SANLY YKDYSADYÝET – ROWAÇLYGYŇ ESASY ŞERTI

05-05-25

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary bu ugurdaky bilimlerimiziň yzygider artdyrylmagyny, jemgyýetimizde bolup geçýän ykdysady hadysalar barada gözýetimimiziň has-da giňeldilmegini talap edýär. Sebäbi ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir özgertmeleriň halkymyzyň bähbidine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendigini nazara alsak, onda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň mazmunyna, onuň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakdaky ornuna, şeýle-de dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän ykdysadyýetiň bu görnüşine geçmegiň zerurlygyna dogry düşünilmeginiň özi öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, sanly ykdysadyýetiň döredilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň täze ösüş belentliklerine çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça uzak möhleti nazarlaýan döwlet syýasatyny alyp barmak zerurdyr. Daşary ýurt tejribesinden görnüşi ýaly, sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýete geçmek belli bir wagty, serişdeleri we inženerçilik işini doly ele alan hünärmenleri talap edýär. Soňky ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge dünýä döwletleriniň ünsleriniň has-da artmagyny onuň ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmekde we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokary hilini üpjün etmekde döredýän artykmaçlyklary bilen düşündirip bolar.

Biziň häzirki ýaşaýan maglumatlar jemgyýetimizde önümçilige garanyňda, hyzmatlar ulgamy agdyklyk edýär. Şu sebäpli-de, maglumat tehnologiýalary esasy orun eýelemek bilen, ol adamlara hyzmat edilişiň mehanizmini ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde durmuşymyza yzygiderli ornaşýan, hemmämiz üçin elýeterli bolan elektron tölegler, internet-söwda, internet-mahabatlandyrma sanlaşdyrylan ykdysadyýetiň oňyn netijeleriniň diňe käbiridir. Şunda maglumat tehnologiýalarynyň we internetiň mümkinçiliklerini giňden ulanmagyň netijesinde sarp edijileriň gymmatly wagtlarynyň we serişdeleriniň tygşytlanmagyna, hyzmatlaryň tiz wagtda ýerine ýetirilmegine, kagyz göterijide ulanylýan maglumatlaryň sanynyň azalmagyna-da sanlaşdyrylan tehnologiýalaryň döredýän amatlyklary hökmünde baha
bermek bolar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem sanly ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir.

Ýurdumyzda sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ uly mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.