnyp barylýan ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygydyr. Bu taslamanyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary telekeçilik düzümlerinden we beýleki kömekçi potratçy guramalardan ybarat «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti alyp barýar. Bu taslamanyň düzüminde Aşgabady uly senagat we üstaşyr geçelge mümkinçiligi bolan sebitiň – Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäheri bilen birleşdirjek ýokary tizlikli ýoluň has oňaýly ugry göz öňünde tutulandyr.
Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna uly ynam bilen barýan günlerimizde döwletimiziň hemme şäherlerine we etraplaryna biri-biri bilen awtoulaglar arkaly aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik döredildi. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary, şol sanda ulaglar ulgamy, awtomobil bilen ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak okgunly depginler bilen ösýär. Döwrebap ulag ýollarynyň düzümini ösdürmekde mynasyp ösüşler gazanylýar, dünýä ülňülerine laýyk gelýän hil taýdan täze derejede möhüm ulag ýollary gurulýar. Ýurdumyzyň awtomobil ulaglary pudagyny berkitmek üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan satyn alynýan döwrebap ýolagçy we ýük ulaglary, awtobuslardyr taksiler pudagyň tehniki binýadynyň berkliginiň kepilnamasy bolup durýar. Türkmenistanyň awtoulag ulgamynyň ösüşi uzak möhletligi maksatnama esasynda amal edilýär. Bu ugurda Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ýolagçy awtomenzillerini gurmak boýunça alnyp barylýan işler örän buýsandyryjydyr. Gurluşygy «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp baryljak menzilleriň gurluşygyna girişilip, olar 2022-nji ýylda tamamlanmagy göz öňünde tutulýar.
Dünýä ülňülerine laýyk gelýän we ulag ýollarynyň netijeli işlemegini üpjün etmäge gönükdirilen döwrebap logistik merkezlerini döretmek ulag-kommunikasiýa düzüminiň möhüm bölegi bolup durýandygyny, şeýle hem ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam edýändigini bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan degişli ugurda maksada gönükdirilen işleri geçirmek bilen, innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni ugur edinýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda saparda bolup, ol ýerlerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan ähli etraplardyr şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin niýetlenen “Tiz kömek” awtoulaglaryny sowgat bermegi hem ynsanperwerlikden bir nyşandyr. Hormatly Prezidentimiz, halkymyzyň, aýratyn-da, körpe nesillerimiziň saglygyny goramak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda howa ulaglary pudagynyň goşandy uludyr. Milli raýat awiasiýamyz daşary ýurtlarda Garaşsyz Watanymyza wekilçilik edip, halkara bileleşiginde ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji syýasatyny ykrar etmekde möhüm wezipeleri alyp barýar. Ýurdumyz Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebitleýin we sebitara ýollaryň çatrygynda geografik taýdan örän amatly ýerde ýerleşmek bilen, ägirt uly ulag-üstaşyr mümkinçiliklerine eýedir.
Garaşsyz Türkmenistan halkara guramalarynyň tejribesine esaslanyp, ulag ulgamynda sebit we yklymara ähmiýetli birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen özüniň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine yzygiderli eýerýändigini tassyklaýar. Aziýanyň merjen şäheri Aşgabatda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berlen sagatda 1600 ýolagça hyzmat etmäge ukyply sebitde iri Halkara howa menziliniň toplumy milli Liderimiziň baştutanlygynda ulaglar pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen iri möçberli hem-de uzakmöhletleýin milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Jeýhuny ýakalap oturan Lebap welaýatynyň merkezinde täze halkara howa menziliniň açylyp ulanylmaga berleni ýaňy ýalydy. Işe başlanyna onçakly köp wagt geçmese-de Türkmenabat halkara howa menziliniň ak mermere bürenen ajaýyp binasy Gündogaryň myhmansöýerlik derwezesi hökmünde ýerli we daşary ýurt raýatlarynyň ýüreginde ýer almagy başardy. Bu bina “2012-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” çäklerinde gurlan raýat awiasiýasynyň halkara derejeli ýerüsti infrastruktura binalarynyň hatarynda orun alýar. Şeýlelikde, Lebap welaýatynda iri ulag ulgamy kemala gelmek bilen, ol sebitiň ilatyna hyzmatyň derejesini has-da ýokarlandyrdy. Bu desga halkara we ýerli ugurlarda ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berýär.
Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy Kerki şäherinde gurulan Halkara howa menziliniň hem “Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň bagtyýar günlerinde Lebap welaýatynda badalga alan Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen ulanylmaga berilmegi ulgamyň ösüşinde ýatdan çykmajak waka boldy. Türkmenistanyň telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň agzasy bolan «Gündogdy» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary Kerki şäheriniň günbatar tarapynda täze Halkara howa menziliniň “ak guw” ýaly ajaýyp binasyny gurdular. Ajaýyp binanyň açylyş dabarasyna Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan milli Liderimiziň hut özüniň gatnaşmagy bu ýere gelenleriň göwün guşuny ganatlandyrdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda täze howa menziliniň ulanylmaga berilmegi yklymyň iri ulag-logistika merkezi, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde Watanymyzyň eýeleýän ýörelgesini berkitmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň toplumlaýyn strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädim boldy. Hormatly Prezidentimiziň gojaman daglary ýakalap oturan Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmagy milli raýat awiasiýamyzy ösdürmekde möhüm waka boldy. Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat hem-de Kerki şäherlerinde gurlup ulanylmaga berlen Halkara howa menzillerinden soňra, bu desga ýurdumyzda guruljak bäşinji Halkara howa menzili bolar. Ýurdumyzyň döwrebap howa menzilleriniň tehniki parkyny “BOING” uçarlary bilen yzygiderli doldurylmagy hem döwletimiziň bu babatdaky tagallalaryndan nyşandyr.
Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlar bilen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmeklige berýän biçak uly üns bermegi, öňe sürýän dünýä ähmiýetli syýasatynyň netijesinde gazanylýandygyny diňe bir türkmen halkymyz däl-de, eýsem tutuş dünýä jemgyýeti örän gowy bilýär. Türkmenistan öz ösüşiniň täze taryhy tapgyrynda beýleki döwletler bilen birlikde dostluk we raýdaşlyk ýollaryny gurup, ählumumy parahatçylygyň, durnukly ykdysady ösüşiň berkemegine ýardam edýär. Ýurdumyz Ýewraziýa giňişliginde halkara ulag ulgamynyň sazlaşykly kemala getirilmegini üpjün etmek maksady bilen, dürli geçelgeleri, ýollary gurmak başlangyjy bilen çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda we deňiz ulaglarynyň halkara ýük daşamalarynda ornunyň beýgelmegi bilen Türkmenbaşy Halkara portuny ösdürmek we bäsdeşlige ukyply Türkmen deňiz söwda flotuny döretmeklik boýunça doly göwrümli milli taslamalar durmuşa geçirilýär. Deňiz ulaglarynyň iň bir ygtybarly, tygşytly hem-de amatly bolanlygy sebäpli, dünýä boýunça ýük dolanyşygynyň ýarysyndan gowragy bu pudagyň paýyna düşýär. Şonuň üçin hem dünýäde deňiz ulaglaryna aýratyn uly üns berilýär. Milli Liderimiziň hut özüniň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berlen Türkmenbaşy şäherindäki halkara deňiz portunyň gurlup, ulanylmaga berilmegi halkara ähmiýetli üstaşyr-ulag halkasyna, halkara maslahatlarynyň geçirilýän merkezine öwrülen, Türkmenbaşy şäheriniň ýurdumyzyň işewür we medeni durmuşynda ornuny barha artdyrdy, onuň aýratyn ykdysady, syýahatçylyk derejesini ýokarlandyrdy. Bu iri möçberli düzümleýin taslama Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitiniň ähli ýurtlary üçin hakykatdan-da, strategik ähmiýete eýedir. Onuň amala aşyrylmagy biziň döwletlerimizi hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna çykarar, olaryň ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, üstaşyr gatnawlaryň möhüm merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornunyň pugtalanmagyna ýardam eder. Döwletimiz tarapyndan gurulýan hem-de satyn alynýan tankerler, gämiler we beýleki deňiz ulaglary ykdysadyýetimiziň ösüşine uly goşant bolup hyzmat edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe aragatnaşyk ulgamyna dünýäniň iň soňky gazananlary, döwrebap, kämil tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan we üstünlikli amala aşyrylýan «Türkmenistanda 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly serişdesi bolup durýar. Ýurdumyzda ilata hödürlenýän dürli görnüşli hyzmatlaryň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, durmuş ulgamynyň dürli pudaklaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler öz oňyn netijesini berýär. Ata Watanymyzda öýjükli aragatnaşyk, sanly telefon, poçta, internet, telewideniýe, IP-TV hyzmatlary, şeýle hem aragatnaşygyň beýleki görnüşleriniň häzirki zaman ulgamlary doly ornaşdyrylyp, bu hyzmatlar her bir raýata elýeter edildi. Milli aragatnaşyk pudagymyzyň häzirki döwürde ýeten derejeleri ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Şonuň netijesinde internet ulgamynyň ösdürilmegi, dürli saýtlaryň döredilmegi üçin işler yzygiderli alnyp barylýar. Bu işleriň döwrebap şekilde guralmagy sanly ulgam boýunça ýerine ýetirilýän hyzmaatlaryň görnetin artmagyna ýardam edýär. Sanly ulgama geçmek bilen ilatyň sosial aragatnaşyk isleglerini kanagatlandyrmak boýunçada ýörite programmalar hem döredildi. Ýakynda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy “sanly.tm” ilkinji milli elektron poçta hem-de “tmchat” messenjer ulgamynyň işe girizilendigini mälim etdi.
