GARAŞSYZLYGYŇ AÝDYŇ ÝOLY BILEN

16-09-25

Şanly hem-de şöhratly ýylymyz bolan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň dabaraly belleniljek ýyly öz ýakym-ýaraşygy bilen bagtyýarlyk paýlaýar. Hawa, bu gün Garaşsyzlygymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli diplomatiýasy, ynsanperwerlik syýasaty, parahatçylygy döretmek sungaty hökmünde dünýäde ykrar edilýär.

Parahatçylyk ýörelgesini öňe sürýän hormatly Prezidentimiziň bu syýasaty döwletiň adama, onuň bähbitlerine hyzmat edýändiginiň güwäsi bolup äleme ýaň salýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu syýasaty dünýä döwletleri üçin-de nusgalyk syýasatdyr. Müňýyllygyň ösüşiniň maksatlaryny amal etmäge gönükdirilen, dünýä döwletlerini parahatçylyga, asudalyga çagyrýan ýörelgedir. Sebitde we dünýäde howpsuzlygy, parahatçylygy goraýan syýasatdyr.

Garaşsyzlyk ösen döwletimizde bazar gatnaşyklaryna geçmäge, dünýä hojalygyna aralaşmaga mümkinçilik berdi. Munuň özi ählumumy parahatçylygy berkitmäge ýardam edýär. Sebäbi Gündogar halklarynda aýdylyşy ýaly, söwda kerweniniň jaňjagazlarynyň sesi gylyçlaryň seslerinden çasly çykýar we duşmançylygyň hem-de urşuň öňüni alýar. Bu gün döwletimizde döwletara, pudagara we aýry-aýry kärhanalaryň arasynda daşary ykdysady gatnaşyklaryň işjeň ösdürilmeginiň netijesinde mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmene ýokary depginli ykdysady ösüşleri gazanmaga mümkinçilik döretdi. Ýurdumyzda yglan edilen “Açyk gapylar” syýasatymyz ykdysady ösüşlerimiziň türkmen gudraty bolup dünýä dolmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň sanlyja ýyllaryň içinde dünýäniň ösen döwletleri bilen deňleşmegine şert döretdi. Garaşsyzlyga eýe bolmak bilen ynsanperwerlik babatda-da ägirt uly sepgitlere ýetildi.

Beýik Garaşsyzlyk taryhy ýollary gahrymançylyga beslenen gaýduwsyz hem merdana türkmen halkynyň asyrlarboýy ýüreklerde beslän arzuw-umytlarynyň, islegleriniň amala aşmagydyr, milli ruhunyň täzeden dabaralanmasydyr. Şol sebäpli-de, türkmen halkyny berkarar döwletlilige, sowulmaz döwranlylyga, ykbal çözüji özbaşdaklyga ýetiren Garaşsyzlygyň şanly senesi halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Şol senäniň özbaşdak Türkmenistan döwletiniň bagtyýar geljegine aýdyň şugla saçmagy tebigy kanunalaýykdyr. Garaşsyzlyk — türkmen ruhunyň we mertebesiniň dabaralanmasydyr. Garaşsyzlyk — halkyň bakylygydyr we bagtyýar ertirine, müňýyllyklara uzaýan ak ýoludyr. Garaşsyzlyk — halkyň millet hökmünde dünýä döwletleriniň arasynda ykrar edilmesi. Taryhyň synaglarynda başy belent bolan, geçmişi şan-şöhrata beslenen edermen türkmen halky bu gün Garaşsyzlygyň gymmatyna düşünip, oňa mukaddeslik hökmünde baş egýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halky ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygyny hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly dabara bilen belläp geçer. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň türkmen döwletiniň binýadynyň berkden tutulmagynda, Watan ykbalynyň täze belentliklere göterilmeginde, özbaşdaklygyň erkin şemalyndan rowaç alyp, gülläp ösmeginde çuňňur watansöýüjiligiň nusgasyny görkezýär hem-de ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryny, berkarar döwletlilik baradaky ynamlaryny dabaralandyrýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyz baky bagtyýarlygymyzyň girewine öwrülip, asudalygyň, parahatçylygyň girewi bolup, bu gün göwünlere ganat, ruhlara joşgun, döredijilige ylham berýär. Eziz Diýarymyzyň alyp barýan daşary syýasaty diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, goňşy halklaryň hem parahat ýaşamagy üçin edilýän oňyn başlangyçdyr.

Garaşsyzlyk Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşa ýetmegine giň ýol açdy. Parahatçylyk söýüjilik, asudalygy goramak, hoşniýetli goňşuçylyk türkmene, onuň aňyna, paýhasyna we kalbyna mahsus gymmatlykdyr.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Çemen KAKAYŞOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň mugallymy.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.