Gelse Nowruz äleme...
19-03-25
Asyrlar boýy ulydan baýram edilip gelinýän Nowruz baýramynyň türkmen halky üçin ähmiýeti örän ulydyr. Nowruz täzelenişiň, päkizeligiň, Zemin asudalygynyň nyşanyny aňladýan özboluşly baýramçylykdyr. Bu baýramyň taryhy kökleriniň müňýyllyklara uzaýşy ýaly, onda ýerine ýetirilýän däp-dessurlar hem gadymylygy bilen tapawutlanyp many-mazmuna baýdyr.
Zemine Nowruz gelip, ýyl täzelende halkymyz maýsalan bugdaýlardan semeni gaýnadyp, ýakyn-ýatlara, dost-doganlara, goňşylara paýlamak dessurlaryny amala aşyrýarlar. Bu bolsa agzybirligi, jebisligi has-da berkitmäge ýardam edýär. Ýaş oglan-gyzlar ýaz paslynyň mylaýym günlerinde hiňňildikler uçup, bu baýramyň şowhun-şatlygyny ýokary galdyrýarlar. Gelin-gyzlaryň halk döredijiliginiň iň bir naýbaşy görnüşleriniň biri bolan monjugatdyny öz döredijilik ukyplary esasynda ýerine ýetirmekleri Nowruzyň esasy mazmunyny özünde jemleýär. Şahyrlar Nowruzyň waspyny öz goşgy setirlleride giňden wasp etseler, aýdymçylar şirin mukamlaryna salyp belentden ýerine ýetirlärler.
Birleşen Milletler Guramasy 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek bilen, bu baýramçylygy halklaryň arasynda parahatçylygy pugtalandyrýan, dost-doganlyk we ynsanprwerlik ýörelgelerini şöhlelendirýän dabara hökmünde bellemäge çagyrdy.
Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Nowruz baýramy halklaryň arasynda özara düşünişmäge, birek-birege hormat goýmaga we agzybirligi berkitmäge ýardam berýär. Şoňa görä-de, bu gadymy baýramy halkymyz ýakyn goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşmak, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini ösdürmek baradaky asylly däpleri mynasyp dowam edip, agzybirlikde we jebislikde garşy alýar» diýip, halkalaryň ynsanperwer we hoşniýetli gatnaşyklarynda Halkara Nowruz baýramçylygynyň uly ähmiýete eýedigini nygtaýar. Hakykatdanam, her dürli milli tagamlar bilen bezelen saçaklaryň giňden açylmagy, birek-biregiňkä myhmançylyga gelinmegi ynsanlaryň arasyndaky mähribanlygy, hormat-sarpany artdyrýar. Ýakyn-ýat bilen dost-doganlykly gatnaşmak bolsa, biziň halkymyzyň esasy ýörelgeleriniň biridir.
Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaralar bu gadymy baýramçylygyň däpleriniň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyna, biziň mirasymyzyň bolsa, häzirki nesiller tarapyndan dowam etdirilýändigine ýene-de bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Enejan ANNAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji yyl talyby.
Rus dilini öwrenmekde türkmen-rus gumanitar gatnaşyklarynyň ähmiýeti
Bütindünýä derejesinde ählumumy parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de ata-baba ynsanperwerlik syýasatyny üstünlikli alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz durnukly ösüş depginleri bilen öňe barýar. Türkmen döwleti özüniň Bitaraplyk derejesiniň çäklerinde dünýäniň ýurtlary bilen deňhukuklylyk esasynda, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýar hem-de yzygiderli ösdürýär.
Ahalteke bedewleriniñ dünýä jemgyýetindäki orny.
Ahalteke bedewi diňe bir at däl-de, eýsem türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren janly sungat eseridir. Taryhyň dowamynda türkmen halkynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke bedewleri, diňe bir gözelligiň nusgasy däl, eýsem, Türkmenistanyň halkara giňişligindäki abraýynyň we medenýetiniň möhüm sütünidir.
TÜrkmen bedewi ― parahatçylygyň ilçisi
«Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr» diýip hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu günki eşretli Diýarymyzyda ahalteke bedewleri dünýä arenasynda abraýyna mynasyp hormat münberinde orun alýar.
DÖWREBAP MERKEZ
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň okamagy öwrenmegi döretmegi üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Talyp ýaşlarymyzyň ýokary okuw jaýlarynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan labaratoriýalarda okan zatlaryny tejribe usulda özleşdirmekleri olaryň okuw sapaklaryna bolan höwesini hasda artdyrýar.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLER
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda döwrüň talaplaryndan ugur alnyp we möhüm wakalara bagyşlanyp, her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy agzybir halkymyzyň watançylyk ruhunyň ýokarlanmagyna, her bir raýatyň Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işlere dahylly bolup, oňa öz goşandyny goşmak höwesiniň artmagyna getirýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.