«Türkmenistanda 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde sanly ykdysadyýetiň hünärmen we ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek hem derwaýys mesele hökmünde bellenildi. Bu ugurda ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlaşdyrmakda giň mümkinçilikleri bolan programma üpjünçiligini işläp düzýän, fiziki we ýuridiki ugurlarda bilim alýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen, “Sanly çözgüt – 2020” atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginiň geçirilmegi aýratyn bellärliklidir. Bäsleşik birnäçe ugurlary özünde jemledi. Oňa ýurdumyzyň höwesjeň ýaşlarynyň ýüzlerçesi özleriniň programmalary hem-de innowasion täzeçil oýlap tapmalary bilen gatnaşdylar.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň işjeň ösdürilýän häzirki wagtynda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan «Döwlet hyzmatlary» portaly döredilip, bu portal döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk maglumat ulgamyny üpjün edýär. Kämil maglumat geçiriş ulgamyň bolmagy ýurdumyzda elektron söwda hyzmatlarynyň barha artmagyna, elektron resminama dolanşygyna, maglumat geçirijiligine we netijede önümçiligiň ýokarlanmagyna getirer. Munuň özi pudak edaralaryna dürli görnüşli hyzmatlar bermeklige mümkinçilik döreder. Ýagny ulag pudagy üçin ulag we logistika ulgamyny döretmeklige, söwda toplumy üçin internet söwdalaryny we internet marketing ulgamlaryny guramaklyga, bilim ulgamy üçin uzak aralykdan interaktiw-multimediýa okuwlary gurnamaklyga, saglygy goraýyş pudagynda Milli emeli hemranyň üsti bilen telemedisina ulgamy, internet we öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryny ulanmak bilen ilata maglumat arkaly maslahatlary bermek, şeýle hem, beýleki pudaklarda kämil aragatnaşyk ulgamlaryny döretmäge, maglumat geçirijiligini artdyrmakda giň mümkinçilikler berer.
Ýurdumyzda gurlan we gurulýan hem-de häzirki bagtyýarlyk eýýamymyzda çar tarapa uzaýan polat ýollarymyz, aragatnaşyk ugurlarymyz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we adyl syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, Türkmenistan gurýan ak ýollary arkaly diňe bir Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek bilen çäklenmän, sebitde ulag gatnawlary üçin möhüm ähmiýetli ýere öwrülýär. Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýylynyň dowamynda ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösen döwründäki ýaly, özüniň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi, şeýle hem zerur bolan ulag düzümini ösdürmäge döwlet derejesinde üns berilmegi netijesinde ýene-de uly abraýa eýe bolýar. Bu zatlaryň başynda durup, türkmen halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaç alsyn!
Jangeldi IŞANKULYÝEW,
“Türkmeniň ýüpek ýoly”.
Şu gün “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergi öz işine başlaýar
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 26-27-nji noýabrda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
TULM Etrek stansiýasynyň üsti bilen multimodal gatnawlary ýerine ýetirýär
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM) häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň stansiýalaryndan gelýän dürli import ýükleri Etrek demir ýol stansiýasynyň çäginde kabul edýär.
Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $7 milliarddan geçdi
2024-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 7 milliard 188 million 41 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär.
«Belet Film» ykjam programmasynyň işleýşini kämilleşdirdi
Meşhur türkmen onlaýn kinoteatry «Belet Film» ykjam programmasy üçin möhüm täzelenme çykardy. Bu gezek döredijiler ulanyjy tejribesini, howpsuzlygyny we nawigasiýa ýeňilligini ýokarlandyrmaga ünsi jemlediler:
Türkmenistan «Russiýanyň Ulagy» halkara forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekilýeti 19-21 noýabr aralygynda Moskwada geçirilen «Russiýanyň Ulagy» atly halkara ulag forumyna we sergisine gatnaşdy. Forumyň çäklerinde 300-den gowrak bilermeniň gatnaşmagynda 30-dan gowrak iş çäreleri guraldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.