Nowruz – gözelligiň baýramy
21-03-25
Zeminiň gözelligine üýtgeşik öwüşgin çaýýan Halkara Nowruz baýramçylygy öz köküni has gadymýetden alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz müň ýyllyklaryň dowamynda “Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň ýaz”, “Ýylyň gelşi Nowruzdan bellidir” ýa-da “Nowruz gelse, buz durmaz” ýaly çuň manyly aýtgylary döredipdirler.
Nowruz türkmen halkynyň ýyl senenamasynda örän ähmiýetli orny eýelemek bilen, bu baýramçylykda gadymdan gelýän däp-dessurlar uly şatlyk-şowhuna beslenip ýerine ýetirilýär. Halkymyzyň bereketli desderhanlary milli tagamlarymyzyň ýedi dürli görnüşi bilen bezelýär. Olaryň arasynda ösümliklerden taýýarlanylýan naharlar has giň ýaýrandyr. Nowruz baýramy terbiýeçilik ähmiýeti bilen hem tapawutlanýar. Sebäbi ýerine ýetirilýän gadymy dessurlarda ýagşy niýetlere ýugrulan isleg-arzuwlar jemlenýär.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda pasyllaryň soltany bolan bahar pasly misli ýaşlyk joşguny kimin çar ýany gül-pürçege bezedi. Türkmen ýaýlalary nesip haly göllerini ýadyňa salýan al-elwan gül-gunçalara beslendi. Halkymyz gözel tebigatyň goýnunda Nowruz baýramyny ulydan toýlaýar.
Parahatçylygyň we gözelligiň baýramy hasaplanýan Nowruz baýramy umumadamzat medeniýetinde mynasyp orun aldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzyň welaýatlarynda, Arkadag şäherinde we paýtagtymyz Aşgabadyň töwereginde Nowruzyň gelmegi bilen müňlerçe düýp agaç nahallaryny ekmek işi asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan netijeli işleriň üstüni ýetirýär.
Bu günki gün mähriban halkymyz gadymdan gelýän Nowruz baýramyny agzybirlikde, jebislikde toýlaýar. Berkarar döwletimiziň dürli künjeklerinde şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem giň gerimli baýramçylyk dabaralary, sergidir ýarmarkalar guramaçylykly geçirilýär. Şeýle dabaralarda ýurdumyzyň ussat medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde güneşli ülkämizi, gözel tebigatymyzy wasp edýän joşgunly aýdymlaryň belentden ýaňlanmagy, çagalaryň gadymdan gelýän milli oýunlary oýnamagy baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýýar. Bu bolsa dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýar.
Şeýle bagtyýar durmuşyň sakasynda duran, milli mirasymyzy umumyadamzat gymmatlyklarynyň derejesine göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Oguljahan ORAZDURDYÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.
BITARAPLYK — PARAHATÇYLYGYŇ HEM-DE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ ÖZENI
Bitaraplyk ata Watanymyzyň parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk hakyndaky soňlanmajak bagt aýdymydyr. Bitaraplyk türkmen ykbalynyň, durmuşynyň gül bolup açylmagydyr. Onuň ynsan ömrüne berýän bagty, bagtyýarlygy egsilmezdir. Aziýanyň merjen şäheri, ajaýyp paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň giň we owadan köçeleriniň biri hem “Bitarap Türkmenistan şaýoly” bolup durýar.
«HEMIŞELIK BITARAPLYK PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLUDYR»
Bitarap Watynymyzyň erkinligi, asudalygy, berkararlygy we ata-babalarymyzyň arzuwlan eýýamy bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowana ýollarda uly üstünliklere beslenýär. Halkara parhatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyz dünýäniň birnäçe döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýar.
«BAR ZADYŇ SAKASY SAGLYK»
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýän Türkmenistan döwletimizde her bir günimiz uly üstünliklere beslenýär. Türkmenistanda däl, eýsem, bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýandygyny äşgär etdi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzda saglygy goraýşy kämilleşdirmek babatda özgertmeleriň aýgytly tapgyryna geçmäge badalga berdi.
«BITARAPLYK, DOGANLYK — SAÝLAN AÝDYŇ ÝOLUMYZ!»
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Seradrymyz «Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň maksady halkara hukugyň kadalaryna hem-de borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini asuda, abadan durmuşyň, döredijilikli ösüşiň bähbidine gönükdirmekden ybaratdyr» diýip belleýär.
«Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli sanly ulgam arkaly «Halkara ulag-logistiki hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.